Köp berilýän sowallar
Görkezilen sanawdan öz sowalyňyzy tapmadyk ýagdaýyňyzda, 44-48-37, 44-49-27 telefon belgilerine jaň edip, gije-gündiz işleýän sorag-jogap gullugyna ýüz tutup bilersiňiz.
Bank kartyny almak üçin näme etmeli?
a) Bank kartyny almak üçin, raýat öz şahsyýetini tassyklaýan resminamasy (pasport, şahadatnama we ş.m.) bilen banka ýüz tutmaly;
b) Internet sahypamyzda müşderi gerekli bolan bank kartyny saýlap şahsy belgileri hem-de pasporty bilen yüz tutmaly;
ç) Bankyň degişli Müdirligine ýa-da bölümine pasporty bilen ýüz tutmaly;
Bank kartymyň PIN-koduny üç gezek ýalňyş girizdim we bank karty gabawa (bloga) düşdi. Näme etmeli?
a) Bank kartyny saklaýjy bank kartynyň PIN-koduny üç gezek ýalňyş girizip we ony gabawa (bloga) düşüren ýagdaýynda, degişli bankyň sorag-jogap gullygyna ýüz tutmaly;
b) Bank kartyny saklaýjy öz şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny (pasport, şahadatnama we ş.m) bilen bank kartyny alan bankyna ýüz tutmaly;
Bank Kartymyň PIN-koduny ýatdan çykardym. Näme etmeli?
a) Karty saklaýjy pasporty bilen kart alan bankyna ýüz tutmaly;
b) Bank kartyny saklaýjy öz şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny (pasport, şahadatnama we ş.m) bilen degişli bankyna ýüz tutmaly;
Bank kartymy ýitiremde ýa-da ol zaýalananda näme etmeli? Banka jaň etmelimi gabaw (blok) etmek üçin?
a) Bank kartyny saklaýjy bank kartyny zaýalanan ýagdaýynda öz şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny (pasport, şahadatnama we ş.m) bilen degişli bankyna ýüz tutmaly;
b) Bank kartyny saklaýjy bank kartyny ýitiren ýagdaýynda ol dessin degişli bankynyň sorag-jogap gullugyna ýüz tutup gabaw (blok) etmeli, soňra täze bank karty almak üçin degişli bankyna ýüz tutmaly;
Öz adyma iki sany Goýum bank kartyny açdyryp bilýärinmi?
Müşderi öz adyna iki Goýum kart açyp bilýär;
Maşgala kartyny atamyň ýa-da enemiň adyna açdyryp bilýärinmi? Olary açmak üçin haýsy resminamalar gerek?
Maşgala bank kartyny atasynyň ýa-da enesiniň adyna açmak üçin garyndaşlygyny tassyklaýan resminamalar esasynda banka ýüz tutup bilýärler;
Bank kartym bankomatyň içinde galdy. Näme etmeli?
Bank kartyny saklaýjy şahsyýetini tassyklaýan resminama (pasport, şahadatnama we ş.m) bilen bankomata hyzmat edýän bankyna ýüz tutmaly;
Bankomat haýsy bankyň şahamça degişli bolanlygy nädip bilmeli. Bankomatda telefon belgi barmy?
Bankomadyň ýüzünde ýazylan maglumatlardan (telefon belgiden) peýdalanyp, degişli bankyna ýüz tutmaly;
Bank kartym bilen bankomatdan nagt pul alanymda hasabymdan pul alyndy emma bankomat pul bermedi. Näme etmeli?
Bank kart saklaýjy şahsyýetini tassyklaýan resminama (pasport, şahadatnama we ş.m) bilen degişli bankyndan kartyň göçürmesini alyp, onuň bilen bankomatyň degişli bankyna ýüz tutmaly;
SMS-habar etme hyzmatyny nähili birikdirmeli?
SMS- habardar etme hyzmatyny islendik bankomatlarda birikdirip bolýar;
SMS-habarlar meniň ykjam telefonyma gelenok. Näme etmeli?
SMS-habardar etme hyzmatyny birikdirilen ykjam telefona sms-habaryň gelmedik ýagdaýynda kartyň degişli bankynyň sorag-jogap gullugyna ýüz tutmaly;
Internet-banking hyzmatyny nähili birikdirmeli?
Internet-banking hyzmatyny birikdirmek üçin Türkmenistanyň “Halkbank” PTB-nyň sorag-jogap gullugyna ýüz tutmaly;
Mobil-banking hyzmatyny nähili birikdirmeli?
Mobil-banking hyzmatyny birikdirmek üçin Türkmenistanyň “Halkbank” PTB-nyň sorag-jogap gullugyna (tel.:44-48-37) ýüz tutmaly ýa-da “Halkbank” ykjam programmasyndan peýdalanmaly;
Internet-banking hyzmatynyň açar sözüni ýatdan çykardym. Näme etmeli?
Internet-banking hyzmatynyň açar sözüni ýatdan çykaran müşderi Türkmenistanyň “Halkbank” PTB-nyň sorag-jogap gullugyna (tel.:44-48-37) ýüz tutmaly;
"Talyp tölegi“ hyzmatyndan peýdalanmak üçin näme etmeli?
Türkmenistanyň “Halkbank” PTB-nyň resmi web saýtyndan “Talyp tölegi” hyzmatyny saýlap, şahsy otagda awtorlaşma prossesini amala aşyrmaly;
Bir Goýum bank kartyndan beýleki Goýum bank kartyna onlaýn görnüşinde nähili pul geçirip bolýar?
