close-icon
Kartlar
Bank – Hemişe eliňiziň aýasynda!
photo
photo
Aýlyk karty
Müşderiniň aýlygy geçirilýän bank karty. Bank bilen kärhananyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda açylýar. Bu kart töleg terminallarda nagt däl töleg geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň çägindäki bankomatlardan nagt pul serişdelerini almak üçin hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär.
photo
Goýum bank karty
Müşderiniň kart goýum hasabyna nagt pul serişdeleri möhletsiz banka kabul edilýär. Kart goýumuň göterim derejesi ýyllyk 0% möçberinde kesgitlenip, kart goýumyna goşmaça möçberde nagt pul serişdesini kabul edilmegi göz öňünde tutulan. Goýumdan bölekleýin pul serişdeleri, şeýle hem her aýdaky hasaplanylýan göterimleri almaga rugsat berilýär. Müşderi “Goýum bank karty” bilen nagt däl hasaplaşyklary geçirýär, şeýle-de bankomatlardan nagt pul serişdelerini alyp bilýär. Islendik wagty Müşderi arzasy esasynda goýum hasabyndaky pul serişdelerini nagt gornüşinde alyp bilýär.
photo
Karz karty
Müşderiniň bankymyzdan alan karz pul serişdeleri “Karz kartyna“ geçirilýär . Müşderi "Karz karty“ bilen ähli nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrýar.
photo
Maşgala karty
Müşderiniň maşgala agzalaryna niýetlenip müşderiniň Altyr Asyr bank karty bolan aýlyk kartyna birikdirilýär. Müşderiniň “Maşgala” bank kartyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini öz başdak kesgitläp bilýär. Müşderi “Maşgala” karty bilen ähli nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrýar, şeýle-de bellenen çägiň içinde bankomatlardan nagt pul serişdelerini alyp bilýär.
photo
Telekeçi karty
Ýurdumyzyň telekeçileri üçin niyetlenen bank karty.
photo
"Sanly-kart"
“Sanly kart” – bu NFC we QR-kod tehnologiýalaryny ulanyp, galtaşyksyz töleg amallaryny geçirýän funksiýany hödürleýär. Telefonyňyzda NFC ýok bolsa, munuň üçin programma çaltjak tölegi amala aşyrmak üçin kartyňyzy QR-kod hökmünde işe girizýär.
photo
MÖHLETLI goýum bank karty
Müşderiniň “TALAP EDILÝÄNÇÄ goýum bank karty” atly kart goýum hasabyna nagt pul serişdeleri möhletsiz banka kabul edilýär. Kart goýumyň göterim derejesi ýyllyk 0% möçberinde kesgitlenip, kart goýumyna goşmaça möçberde nagt pul serişdeleriniň kabul edilmegi göz öňünde tutulan. Kart goýum hasabyndan bölekleýin we dolulygyna pul serişdeleri almaga rugsat berilýär. Müşderi “Goýum bank karty” bilen nagt däl hasaplaşyklary geçirýär, şeýle-de bankomatlardan nagt pul serişdelerini alyp bilýär. Islendik wagty Müşderiniň arzasy esasynda kart goýum hasabyndaky pul serişdelerini nagt görnüşinde alyp bilýär. Bankyň müşderisi kart goýum hasabyndan bank kartyna göterimleri geçirip ulanmak islese, “MÖHLETLI goýum bank karty” atly kart goýum hasabyny açyp bilýär. “MÖHLETLI goýum bank karty” atly kart goýumy boýunça süýşürintgiler serişdeleriniň saklanylmaly möhleti, şertnamanyň baglaşylan gününden başlap 1 (bir) ýyl möhlet bilen ýyllyk göterim derejesi 5% möçberinde kesgitleniýär. “MÖHLETLI goýum bank karty” atly kart goýum hasabyna pul serişdeleri 2000 (iki müň) manatdan az bolmadyk möçberde nagt görnüşinde kabul edilýär. Şertnamanyň dowam edýän döwründe “MÖHLETLI goýum bank karty” atly kart goýum hasabyndan bölekleýin pul serişdelerini almazlyk, ýagny şertnamada görkezilen möhletde goýum möçberiniň üýtgewsiz bolmagy möhletli goýumyň esasy şertleriniň biridir. Şol bir goýumça “MÖHLETLI goýum bank karty” atly birnäçe kart goýum hasaplaryny açmaklyga ýol berilýär.
Howpsuzlyk düzgünleri