close-icon
Habarlar
photo
Milli Liderimiziň beýik maksatlary halkymyzyň jebisliginiň özenidir
17.02.2020

Fewral Watanymyzyň iň täze taryhynda aýlaryň seresidir. 2007-nji ýylyň fewralynda halkymyz giň bäsdeşlik esasynda geçirilen ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze pikir-garaýyşly syýasatçyny — Gurbanguly Berdimuhamedowy iň ýokary döwlet wezipesine saýlady.

2012-nji ýylyň fewralynda nobatdaky saýlawlar geçirilip, ýokary raýat işjeňligi, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda halkymyz öz erk-islegini beýan etmek bilen gaýtadan saýlanan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmäge taýýardygyny has-da ynamly görkezdi.

Milli Liderimiziň 2017-nji ýylyň fewralynda biragyzdan gaýtadan saýlanylmagy döwlet Baştutanymyzyň hemme asylly başlangyçlaryny halkymyzyň agzybirlik bilen goldaýandygynyň, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan beýik maksatlaryna ýetmekde doly we mizemez ynamyň ýüze çykmasy boldy.

Üç ýyl mundan ozal, 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda şeýle diýdi: «Ata Watanymyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmegi biz öz öňümizde belent maksat edip goýduk!». Bu gün bolsa biz eýýäm şol ägirt uly wezipeleri çözmekde haýran galdyryjy anyk netijeleri görýäris. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty şol wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.

Uglewodorod serişdelerini häzirki zaman tehnologiýalary esasynda düýpli gaýtadan işläris. Benzin, polipropilen, polietilen we suwuklandyrylan gaz ýaly dünýäde köp isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndüreris diýip, milli Liderimiz şonda aýtdy.

Geçen döwürde deňiz ýakasyndaky Gyýanlyda polimer zawody we Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod ýaly örän giň gerimli gazhimiýa toplumlary ýurdumyzyň senagat düzüminiň üstüni ýetirdi. Bu innowasion kärhanalarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda tebigy gaz düýpli gaýtadan işlenilip, dünýä ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli önümler çykarylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, şeýle önümçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň, onuň tehnologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň, goşulan ýokary bahasy bolan önümleriň ýerleniş bazarlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, halk hojalygynyň ähli toplumlarynyň ösüşini höweslendirmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz şonda, ýagny resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistanyň goňşy döwletler we beýleki ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de dowam etjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasynyň uly ähmiýeti bellenildi. Taslamanyň amala aşyrylmagy ýurda köp möçberde girdejileri getirmekden başga-da, goňşy halklaryň ojaklaryna ýylylyk we ýagtylyk getirer.

Häzir bu transmilli energetiki ugruň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler bellenilen tertibe laýyklykda alnyp barylýar. 2018-nji ýylyň fewralynda TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi bilen bir hatarda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň düýbi tutuldy. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen gurlan Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanylmaga berildi.

Ýer ýüzünde «mawy ýangyjyň» gury ýerdäki gorlary boýunça birinji orny eýeleýän «Galkynyş» käninden gözbaş alýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň möhüm durmuş meselelerini çözmekden başga-da, parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň pugtalanmagyna ýardam berer. Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistan uglewodorod serişdelerinden başga-da, beýleki baýlyklaryň hem ägirt uly gorlaryna eýedir. Ýerasty känlerde Mendeleýewiň elementler ulgamyna girýän metallaryň ählisi diýen ýaly jemlenendir. Bu känleriň özleşdirilmegi, tebigy baýlyklaryň gazylyp alynmagy we gaýtadan işlenilmegi milli Liderimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

«Biz ägirt uly ykdysady we tebigy mümkinçiliklerimizi halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň eşretli durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna netijeli peýdalanmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis» diýip, döwlet Baştutanymyz resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda aýtdy.

Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan barha artýan islegleri şertlendirip, ýerli çig malyň esasynda olary öndürmek ulgamynyň depginli ösdürilmegine itergi berdi. 2018-nji ýylyň fewral aýynyň ortalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanylmaga berlen «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy daşary ýurtlara iberilýän önümleriň gerimini giňeltmek boýunça wezipeleri çözmäge sowatly çemeleşmegiň nusgalyk mysalyna öwrüldi.

Kabul edilen maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň elektron senagatyny döretmek boýunça işler dowam edýär, Diýarymyzyň öndürijileri hojalyk we durmuş tehnikalaryndan başlap, kompýuterlere çenli barha täze abzallary we enjamlary çykarmagy özleşdirýärler.

Hormatly Prezidentimiz resmi taýdan wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda, şeýle hem ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda telekeçiligi we bazar gatnaşyklaryny goldamaga we ösdürmäge ýardam bermegi öz esasy wezipeleriniň biri hökmünde görýändigini nygtady.

Häzirki wagtda hususy ulgamyň kärhanalaryna iň iri we örän jogapkärli taslamalar ynanylýar. Şol taslamalaryň hatarynda gurluşygy alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat awtobany, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi boljak ýaşaýyş jaý toplumlary, şäher we obalar bar.

Ýakynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki şäheriň binalaryny we beýleki desgalaryny gurmak hem-de inžener-tehniki taýdan üpjün etmek üçin zerur bolan daşary ýurt önümlerini satyn almaga döwlet serişdelerinden ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryna golaý pul serişdelerini bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi.

«Ylmy-bilimi ösdürmezden, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamazdan, dünýäniň okgunly ösüşine goşulmak, döwür bilen aýakdaş gitmek asla mümkin däl» diýip, milli Liderimiz ençeme gezek nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy durmuşa geçirilýär, Bilim ministrliginiň innowasion maglumatlar merkezi döredilýär, onuň wezipesine sanly okuw kitaplar, gollanmalar, wideo we ses ýazgylary, interaktiw we multimediýa programmalary hem-de beýlekiler bilen birlikde, elektron görnüşde okatmagyň usullaryny toplumlaýyn işläp taýýarlamak meseleleri girer. Şu ýerde hem ylym-bilim ulgamynda dünýä derejesindäki gazanylanlar öwreniler, ensiklopediýalaryň we sözlükleriň katalogy dörediler.

Türkmenistanda taýýarlanylýan isleg bildirilýän hünärleriň gerimi giňelýär. Geçen ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi.

Beýleki durmuş ulgamlary bilen bir hatarda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýeti we sungaty ösdürmäge, milli mirasymyzy wagyz etmäge örän uly üns berýär.

Ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Bu iş arheologiýa, etnografiýa, taryhy we edebi maglumatlaryň esasynda türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmäge gönükdirilendir.

2019-njy ýylyň ahyrynda Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu işlere bolan gyzyklanma täze öwüşgin çaýmaga itergi berdi.

Ýakynda hem döwlet Baştutanymyz çözgüt kabul etdi, şoňa laýyklykda, «Türkmenhaly» önümçilik birleşigi döwlet birleşigi derejesine eýe boldy hem-de Dokma senagaty ministrliginiň düzüminden hökümetiň garamagyna geçirildi. Bu iş haly önümlerini öndürmek babatda guramaçylyk işlerini höweslendirmelidir, onuň önümleriniň daşary ýurtlara ugradylyşynyň artmagyna täsir etmelidir.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ýörelgäni goldanyp, biz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, raýatlarymyza lukmançylyk hyzmatlarynyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna görä guralmagyny üpjün ederis» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza pugta söz berdi hem-de iş ýüzünde onuň durmuşa geçirilmegini üpjün etdi.

Lukmançylyga öňüni almagyň hem-de bejermegiň barha täze usullary ornaşdyrylýar, ýakynda saglygy goraýşyň edaralar ulgamynyň hataryny artdyrjak ýöriteleşdirilen desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Olar Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi, Halkara estetiki bejeriş merkezi, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda şypahana hem-de Ahalda, Daşoguzda, Türkmenbaşyda hassahanalardyr.

Geçen şu üç ýylda ýerine ýetirilen işleriň ählisini sanap geçmek mümkin däl. Esasy zat örän aýdyň — hormatly Prezidentimiziň syýasy strategiýasynda hem-de Milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň her biri yzygiderli çözülip, üstünlikli taslamalara, düýpli özgertmelere we ýurdumyzyň şöhratly gazananlaryna, onuň dünýädäki abraýynyň pugtalanmagyna beslenýär.

Milli Liderimiz Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk derejesinden ugur alyp, alyp barýan halkara syýasatynda biziň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen deňhukukly esasda özara bähbitli hyzmatdaşlyk we netijeli gatnaşyklar üçin açykdygymyzy aýratyn nygtaýar.

Bu sözleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy hökmünde 2019-njy ýylda ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde bolup geçen giň gerimli çäreleri, hormatly Prezidentimiziň daşary döwletleriň we ýurtlaryň hökümetleriniň, abraýly halkara guramalaryň baştutanlary, görnükli syýasatçylar hem-de işewür toparlaryň wekilleri bilen geçiren onlarça duşuşyklaryny we gepleşiklerini agzap bolar.

Halkara gatnaşyklarda-da, döwlet Baştutanymyzyň sözleri hemişe işler bilen berkidilýär. Dünýä we sebit derejelerinde ähmiýetli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlary Türkmenistanyň ýakyn we alys goňşular, Ýewropa Bileleşigi hem-de Ýer ýüzüniň beýleki ýurtlary bilen halkara gatnaşyklary we özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze tapgyry açdy.

Milli Liderimiziň iri möçberli pikirleriniň hem-de maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, döwlet gurluşynyň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň esaslaryny öz içine alan düýpli özgertmeleriň ynamly netijeleri ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýolunyň dogrudygynyň iň oňat subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimiz öz döwlet işlerinde parasatlylygy, öňdengörüjiligi we pragmatikligi ruhy gymmatly ugurlar bilen sazlaşykly utgaşdyryp, ildeşlerimizi täze beýik işlere çagyrýar we ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň ähli başlangyçlary halkymyzyň şeýle kuwwatly goldawyna eýe bolýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Meniň iň esasy we iň ygtybarly daýanjym halkym bolar» diýýär. Halkymyz bolsa öz daýanjyny hormatly Prezidentimizde görüp, döwlet Baştutanymyzy hoşallyk bilen Arkadag diýip atlandyrýar.