close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
03.03.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şolaryň hatarynda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işlerini yzygiderli kämilleşdirmek wezipeleri bar.

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz senagatynda täze taslamalary durmuşa geçirmek işleriniň ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň esasynda ösdürilmelidigini, şu ugurda ylmy açyşlaryň işjeňleşdirilmelidigini belläp, bu babatda degişli düzümleriň tagallalarynyň birleşdirilmelidigine hem-de işleriniň utgaşdyrylmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi toplumyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejedäki ösüşini şertlendirer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen Ý.Kakaýewiň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek, täze nebitgaz känlerini gözlemek hem-de özleşdirmek işlerini ylmy esasda alyp barmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde nebitgaz toplumy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, pudagyň ähli düzümlerine täzeçil usullary, döwrebap tejribeleri, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň we bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň esasynda türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna köpugurly esasda çykarmak wezipelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň hem ylmy esasda ösdürilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde bu ugry ylmy esasda ösdürmek işleriniň has-da işjeňleşdirilmegi babatda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek hem-de nebitgaz senagatynyň gaýtadan işleýän toplumyny ylmy esasda ösdürmek meselelerine ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz munuň özi önümçilik kuwwatlyklarynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda, pudagyň köpugurly esasda ösdürilmeginde, şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, şu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Ý.Kakaýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde şu ýylyň 24-25-nji fewralynda geçirilen “TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” atly halkara maslahatynyň hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynyň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň dowamynda Baku şäherinde geçirilen “Günorta gaz geçelgesiniň” ministrler derejesindäki konsultatiw geňeşiniň 6-njy duşuşygynyň netijeleri baradaky maglumat berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Dubaý şäherinde geçirilen forumyň dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynda we bu ugra degişli maliýe düzümlerinde uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, forum döwletimiziň dünýä giňişliginde alyp barýan ykdysady diplomatiýasynyň ýörelgelerini hem-de ählumumy energetika howpsuzlygy ýaly örän möhüm ulgamda köptaraply deňhukukly gatnaşyklara taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Halkara forumyna dünýäniň 42 ýurdundan öňdebaryjy kompaniýalaryň 113-sinden ýokary wezipeli wekilleriň üç ýüzden gowragy gatnaşdy. Hususan-da, türkmen bilermenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň geljekki mümkinçilikleri we bähbitleri barada hem-de ýurdumyzdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaýa we degişli kanunçylyk binýada esaslanan ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, halkara forumynyň dowamynda BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasy ýaly dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalary hem-de bu ugurda abraýly halkara düzümleri bilen alnyp barylýan işleri ýokary derejede dowam etmegiň we gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny ösdürmegiň meselelerini işjeňleşdirmek boýunça anyk ylalaşyklar gazanyldy.

Şeýle hem Ý.Kakaýew Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen “Günorta gaz geçelgesiniň” ministrler derejesindäki konsultatiw geňeşiniň nobatdaky duşuşygynda garalan meseleler, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi hem-de öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň bolandygyny habar berdi. Mundan başga-da, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri hem-de geljekde bellenilen wezipeleri çözmegiň esasy ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika ulgamynda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek maksady bilen, toplumyň düzümleriniň işini kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýän halkara derejesindäki maslahatlary yzygiderli guramagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli düzümler bilen bilelikde bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilen teklipleriň taýýarlanylmagynyň wajypdygyny belläp, nebitgaz senagatynda täze taslamalary amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyna ünsi çekdi we şu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaý şäherinde halkara maslahat bilen bilelikde, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildiren kompaniýalar bilen gepleşikleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmäge gatnaşmak mümkinçiliginiň daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça bar bolan mümkinçilikleriň guralýan halkara maslahatlarynda, işewürlik forumlarynda doly açylyp görkezilmelidigini belledi. Ykdysady taýdan bähbitli taslamalar, şol sanda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak teklip edilmelidir, ykdysady taýdan maksadalaýyklylygy boýunça şolary tapgyrlara bölmek zerur bolup durýar diýip, milli Lederimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, täze gaz ýataklaryny gözlemek, hereket edýän känlerden çykarylýan ýangyjyň mukdaryny artdyrmak, ýurdumyzyň gaz geçirijileriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň gazhimiýa pudagynyň ösüşini çaltlandyrmak, gaz känleriniň önüm berijiligini artdyrmak, maýa goýum taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça guralýan halkara çäreleri barada aýdyldy.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde pudagyň düzümlerine häzirki zaman tejribelerini, täzeçil usullary ornaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak wezipeleriniň durýandygyny belläp, şol işleriň bu ugruň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, gazhimiýa senagatyny ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, çykarylýan önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek möhüm wezipe bolup durýar. Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, gazhimiýa senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine uly ähmiýet berilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagyň önümçilik düzümleriniň işini kämilleşdirmek bilen bir hatarda, onuň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belläp, şu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Gyýanlyda we Garabogazda gurlan gazhimiýa toplumlarynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň işini has-da giňeltmek, bu kärhanalaryň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak häzirki günüň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Soňra milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzy 2020-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeleriň kesgitlenilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, toplumyň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we sanlaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny giňden beýan etmegiň we umuman, bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyny belläp, TOPH gaz geçirijisiniň sebitiň ýurtlarynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde hem-de ykdysady durnuklylygyň pugtalandyrylmagynda eýeleýän oňyn orny barada giň jemgyýetçiligiň habardar edilmelidigini aýtdy.

Hususan-da, milli Liderimiz nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümlerini giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Bu babatda tebigy gazy gaýtadan işlemek we önümleriň täze görnüşlerini çykarmak biziň üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň energetika strategiýamyzyň energiýa geçirijileriň köp görnüşli we giň gerimli bolmagyna, halkara energetika işlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň barha köpsanlysynyň çekilmegine esaslanýandygyny nygtady.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, gürrüň geoykdysadyýetdäki meýiller barada gidýär, şunda diwersifikasiýalaşdyrmak, energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli ugurlarynyň bolmagy, tutuş dünýäde energetika howpsuzlygynyň, dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynyň durnuklylygynyň baş şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny, onuň gowy netijeleri berýändigini belläp, nebitgaz toplumynyň önümlerini ýerlemek boýunça bazary öwrenmek üçin hem-de bu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny pugtalandyrmak maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowy we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewi Marokko Patyşalygyna iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň dürli ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Marokkonyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleriniň wajyp ugurdygyny belläp, Marokko Patyşalygyna gulluk iş saparyna gidýän wekiliýete ýolbaşçylyk etmegi wise-premýer, daşary işler ministr R.Meredowa tabşyrdy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna gulluk iş saparynyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem milli Liderimiz Marokkonyň Patyşasyna halkara derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz bu gün dünýä giňişliginde kuwwatly energetika döwleti hökmünde tanalýan Türkmenistanyň çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegi, şu ugra ýokary tehnologiýalary, ylmyň täze gazananlaryny çekmegi esasy ugur edinýändigini ýene bir gezek nygtap, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatynda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny köpugurly esasda ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň wajypdygyny belledi hem-de ýolbaşçylara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.