Pul serişdeleri bir goýum bank kartyndan başga bir goýum bank kartyna islendik bankomatlar arkaly, şeýle hem Intrenet-banking we Mobil-banking hyzmatlary arkaly geçirilip bilner;
Ipoteka karzynyň bergisini we göterimini banka barmazdan töläp bolýarmy?
Ipoteka karzynyň bergisini we göterimini banka barmazdan Internet-banking we Mobil-banking hyzmatlary arkaly we islendik bankomatlardan töläp bolýar;
Ykjam telefonymyň hasabyny öýde oturan ýerimden töläp bilýärinmi?
Ykjam telefonyň hasabyny banka barmazdan “Internet-banking” we “Mobil-banking” hyzmatlary arkaly doldurmak bolýar;
Karzy almazdan ozal onlaýn görnüşinde öňünden maglumat alyp bolýarmy?
Karzy almak üçin ähli maglumatlar bankyň resmi web sahypasyndan onlaýn görnüşinde görkezilen;
Goýumlar boýunça ortaça aýlyk girdejini nähili hasaplap bilerin?
Goýum boýunça ortaça aýlyk girdeji goýumyň görnüşine görä, goýuma goýlan puluň möçberini goýumyň göterimine köpeltmek we çykan puluň möçberini 1 ýylyň (365-366) dowamyndaky gün sanyna bölmek we hasaplanylýan aýyň gününe köpeltmek arkaly hasaplanylýar. Mysal üçin: raýat Beýik galkynyş goýuma 12000 müň manat möçberde pul goýan bolsa, ol goýumyň göterimi 10 göterime köpeldilýär hem-de 365 güne bölünýär we hasaplanylýan aýyň gününe köpeldilýär, ýagny ((12000*10%):365)*30=98,63 manat.
Bankda hasaplaşyk hasabyny açmak üçin näme etmeli?
Hasaplaşyk hasabyny açmak üçin, özleriniň degişli Salgyt bölüminde fiziki şahsyň salgyt töleýji hökmünde we Pensiýada gaznasynda ätiýaçlandyrylýan hökmünde hasaba alnandan soň gerek resminamalar :
1) Patent - 1 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan, hasap açylandan soň getirmek şerti bilen);
2) Bellige alyş Şahadatnama - 1 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan);
3) Şahsy tarapyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda Şahadatnama - 1 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan);
4) Ätiýaçlandyrýan hökmünde hasaba alnandygy hakynda Şahadatnama (Pensiýa gaznasyndan berilen) - 1 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan);
5) Pasportyň nusgasy - 1 sany;
6) Gollaryň nusgalary we möhüriň yzy goýulan KARTOÇKA - 2 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan);
7) Hasaplaşyk hasap açmak üçin arza (hasap açmak üçin töleg nyrhnama esasynda).
Telekeçi bank kartyny açmak üçin näme etmeli?
Müşderiler Telekeçi bank kartyny açmak üçin pasport we patent esasynda ýüz tutup bilýärler;
"Halkbank“ PTB-nyň e-commerce hyzmatyny peýdalanmak üçin näme etmeli?
Türkmenistanyň “Halkbank” PTB-nyň “e-commers” hyzmatyny açmak üçin, bankyň web-saýtynda zerur bolan maglumat PDF görnüşinde alnyp bilner;
Bankda hasaplaşyk hasabyny açmak üçin näme etmeli?
Hasaplaşyk hasabyny açmak üçin degişli edaralarda hasaba goýulandan soňra gerek bolan resminamalar:
1) Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi - 1 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan);
2) Tertipnama -1 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan);
3) Döwlet salgyt gullugynda hasaba goýlandygy hakynda şahadatnama - 1 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan);
4) Döwlet tarapyndan hasaba almak hem-de ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnama - 1 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan);
5) Gollaryň nusgalary we möhüriň yzy goýulan KARTOÇKA - 2 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan);
6) Ätiýaçlandyrýan hökminde hasaba alnandygy hakynda Şahadatnama (Pensiýa gaznasyndan berilen) -1 nusga (notarius tarapyndan tassyklanylan);
7) Esaslandyryjylaryň pasport nusgalary - 1 nusgadan;
8) Kärhananyň esaslandyrylandygy hakynda resminamanyň nusgasy (esaslandyryjynyň ýygnagynyň teswirnamasynyň nusgasy, esaslandyryş şertnamasynyň nusgasy);
9) Hasaplaşyk hasap açmak üçin arza (hasap açmak üçin töleg nyrhnama esasynda);
10) Buýruk direktoryň we baş buhgalteriň bellenendigi barada (pasport nusgalary goşmak bilen).
Hasaplaşyk hasaby boýunça göçürmäni almak üçin näme etmeli?
Hasaplaşyk hasaby boýunça gündeki göçürmäni öz hyzmat edýän bankyňdan alyp bolýar;
Müşderiniň arzasy esasynda elektron poçtasy bilen ibermek bolýar;
Müşderiniň arzasy esasynda menzilara bank hyzmatyny birikdirmek bolýar;
Başga nähili hasaplary açyp bolýar?
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hasaplaryň başga görnüşleri açylýar. Mysal üçin: möhletli hasaplar, özara algy-bergiler boýunça hasaplar, karz hasaplar we beýleki borçlara degişli hasaplar;
Bankda ýuridiki taraplar depozit ýerleşdirip bilýärlermi?
Ýuridiki taraplar bankda depozit ýerleşdirip bilýärler;
Hasaby açmak ýa-da ýapmak üçin näçe wagt gerek?
Zerur bolan resminamalar bilen üpjün edilen ýagdaýynda hasaby bir bank günüň dowamynda açyp ýa-da ýapyp bolýar;