close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy
24.02.2020

I. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý. № 3, 131-nji madda; 2017 ý., № 4, 130-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 61-njy maddany aýyrmaly;

2) 66-njy maddada «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 71-nji maddada:

9-njy, 11-nji we 13-nji bentlerde «Mejlisiň», «Mejlisine» we «Mejlisiniň» diýen sözleri degişlilikde «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň», «Türkmenistanyň Milli Geňeşine» we «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

10-njy bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«10) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak weto hukugyny peýdalanyp, özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Mejlise gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Bu kanun Halk Maslahaty we Mejlis tarapyndan Konstitusiýada bellenilen tertipde gaýtadan seredilýär.

Eger, gaýtadan seredilen kanun Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen öňki kabul edilen görnüşinde tassyklanan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýany kabul etmek, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda konstitusion kanunlar babatda gaýra goýmak weto hukugy ýokdur;»;

16-njy we 17-nji bentlerde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» we «Türkmenistanyň Mejlisine» diýen sözleri degişlilikde «Halk Maslahatynyň» we «Mejlise» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 73-nji maddada «Mejlisiň» diýen sözi «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzasy ýa-da» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 75-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«75-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň näsaglygy sebäpli öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmasa, ol möhletinden öň wezipesinden boşadylyp bilner. Halk Maslahaty we Mejlis özleriniň döredýän garaşsyz lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidentini möhletinden öň wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edýär. Şeýle çözgüt Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýany we kanunlary bozan halatynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirip biler. Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakynda meselä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden ikisiniň talap etmegi boýunça seredilip bilner. Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirmek hakynda çözgüt Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň dörtden üç böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň dörtden üç böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Prezidentini wezipesinden çetleşdirmek hakynda mesele ählihalk sala salşygyna goýulýar.»;

6) 76-njy maddada «Mejlisiň» we «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri « Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) III babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«III bap. Türkmenistanyň Milli Geňeşi»;

8) 77-80-nji maddalary şu görnüşde beýan etmeli:

«77-nji madda. Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşi iki palatadan ‒ Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr.

78-nji madda. Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan her welaýatdan we welaýat hukukly şäherden sekiz wekil girýär. Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Halk Maslahatynyň düzümine 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp we bellenip bilner. Türkmenistanyň her bir eks-prezidenti Halk Maslahatynyň agzasy bolup durýar, eger ol bu hukugy ulanmakdan ýüz döndermedik bolsa.

Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça saýlanýarlar. Mejlisiň deputatlygyna 25 ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp bilner.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň we deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.

Şol bir adam bir wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň hem agzasy ýa-da deputaty bolup bilmez.

79-njy madda. Türkmenistanyň Milli Geňeşi aşakdaky halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;

2) özüniň agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);

3) alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň ýolbaşçy düzümi düzülmedik halatynda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.

80-nji madda. Halk Maslahaty öz düzüminden Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.

Mejlis öz düzüminden Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň agzalary we deputatlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary öz dessurlaryny kabul edýärler hem-de öz işiniň içerki tertip-düzgüniniň meselelerini çözýärler.»;

9) 80-nji maddadan soň şu mazmunly maddalary goşmaly:

«801-nji madda. Halk Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlary aýratynlykda geçirilýär.

Halk Maslahatynyň we Mejlisiň maslahatlary açyk bolup durýar. Olaryň dessurlarynda göz öňünde tutulan halatlarda ýapyk maslahatlar hem geçirilip bilner.

Palatalar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýüzlenmesini, daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryny diňlemek we beýleki meselelere garamak üçin bilelikdäki maslahatlary hem geçirip bilerler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen döwletiň we jemgyýеtiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda palatalaryň bilelikdäki maslahaty geçirilip bilner.

802-nji madda. Halk Maslahaty:

1) Mejlis tarapyndan kabul edilen Konstitusiýany, konstitusion kanunlary we beýleki kanunlary makullaýar ýa-da ret edýär;

2) Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň kanunyna garaýar;

3) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözýär;

4) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garaýar;

5) Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakýar;

6) Türkmenistanyň Döwlet serhedini üýtgetmek meselesini çözýär; 7) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar;

8) Konstitusiýa we kanunlar bilen Halk Maslahatynyň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.»;

10) 81-83-nji maddalary şu görnüşde beýan etmeli:

«81-nji madda. Mejlis:

1) Türkmenistanyň Milli Geňeşine girizilen Konstitusiýanyň, konstitusion kanunlaryň we beýleki kanunlaryň taslamalaryna garaýar we kabul edýär, kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrýar;

2) Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garaýar;

3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garaýar;

4) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar;

5) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär;

6) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlaýar;

7) döwlet sylaglaryny döredýär;

8) halkara şertnamalaryny tassyklaýar we ýatyrýar;

9) Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözýär;

10) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny kesgitleýär;

11) Konstitusiýa we kanunlar bilen Mejlisiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär.

