Hususy telekeçiler üçin hasaplaşyk-kassa amallary
Edara görnüşli tarapy döretmeýän hususy telekeçilere üçin hojalyk-täjirçilik işlerini ýöretmek we pul serişdelerini toplamak üçin Türkmenistanyň “Halkbank“ PTB-ynda aşakdaky görnüşdäki bank hyzmatlary hödürlenilýär:
Hasaplaşyk hasaplaryny açmak
Nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak
Telekeçi kartlaryny doldurmak
Hasaplaryň beýleki görnüşlerini açmak
Hasaplaşyk hasaplary boýunça göçürmeleri bermek
Özara hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin amallary geçirmek
Müşderiniň ýüztutmasy esasynda töleg tabşyryklaryny resmileşdirip bermek
Geleşikleriň pasportlaryny resmileşdirmek
Edara görnüşli tarapy döretmeýän hususy telekeçä üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy
- 1. Pasport
- 2. Hasap açmak üçin arza
- 3. Döwlet bellige alnyşy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy
- 4. Rugsatnamanyň (patentiň) nusgasy
- 5. Ýerden peýdalanmaga hukuk berýän resminamanyň nusgasy (ýerden peýdalanmak bilen bagly iş amala aşyrylanda)
- 6. Кartoçka
- 7. Salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň göçürme nusgasy
* Zerur bolan ýagdaýda bank goşmaça resminamalary talap edip biler