«Talyp tölegi» hyzmaty
Bu hyzmat Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan ýurdumyzyň ähli ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyplaryň töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligidir.
«Talyp tölegi» hyzmatyny nädip ulanmaly:
ulgama girmek üçin talyp öz şahsy belgisini we açar sözüni öz okaýan okuw mekdebinden almaly;
bankymyzyň
https://halkbank.gov.tm resmi internet-sahypasynda "Onlaýn-tölegler“ bölüminiň «Talyp tölegi» sahypasyna girmeli; Ykjam telefondan girilende bolsa “MENU”-dan «Talyp tölegi» sahypasyna geçmeli.
talybyň belgisi we açar sözi girizilenden soňra, şahsy otagyň üsti bilen «Döretmek» düwmesine basmaly;
açylan penjirede tölegiň mukdaryny ýazmaly;
bank kartynyň maglumatlaryny girizmeli we «Töleg» düwmesine basmaly;
töleg ýerine ýetirilenden soňra, onuň ýagdaýy, mukdary, senesi bilen bagly maglumatlary görüp bolar.
bu hyzmat bilen geçirilen tölegiň güwanamasyny almak mümkünçiligi hem ýola goýlandyr.
Üns beriň! «Talyp tölegi» hyzmatyndan peýdalanmak üçin töleg geçirilýän kartyň hökmany ýagdaýda CVC koduny bilmeli we bank kartyna SMS hyzmaty birikdirilen bolmaly. CVC we SMS hyzmatlaryny banka ýüz tutmazdan islendik bankomatda birikdirip bolýandyr.