82-nji madda. Türkmenistanyň Milli Geňeşi aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanunlary çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak barada meselä Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan hökman garalmalydyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşi aşakdaky meseleler boýunça kanunlary çykarmak hukugyny hiç kime berip bilmez:

1) Konstitusiýany kabul etmek we ony üýtgetmek;

2) jenaýat we administratiw kanunçylygy;

3) kazyýet önümçiligi.

83-nji madda. Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişlidir.»;

11) 83-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«831-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary Mejlis tarapyndan kabul edilýär.

Türkmenistanyň kanunlary Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň kanunlary Halk Maslahatynyň garamagyna iberilýär.

Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahatynyň agzalarynyň ýarysyndan köpüsi tarapyndan ses berlen halatynda makullanylan hasap edilýär. Mejlis tarapyndan kabul edilen we Halk Maslahaty tarapyndan makullanylan kanun Türkmenistanyň Prezidentine gol çekmek üçin iberilýär. Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar. Mejlis Halk Maslahatynyň çözgüdi bilen razy bolmadyk halatynda, eger Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kanuna öňki kabul edilen görnüşinde gaýtadan ses berlen bolsa ol kabul edilen hasap edilýär.»;

12) 84-90-njy maddalary şu görnüşde beýan etmeli:

«84-nji madda. Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüz tutmak, şeýle hem dilden we hat üsti bilen sorag bermek hukugyna eýedir.

85-nji madda. Döwlet Halk Maslahatynyň agzalaryna we Mejlisiň deputatlaryna olaryň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, şeýle hem şahsy eldegrilmesizligini kepillendirýär.

86-njy madda. Halk Maslahatynyň agzasy agzalyk ygtyýarlyklaryndan we Mejlisiň deputaty deputatlyk ygtyýarlyklaryndan diňe degişli palata tarapyndan mahrum edilip bilner. Şu mesele boýunça çözgüt degişli palatanyň agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Halk Maslahatynyň bellenilen agzalarynyň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen möhletinden öň bes edilip bilner.

Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary degişli palatanyň razylygy bolmasa administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen olaryň azatlygy çäklendirilip bilinmez.

87-nji madda. Halk Maslahatynyň agzasy we Mejlisiň deputaty şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipelerini eýeläp bilmez.

88-nji madda. Halk Maslahatynyň Başlygy we Mejlisiň Başlygy gizlin ses bermek arkaly saýlanýar. Olar degişli palata hasabat berýärler hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden çözgüdi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary we Mejlisiň Başlygynyň orunbasary açyk ses bermek arkaly saýlanýar, olar degişli palatanyň Başlygynyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýärler, Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Mejlisiň Başlygynyň bolmadyk halatynda ýa-da olaryň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy mümkin bolmasa, olaryň borçlaryny ýerine ýetirýärler.

89-njy madda. Halk Maslahatynyň Prezidiumy we Mejlisiň Prezidiumy palatalaryň işini guramagy amala aşyrýar.

Prezidiumyň düzümine palatanyň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler.

90-njy madda. Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, olaryň Prezidiumlarynyň, komitetleriniň we toparlarynyň, agzalarynyň we deputatlarynyň iş tertibi, olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary kanun bilen kesgitlenýär.»;

13) 94-nji maddanyň 1-nji bendinde, 113-nji we 129-njy maddalarda «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

14) 120-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«120-nji madda. Halk Maslahatynyň agzalygyna, Mejlisiň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenýär.»;

15) 125-nji maddada «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň» we «Türkmenistanyň Mejlisine» diýen sözleri degişlilikde «Halk Maslahatynyň agzalarynyň» we «Halk Maslahatyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

16) 142-nji maddada «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi we Mejlisiň» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Konstitusion kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

III. Türkmenistanyň Halk Maslahaty şu Konstitusion kanunyň herekete girizilen gününden öz işini bes edýär.

IV. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

V. Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen namalary üýtgetmäge we ýatyrmaga bolan hukugy Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ygtyýarlylygyna degişli etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW