Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen maslahat geçirdi.
Maslahata Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, bilim ministri, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz duşuşygy açyp, şu gün ýaşlaryň işi, durmuşy, okuwy we dynç alşy bilen bagly meselelere garaljakdygyny belledi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa Mejlisiň deputatlarynyň döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmagyň, aýratyn-da, ýaşlar syýasatyny işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýan kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada milli Liderimize habar berdi.
Ýaşlaryň ýüzýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegi, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş raýatlaryň aýratyn alada bilen gurşalyp alnandygyny bellemeli.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda zenanlaryň, aýratyn-da ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredildi. Şoňa laýyklykda, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň, şol sanda zenanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilim almagy, dynç alşy üçin ähli zerur şertler döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň Mejlisiň deputatlary bilen bolan duşuşykda eden maksatnamalaýyn çykyşynda öňde goýlan wezipeleriň özeninde raýatlarymyzyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini goldamak, ilatyň abadan durmuşynyň ýokarlandyrylmagy üçin şertleri döretmek hakyndaky beýik aladalar bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, häzirki wagtda uly ähmiýete eýe bolan ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine ägirt uly goşandygynyň bardygyny belledi. Demokratik döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen birlikde, deputatlaryň ýaşlaryň arasynda geçirilýän işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagy zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň baý medeni mirasyny saklamak, dikeltmek, öwrenmek we artdyrmak, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, ýokary ahlak bilimli, watansöýüji ýaş nesilleri üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylmalydyr.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlar telekeçiliginiň hukuk ýagdaýyny we netijeli işlemegini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmek üçin höweslendiriş ulgamyny ösdürmek hem-de bu çäreleriň durmuşa geçirilişine parlament gözegçiligini has-da güýçlendirmek meseleleri zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa söz berdi.
Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we medeniýet ulgamynyň işgärleriniň döredijilik hem-de hünär taýdan ösmegi üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, döwrüň talaplaryny we jemgyýetiň ruhy ýörelgelerini nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilýändigi barada hasabat berdi.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda meýilleşdirilen köpçülikleýin medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, ägirt uly işler, şol sanda telegepleşikleri, teatr repertuarlaryny giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň gymmatlyklarynyň üstüni doldurmak hem-de dürli çeper sergileri guramak boýunça uly işleri geçirmegiň meýilleşdirilendigi bellenildi. Täze döredilýän eserlerde, guralýan edebi-sazly çykyşlarda nesil terbiýesine möhüm orun berilýär.
Wise-premýer medeniýet işgärleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň şanly seneleri hem-de baýramçylyk dabaralary, ilkinji nobatda, Watanymyzyň Bitaraplygynyň we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň dabaralary mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talap edişi ýaly, gyzykly tele we radiogepleşikleri taýýarlajakdyklaryna, täze sahna eserleriniň goýuljakdygyna, merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze aýdym-sazlaryň dörediljekdigine, ýaş zehinleriň ýüze çykaryljakdygyna ynandyrdy.
Eziz Diýarymyzyň ösüp barýan ýaş nesillerini halkymyzyň ýagşy dessurlary, muzeýlerde saklanylýan milli gymmatlyklar bilen giňden tanyşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini, milli mirasymyzy wagyz etmek, ösüp barýan ýaş nesillerde taryhy we medeni mirasymyza bolan söýgüni ösdürmek, şeýle hem olaryň daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşmek endiklerini terbiýelemek ugrunda maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Munuň özi ösen we kämil şahsyýeti kemala getirmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyz medeniýet edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde ýetilen belent sepgitleri, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda gazanylan üstünlikleri, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini giňden ýaýmak meseleleriniň aýratyn möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, medeniýet hem-de döredijilik işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetimizde täze üstünlikleri gazanmakda ruhlandyryjy we ýaşlary milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemekde esasy güýç bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň düýp mazmuny halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýaşlara sagdyn durmuş kadalaryny ündemek, belent ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, milli medeniýetimizi ösdürmek bilen bagly işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.
Milli medeniýetimiz bilen bagly halkymyzyň asyrlarboýy gazananlaryny wagyz etmek, ýaşlarymyza gadymy rowaýatlary, şahyrlarymyzyň eserlerini, nusgawy aýdym-sazlary, beýleki medeni gymmatlyklarymyzy ýetirmek boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylmagy öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda milletiň ýeten derejesini, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny wagyz etmek işleriniň güýçlendirilmelidigini belläp, ýaşlary muzeýlere, kitaphanalara, teatrlara, kinoteatrlara we beýleki köpçülikleýin ýerlere, geçirilýän sergilere, beýleki çärelere işjeň çekmek meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bedenterbiýäni we sporty mahabatlandyrmak meselelerine aýratyn üns bermelidir.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň bilim ministri M.Geldinyýazow häzirki döwürde milli Liderimiziň döredijilikli başlangyjy esasynda ylymly-bilimli, sagdyn, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge ukyply nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýändigi barada hasabat berdi.
Ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralarynda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesilleriň bilimli, hünär derejesiniň ýokary bolmagy bilen bir hatarda, olaryň asyrlaryň dowamynda döredilen milli gymmatlyklara, halkymyzyň däp-dessurlaryna wepaly bolup ýetişmeklerine möhüm üns berilýär.
Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw maksatnamalary milli ýörelgelere laýyklykda kämilleşdirilýär. Şu babatda, täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, kämil tehnikalardan, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala getirilmeginiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi.
Ýurdumyzda döwrebap tehnologiýalar hem-de sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki bilim edaralarynyň yzygiderli gurulýandygyny, şeýlelikde, ýaşlaryň dünýä ylmyna düýpli aralaşmagyny üpjün etmek, olary şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine ygrarly esasda terbiýelemek işleri döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.
