Döwrebap hyzmaty Internet-Banking
Mähriban raýatlar!
Dürli tölegleri geçireniňizde wagt tygşytlasyňyz gelýärmi? Belki, öýde oturan ýeriňizde bank karty arkaly töleg geçirmegi isleýänsiňiz? Eger şeýle bolsa, Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Internet-banking» hyzmatyndan peýdalanyp bilersiňiz.
Bu hyzmat hepdäniň ähli gününde, günüň hem islendik wagtynda elýeterlidir.
«Internet-banking» hyzmatynyň nähili mümkinçilikleri bar?
Kart hasabyndaky galyndyny barlamak;
Karzyň esasy bergisini gaýtarmak hem-de onuň hasaplanan göterimlerini tölemek;
Ykjam we öý telefonlaryň hasabyny doldurmak;
IP teleýaýlymlarynyň we Internet ulgamynyň töleglerini geçirmek;
Hasaplar boýunça bolup geçen amallaryň taryhyny görmek.
Bu hyzmatdan nähili peýdalanmaly?
Ilki bilen Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň «www.halkbank.gov.tm» web-saýtyna girip, «Internet-banking» düwmesine basyň;
Soňra açylan sahypada "Hasaba almak" düwmesine basyň, pasport we bank kartynyň maglumatlaryny giriziň we ulgamda özbaşdak hasaba duruň;
Ykjam telefonyňyza iberilen şahsy belgiňizi we açarsözüňizi girizip, bu hyzmatdan peýdalanyň.
Goşmaça maglumat üçin (+99312) 44-49-27, 44-48-37 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.
«Halkbank»
Bankyň esasy gymmatlygy müşderilerdir!