close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.03.2020

2020-nji ýylyň 6-njy martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere seredildi.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow göni sanly wideoaragatnaşyga çagyryldy. Wise-premýer 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Şol görkezijiler halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini görkezýär.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim ýokarlandy.

Ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,3 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 3,8 göterim artdy.

Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 3,2 milliard manat, çykdajy bölegi bolsa 2,6 milliard manat möçberinde ýerine ýetirildi.

Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk zähmet haky 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.

Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli desgalaryň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni toplumda işleri has netijeli guramagyň zerurdygyna çekdi.

Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegini işjeňleşdirmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. Hormatly Prezidentimiz döwlet edaralaryny sanly ulgama geçirmek işini çaltlandyrmagyň zerurlygy barada aýdyp, döwlet hyzmatlaryny elektron görnüşine geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere mejlisiň jemleri boýunça giňişleýin maslahat geçirmegi, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň ösüş depginini saklamak boýunça çäreleriň toplumyny kesgitlemegi hem-de bu mesele boýunça hasabat bermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasynyň 110,2 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 105,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 106,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 104,9 göterim, maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasynyň 152,5 göterim ýerine ýetirilendigi barada habar berildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 119,5 göterime, tebigy we ugurdaş gaz çykarmagyň ösüş depgini 104,9 göterime, «mawy ýangyjyň» eksportynyň ösüş depgini 102,1 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä iş tejribesinde umumy kabul edilen kadalaryň, häzirki zaman halkara ölçegleriniň esasynda nebitgaz pudagynyň dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň işini seljermegi hem-de önümçilik-ykdysady görkezijilerini yzygiderli artdyrmak üçin bar bolan ätiýaçlyklary ýüze çykarmak hem-de peýdalanmak barada zerur çäreleri görmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatynyň we çig mal binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyna, öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna hem-de şonuň esasynda ýangyjyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän mukdarynyň artdyrylmagyna, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän nebit we gazhimiýa önümleriniň çykarylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän gurluşyk-senagat we energetika toplumlarynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň şu ýylyň iki aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýanwar-fewral aýlarynda gurluşyk we senagat toplumynda öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 131,3 göterime deň boldy we meýilnama 122,7 göterim ýerine ýetirildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 102,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 102,6 göterime barabar boldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 110,5 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 109,7 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 139,7 göterim ýerine ýetirildi we 124,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 117,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 170 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda dürli binalary ulanmaga bermek boýunça örän köpsanly çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şolaryň hatarynda energetika pudagyna degişli desgalaryň hem bardygyny belläp, iri taslamalaryň birnäçesini çalt ýerine ýetirmegiň, ilkinji nobatda bolsa, ýurduň içinde halkalaýyn energiýa ulgamynyň we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan elektrik geçirijisiniň, şeýle hem birnäçe durmuş we senagat maksatly desgalaryň gurluşygyny tamamlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýdyp, bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda bolsa, döwrebap tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreleri görmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda 2020-nji ýylyň ilkinji iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 8,7 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim ýokarlandy.

Bu görkeziji «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde 22,6 göterime deň boldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe birža söwdalarynyň 42-si geçirilip, 5 müňden gowrak şertnama baglaşyldy, şolaryň köpüsi eksport-import amallary boýunça baglaşyldy.

Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 64,9 göterim artdy, girdeji 96,7 göterim köpeldi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişi 11 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 2,1 esse artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da artdyrmaga, telekeçileri Diýarymyzy senagatlaşdyrmak işine çekmegiň hasabyna senagaty ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz import we eksport ugurly pudaklaryň önümçilik binýadyny giňeltmek boýunça bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň hem-de bazar ykdysadyýetiniň gurallaryny işjeň ulanmagyň, şol sanda döwletiň eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň, paýdarlar jemgyýetlerini we bilelikdäki kärhanalary döretmegiň möhümdigini belledi.

Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň söwda toplumyny, dokma senagatyny sanly ulgama geçirmegiň zerurdygyny aýtdy, munuň şol ulgamlaryň işini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de işgärleriň zähmet öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Şeýle hem wise-premýere syýahatçylyk ulgamynyň işini güýçlendirmek hem-de döwrebap ýola goýmak barada anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda ýanwar-fewral aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, degişli döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň çäklerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça yzygiderli işleriň geçirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, Bilim ministrliginiň ýanynda Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň 30 görnüşiniň neşir edilendigi habar berildi.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary halkara ders we taslama, şeýle hem internet-olimpiadalarynda üstünlikli çykyş edip, degişlilikde dürli derejedäki medallara mynasyp boldular.

Hasabat döwründe Bilim ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň we Ilat gaznasynyň arasynda Iş meýilnamalaryna gol çekildi. Ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işleriň 346-sy ýerine ýetirildi.

Saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullaryny lukmançylyga ornaşdyrmak işleri dowam etdirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin milli maksatnama hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň we Ilat gaznasynyň arasynda 2020-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryna, şeýle hem ministrlik bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň arasynda 2020 — 2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekildi.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 115 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdeji 110 göterim, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji 109 göterim artdy.

Ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 14-si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 12-si geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgama geçmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň dünýäde örän çalt depginde alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu ugurda biziň ýaşlarymyzyň hem gowy taýýarlykly bolmalydygyny belledi.

Biziň guran hem-de geljekde gurjak zawodlarymyz we kärhanalarymyz, ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek işleri tejribeli, öz işine ökde hünärmenleri talap edýär. Şoňa görä-de, ýokary okuw mekdeplerinde, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda mugallymlaryň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmek boýunça hemişe zerur işleri alyp barmalydyr diýip, milli Liderimiz wise-premýere bu ugurdan gowy netije gazanan beýleki döwletleriň tejribesini ulanmak boýunça iş geçirmegi hem-de degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň iki aýynda ulag we kommunikasiýa ulgamynyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. «Hyundai AII New Super Aero City» kysymly awtobuslary satyn almak boýunça geçirilýän işler barada hem habar berildi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, geçen döwürde gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan önümçilik meýilnamasy 115,5 göterim ýerine ýetirilip, 118,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Şol sanda «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini — 123,3 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça — 119,6 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça — 116,6 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça — 186,8 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça — 110,9 göterime barabar boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda meýilnama 113,7 göterim, ýolagçy gatnatmakda meýilnama 100,6 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, toplumda şu ýylyň geçen iki aýynda bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilendigine garamazdan, çözülmeli meselelere üns bermegiň zerurdygyny belledi. Şol meseleler demir ýollaryň durkuny täzelemekden, howa menzilleriniň gurluşygyndan, elektron hyzmatlaryny ornaşdyrmakdan, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz bu ugurda işleri seljerip, bar bolan meseleleri çözmek üçin zerur çäreleri görmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz «Hyundai AII New Super Aero City» kysymly awtobuslary satyn almak hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de Kararda bellenilen düzgünleri ýerine ýetirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň barşynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda ýurdumyzda dürli medeni çäreleriň, sergileriň, duşuşyklaryň, döredijilik bäsleşikleriniň, wagyz-nesihat çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň guralyp, Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp barlandygy barada aýdyldy.

Ýanwar aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk köpçüliginiň arasynda saklanyp galan däp-dessurlary, pähimleri hem-de beýleki gymmatly maglumatlary toplamak, şolary düýpli öwrenmek we ýygnanan maglumatlar esasynda ylmy işleri ýazmak hem-de halkymyza ýetirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Medeniýet ministrliginiň we Ylymlar akademiýasynyň hünärmenlerinden ybarat toparyň agzalarynyň Diýarymyzyň welaýatlaryna iş saparlary guraldy.

Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 65 görnüşi çap edilip, meýilnama 110,3 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn düzümleri yzygiderli kämilleşdirmegiň we olaryň işini döwrebaplaşdyrmagyň, sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň möhümdigini belläp, bu ugurda işleri döwrebap derejede guramak üçin degişli teklipleri taýýarlamak barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Abdyýewa, P.Agamyradowa we B.Öwezowa sanly ulgama geçmek syýasatynyň maksatlaryny, täze tehnologiýalary ulanmagyň artykmaçlygyny ilatyň arasynda, aýratyn-da, oba ýerlerinde düşündirmek boýunça çäreleri işjeňleşdirmek babatda tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi we ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Tutuş oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,9 göterime deň boldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 117,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça — 130,2 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça — 103,6 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 120,2 göterim ýerine ýetirildi.

Şu günler gallaçylar tarapyndan welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, kärendeçiler ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlyk görýärler.

Hasabatyň çäklerinde daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, Diýarymyzda agaç nahallaryny ekmek hem-de tokaý zolaklaryny giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna obasenagat toplumyny mundan buýana-da depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, ýerlerde alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyny ösdürmäge köp möçberde serişdeleriň gönükdirilýändigini nygtady. Iň häzirki zaman traktorlary we beýleki oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Daýhanlar tohum we dökün bilen doly üpjün edilýär. Täze şäherçeler we obalar gurulýar. Bir söz bilen aýdylanda, oba zähmetkeşleri barada döwletimiz uly alada edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ilatymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin ähli şertlerden netijeli peýdalanyp, bu ugurda düýpli özgerişlikleri gazanmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz bu meseleleriň üstünde içgin işlemek, oba hojalygynda işleriň ýagdaýyny düýpli seljermek, bu ugurdaky işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi hem-de soňra degişli hasabat bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda» hem-de «Bugdaý we şaly ýygýan kombaýnlar, sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini hem-de ýük awtoulaglarynyň we traktorlaryň tigirlerini satyn almak hakynda» Kararlara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we olary ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri hukuk taýdan goldamak boýunça şu ýylyň başyndan bäri milli parlamentiň alyp baran işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz kanun çykaryjylyk işiniň giň gerimli döwlet maksatnamalary durmuşa geçirmegiň esasy serişdesidigini hem-de halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, raýat edaralarynyň pugtalandyrylmagyna we jemgyýetde demokratik gymmatlyklaryň berkarar bolmagyna ýardam berýändigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowy çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde-de ygtybarly ösüşi we durnuklylygy saklamagyň möhüm ýagdaýy bolan hemişelik Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarlydygyny belledi.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina hem şoňa gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şolaryň ýurdumyzyň depginli ösüşine şaýatlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümiň görkezijisi 6,3 göterim möçberde saklanyp galýar. Bu ösüş depgini oba hojalygynda 3,1 göterim boldy. Söwda ulgamy 11,1 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagy 10 göterim ösdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam edýär. Şolaryň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr. Gurluşyk işleriniň umumy bahasynyň 16 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberini Türkmenistanyň gurluşyk-gurnama edaralarynyň ýerine ýetirýändigi bizi aýratyn guwandyrýar.

Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanylan ösüş depginini bir durkunda saklap galmak biziň üçin örän möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ähli orunbasarlary, aýratyn-da, welaýatlara jogapkär edilip bellenen orunbasarlary, häkimler bilen bilelikde geçirilýän özgertmeleri, öz pudaklarynda alnyp barylýan gurluşyklary, hususan-da, eziz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek binalary, ilaty ýaşaýyş jaýlary, arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamalydyr.

Umuman, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ähli meseleleri ünsden düşürmeli däl diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi dowam edip, 21-nji martda Türkmenistanda ekologiýa çäresiniň — ählihalk bag ekmek dabarasynyň, 22-nji martda bolsa Milli bahar baýramy mynasybetli ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde baýramçylyk dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi.

Ýekşenbe güni ajaýyp baýram — Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy giňden bellenilip geçiler. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, mähriban enelerimizi, ähli gelin-gyzlarymyzy ýetip gelen ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz köp çagaly enelerimize «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky» Permana gol çekip, ähli zenanlary baýramçylyk bilen gutlamagy hem-de olara mynasyp bolan sylaglaryny hem-de sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň ýekşenbe gününe gabat gelýändigi bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kanunçylygymyza laýyklykda 8-nji martdaky dynç gününi 9-njy marta, ýagny duşenbe gününe geçirmek baradaky Permana hem gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.