Milli Liderimiz ýaşlary takyk bilimlere ugrukdyrmak, dünýäniň ösen innowasion tejribelerini, halkara standartlaryny, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak arkaly orta we ýokary bilim edaralaryny halkara derejesine çykarmak boýunça wezipeleri çözmek maksady bilen, «Bilim hakyndaky» Kanuna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz mugallymlaryň ýaşlara bilim we terbiýe bermek ukyplaryna bildirilýän talaplary güýçlendirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz mugallymyň ýaşlar üçin görelde bolmagyny gazanmagyň wajypdygyny aýtdy.
Soňra Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalaryň, gazanylýan uly üstünlikleriň halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak, maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň saglygy, zähmet çekmekleri we dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlaryň, aýratyn-da, zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagyna, ukyp-başarnyklaryny görkezmegine uly üns berilýär.
Zenanlar birleşiginiň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tekliplerinden ugur alyp, maşgala gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlary hem-de ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, halal zähmet ýaly ýörelgeleriň ösdürilmegini işjeň wagyz edýärler.
G.Ataýewa jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda ruhy mirasymyzyň nesil terbiýesine, gyz edebi ýaly belent ýörelgeleriň ösdürilmegine oňyn täsiriniň bardygyny nygtap, jemgyýetçilik durmuşynyň birnäçe meselelerini çözmegiň ýaşlar we zenanlar bilen alnyp barylýan işleriň netijelerine baglydygyny belledi hem-de bu babatda jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işler barada maglumat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary ýaşlar, zenanlar bilen yzygiderli duşuşyklary geçirip, asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeler, şolaryň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edilýär.
Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oňyn ýörelgeleriň ösdürilmegine, nesil terbiýesine jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň möhüm goşandynyň bardygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň zenanlarynyň we ýaşlarynyň döwrebap bilim-terbiýe almagy, döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşmagy üçin mundan beýläk-de zerur mümkinçilikler dörediler.
Zenanlar guramalary, uly güýje eýe bolan kärdeşler arkalaşyklary jemgyýetimiziň güýç-kuwwatyny, her bir adamyň döredijilik mümkinçiliklerini öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge gönükdirmek üçin ähli tagallalary etmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan özgertmelere ýaşlaryň işjeň çekilmegini bu işiň esasy ugry hökmünde görkezdi.
Milli Liderimiz maşgala gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlary wagyz etmekde, ýaşlaryň döwrüň talabyna laýyk derejede terbiýelenilmeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Maslahatyň dowamynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Öwezberdiýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlary bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olaryň jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalara işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, gönüden-göni milli Liderimiziň yzygiderli aladasy netijesinde, ýurdumyzyň raýatlarynyň, şol sanda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Ýaşlaryň dünýä ylmyna düýpli aralaşmagy hem-de zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin döwlet derejesinde birnäçe bäsleşikler guralýar. Bu çäreler türkmen ýaşlarynyň jemgyýetçilik çärelerine has-da işjeň gatnaşmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda geçirilýän işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyna ünsi çekip, ýaş nesilleriň döredijilikli zähmeti, bilim almagy, hemmetaraplaýyn ösmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Şunda, döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzyň giňden wagyz edilmelidigine ünsi çekdi.
Ýaşlarda Garaşsyz Watanymyza, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylym-bilime höwesi artdyrmaly, olaryň döwrebap bilim almagyny üpjün etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýaşlara Watan diýen düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmeli, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemeli. Milli Liderimiz bu işlerde taryhy şahsyýetlerimiziň mysalyndan netijeli peýdalanylmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar bilen zähmet weteranlarynyň, öňdebaryjy önümçilikleriň duşuşyklaryny ýygy-ýygydan gurap, halal zähmetiň bagtyýar we abadan durmuşyň gözbaşydygyny, adamy zähmetiň bezeýändigini, dürli hünärleri wagyz etmeli diýip, bu işde köpçülikleýin habar beriş serişdelerini netijeli ulanylmalydygyny aýtdy.
Ösüp barýan ýaş nesilleri halkymyzyň milli däpleri esasynda, zehinli sungat we sport ussatlarymyzyň göreldesine eýermek ruhunda terbiýelemek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ösen jemgyýete mahsus bolan sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny berkitmek, maşgalanyň hukuk derejesini ýokarlandyrmak, halkymyzyň mukaddes gymmatlyklaryna hormat goýmak ýörelgelerini ösdürmek meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmagy üçin şertler döredilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, ýaşlary sanly ulgama geçmek boýunça işlere giňden çekmegiň, bu ugurda ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwatyny netijeli peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde üns berilýändigini aýtdy. Maglumat-kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz şu babatda ýaşlara wajyp ornuň degişlidigini belledi.
Zenanlar birleşigine Ýaşlar guramasy bilen bilelikde sport çärelerini guramak boýunça geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklar berildi.
Milli Liderimiz ýaşlaryň arasynda hünär bäsleşiklerini guramak bilen bagly işleriň giňden alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, gyzlaryň arasynda el hünärlerine degişli çäreleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy. Munuň özi “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda guralmagy meýilleşdirilen çäreleriň özenini düzmelidir.
Ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi hem-de bilim terbiýesi bilen baglanyşykly geçirilmeli çäreleriň ählisine deputatlaryň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerli guramalarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Ýaşlar guramasynyň ýerli wekilleriniň, bilim hem-de medeniýet işgärleriniň işjeň gatnaşmagy wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz munuň guralýan çäreleriň döwrüň talabyna laýyk gelmegine kömek etjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň bilimi we terbiýesi bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ünsüni guralýan çärelerde Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wakalaryň möhüm orun eýelemelidigini belledi.
Maslahatyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.