close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
18.02.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, dostlukly we netijeli häsiýete eýe bolan hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň täze düzüminiň döredilmegi bilen gutlady we onuň ähli agzalaryna Russiýanyň halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan özüniň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde Russiýa Federasiýasy bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary soňky ýyllarda ähli ulgamlarda okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar hem-de döredilen ygtybarly şertnamalaýyn-hukuk binýady Türkmenistanyň we Russiýanyň uzak möhletleýin esasda giň möçberli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, täze özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Geçen ýylda özara haryt dolanyşygy 2,6 esse ýokarlandy. Bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmakda bilelikdäki hökümetara toparyň işine hem-de işewürler düzümleriniň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, netijeli ynsanperwer gatnaşyklary — bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň, onuň esasy senagat we medeni merkezleriniň arasynda ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Russiýanyň sebitleri bilen özara gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Şolaryň hatarynda Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty we beýlekiler bar. Golaýda Newanyň boýundaky şäheriň gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýetiň Aşgabada iş sapary boldy. Saparyň barşynda netijeli gepleşikler geçirildi hem-de mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekildi.

Russiýanyň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da giňeltmäge çalyşýandyklaryny görkezýärler. Indi ençeme ýyllardan bäri Russiýa Federasiýasynyň meşhur kompaniýalarynyň birnäçesi türkmen bazarynda üstünlikli işleýär.

Şunuň bilen baglylykda, Wladimir Putin türkmen kärdeşine iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary, şol döwürde kabul edilen resminamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek söhbetdeşligiň esasy meseleleri boldy. Şol resminamalaryň hatarynda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen kabul edilen strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama hem bar.

Söhbetdeşler sebit we ählumumy meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.

Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin öňden gelýän dostluk gatnaşyklaryna, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.