“Mobil-banking” – bu siziň hasaplaryňyzy oňaýly we döwrebap dolandyrmak üçin niýetlenen hyzmatdyr. Mobile banking arkaly Siz islendik wagtda Bankda öz hasabyňyzdaky galyndy serişdeleri barlamak, karzlary üzmek, mobil we öý telefonlaryňyzyň hasabyny doldurmak, IP teleýaýlymynyň we Internet ulgamynyň töleglerini tölemek, şeýle hem, öz hasaplaryňyz boýunça geçen amallaryň taryhyna seretmek ýaly birnäçe hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz.
"Mobil-banking" hyzmatyny birikdirmek örän ýeňildir – onuň üçin Internetde http://www.halkbank.gov.tm saýtyndan Android ýa-da IOS goşundylaryny mugt alyp, mobil telefonlaryňyzda gurnamaly.
BAL 9934%XXXX (XXXX – kartyňyzyň soňky belgileri) +0701 belgä SMS goýberip, balansyňyzy görüp bilersiňiz! BLOCK 9934%XXXX +0701 belgä SMS goýberip, kartyňyzy blokirläp bilersiňiz! Kartyňyzy blokdan açmak üçin Internet bankdan we Mobil bankdan peýdalanmaly ýa-da banka ýüz tutmaly.
Açar sözini dikeltmegiň gollanmasy
Türkmenistanyň banklarynyň “Mobile banking” programma üpjünçilikleri:
Türkmenistanyñ "Halkbank" paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky