Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemi jemlenildi hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmagyň meýilnamasy 109,7 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 107,2 göterim, çalgy ýaglarynyň önümçilik meýilnamasy bolsa 103 göterim ýerine ýetirildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 135,5 göterime, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 106,1 göterime, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň ösüş depgini 104,2 göterime deň boldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, onuň önümçilik, ylmy-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak wezipeleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşandyny üpjün eder.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz nebitgaz toplumyna uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belledi. Pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, içerki bazarda hem-de daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň köp görnüşlerini çykarýan nebit we gazhimiýa önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz pudagyň kärhanalarynyň esasy tehniki-ykdysady görkezijileriniň ýeten derejesini saklamak hem-de tutuş sebit üçin möhüm ähmiýetli Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylyşyna yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak babatda degişli çäreleri görmek barada görkezmeler berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda geçirilen işleriň jemleri, şeýle hem welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.
Tutuşlygyna, obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 110,4 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 109,4 göterim, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 129,8 göterim hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterim derejesine ýetirildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 120,2 göterim berjaý edildi.
Şu günler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna we agrotehnika kadalaryna laýyklykda, ak ekinlere ösüş suwy tutulýar, olar dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsümi üçin bölünip berlen ýerleri tekizlemek işleri alnyp barylýar. Ekin meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, geriş çekmek we ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Mundan başga-da, ekerançylar ýeralmanyň we soganyň ekişine girişdiler, şeýle hem ýerler gök we bakja ekinlerini ekmäge taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni ekin meýdanlaryny suwaryş suwy bilen üpjün etmek meselesine çekdi.
Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenilen möhletde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk-senagat, energetika toplumlarynda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde we paýtagtymyzda 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 102,2 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa 102,5 göterime barabar boldy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,3 göterime, ösüş depgini bolsa 108,2 göterime deň boldy.
Demirbeton we aýna önümçiliginde degişlilikde 105,5 göterim we 100,5 göterim, keramzit önümçiliginde bolsa 100,1 göterim ösüş gazanyldy.
Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 124,2 göterime deň boldy hem-de meýilnama 150,3 göterim berjaý edildi.
Ýanwar aýynda 2 milliard 471 million 210 müň kilowatt-sagat elektrik energiýasy öndürilip, meýilnama 126,1 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa 115,1 göterime barabar boldy.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 129,5 göterim berjaý edildi. Pudak boýunça umumy ösüş depgini 240,4 göterime deň boldy.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112 göterim ýerine ýetirilip, 105,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň, şeýle hem bu pudakda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak, dökünleriň dürli görnüşleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp pudaga telekeçileri has işjeň çekmegiň bilelikdäki kärhanalary we täze iş orunlaryny döretmegiň möhümdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz senagat toplumynyň iş depginini ýokarlandyrmak, kärhanalaryň düşewüntliligini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem milli Liderimiz elektroenergetika pudagyny ösdürmegi, sanly ulgama geçmegi hem-de goňşy ýurda ugradylýan elektrik energiýasynyň mukdaryny köpeltmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da, Aşgabady abadanlaşdyrmak, şäher düzümini ösdürmek işlerini netijeli dowam etmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ak mermerli paýtagtymyzyň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamynyň işini bökdençsiz ýola goýmak, jemagat hojalygy gulluklarynyň anyk we sazlaşykly hereketini üpjün etmek meselelerine zerur ähmiýet berilmelidigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag we kommunikasiýa pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şu döwürde önümçilik meýilnamasy 113,3 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 113,1 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 127,4 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 102,4 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 115,1 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça ösüş depgini 205,2 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa ösüş depgini 107,8 göterime barabar boldy.
Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 101,2 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 16,5 müň telefon nokady gurnalyp, meýilnama 109,9 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça başlangyçlarymyzyň sebit we yklymüsti ýollaryň ösdürilmegini, ulag pudagynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini talap edýändigini belledi hem-de şunda demir ýol ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamyny ösdürmek meselelerine degip geçmek bilen, ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň iň aňrybaş hil derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylyşyna, aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleriniň berlişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň mundan beýläk-de ulag toplumynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giň möçberli halkara taslamalarynyň başynyň başlanýandygyny hem-de şolaryň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belläp, düzümleýin desgalary öz wagtynda we ýokary hilli ulanmaga bermek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklar berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda we ykdysadyýetiň hususy ulgamynda 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda
alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda söwda dolanyşygynyň möçberi 5,8 göterim artdy.
Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň umumy möçberi 12,5 göterim, nah matalaryň öndürilişi 17,5 göterim, tikin we örme önümleriň öndürilişi 43,8 göterim, haly we haly önümleriniň möçberi 24,8 göterim köpeldi.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar aýynda birža söwdalarynyň 22-si geçirilip, 2 müň 404 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 25,8 göterim artdy.
Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 46,9 göterim, gazanylan peýdanyň möçberi bolsa 51 göterim artdy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary şu ýylyň ýanwar aýynda senagat önümlerini 5,7 göterim hem-de oba hojalyk we azyk önümlerini 17,2 göterim köp öndürdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak meselesine ünsi çekdi we wise-premýere dokma hem-de milli mirasymyz bolan ajaýyp haly önümleriniň eksportuny artdyrmak meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem işewür gatnaşyklary giňeltmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz söwda toplumynyň döwrebap düzümini kemala getirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilişini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz telekeçiligiň döwlet tarapyndan mundan buýana-da goldanyljakdygyny aýtdy.
Mundan başga-da, milli Liderimiz şu ýyl hemişelik Bitaraplyk derejämiziň şanly 25 ýyllygy mynasybetli bellenilen çärelere laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän ähli önümleriň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen haryt nyşanynyň bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda ýanwar aýynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Ýylyň başyndan bäri dürli medeni çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, sergiler we bäsleşikler, sahna oýunlary, aýdym-sazly dabaralar hem-de Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan beýleki çäreler guraldy.
Halk köpçüliginiň arasynda saklanyp galan däp-dessurlary, pähimleri we beýleki gymmatly maglumatlary toplamak, şolary düýpli öwrenmek maksady bilen, Medeniýet ministrliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlaryň alymlaryndan we hünärmenlerinden ybarat toparyň iş saparlary guraldy.
Ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň internet saýtlarynda Diýarymyzda ýetilýän belent sepgitler, geçirilýän medeni çäreler, syýahatçylyk ugurlary, taryhy-medeni gymmatlyklarymyz barada gyzykly maglumatlar yzygiderli ýerleşdirildi.
Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 32 görnüşi çap edildi. Metbugat neşirleriniň sahypalarynda, tele we radioýaýlymlarda ýurdumyzyň dürli ulgamlarda gazanýan üstünliklerini beýan etmek üçin netijeli işler amala aşyryldy.
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde dürli kino eserlerini döretmek boýunça işler dowam etdirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmeginiň köp babatda döredijilik işgärleriniň goşandyna baglydygyny aýtdy.
Milli Liderimiz medeniýet ulgamynda işleri has-da işjeňleşdirmegiň we onuň gerimini giňeltmegiň, täze zehinleri gözlemek işini güýçlendirmegiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini guramakda döwrebap usullary we sanly tehnologiýalary giňden ulanmagyň zerurdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitleri giňden açyp görkezmek üçin ilhalar teleradiogepleşikleri, makalalary taýýarlamagyň, döwrebap sahna oýunlaryny we aýdym-sazlary döretmegiň, medeni mirasy wagyz-nesihat etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu ugurdaky işleri kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bilim edaralarynda elektron maglumatlar gaznasyny, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň binýadynda bitewi bilim toruny döretmek boýunça işleriň alnyp barlandygy bellenildi.
Meýilnama laýyklykda, ýanwar aýynda okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň jemi 10 görnüşi neşir edildi. Mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler.
Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan gol çekilen 2020-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda we ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleriň 346-synyň ýerine ýetirilendigi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna innowasion usullar, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy dowam etdirilýär.
Sport ulgamynda 2020-nji ýylda Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna, Aşgabatda guraljak halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylmyň soňky gazananlaryna hem-de sanly ulgama geçmek babatda öňdebaryjy işläp taýýarlamalara laýyklykda, bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda işjeň ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygynyň Diýarymyzyň daşary hem-de içeri syýasatynda möhüm orny eýeleýän işiň wajyp ugrudygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamlarda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň, şolary innowasion ösüşe gönükdirmegiň hem-de sanly tehnologiýalary ösdürmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda ýanwar aýynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça maksada laýyk işler amala aşyryldy.
14-nji ýanwarda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň 12-sine gol çekildi.
Geçen aýda ýurdumyzyň wekiliýeti sebitiň döwletleriniň, Owganystanyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde GFR-iň Berlin şäherinde geçirilen «Ýaşyl Merkezi Aziýa» halkara maslahatyna gatnaşdy. Forumyň gün tertibine howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa bilen baglanyşykly wajyp meseleler girizildi.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrligi arkaly daşary ýurt wekiliýetleriniň 22-si Türkmenistana geldi. Şol döwürde türkmen wekiliýetleriniň 46-sy daşary ýurtlara ugradyldy. Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen dürli çäreleriň 30-sy guraldy. Şu ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 6-syna gol çekildi.
Geçen aýda Buhapeştde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň dördünji mejlisi, Aşgabatda bolsa bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Şolaryň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürler maslahatlary guraldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna, Hindistan Respublikasyna iş saparynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasynda fewral aýynyň başynda Daşkent şäherinde «C5+1» görnüşinde geçirilen nobatdaky ministrler duşuşygynyň netijeleri barada hem hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Watanymyzyň goňşy döwletler hem-de dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşýän ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hem-de köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigini, abraýly halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň oňyn başlangyçlaryny ilerletmegi we yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygy barada aýdyp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de sebit hem-de dünýä derejesinde oňyn işleriň işjeňleşdirilmegine, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny bellemek meselesine ünsi çekip, halkara derejesinde bellenilýän bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Şu hepdede Mejlisiň deputatlary bilen geçirilen däbe öwrülen duşuşyk ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka boldy. Milli Liderimiziň döwletimiziň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn çykyşynda kesgitlenen wezipeler bu ugurda işlemek üçin esasy ýol görkeziji boldy.
Diýarymyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri çaltlandyrmak maksady bilen, milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmaga, döwletimizi hem-de jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Türkmenistanyň Mejlisinde 2020-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasy taýýarlanyldy.
Şu günler iş toparlarynda täze kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň üstünde işlenilýär. Konstitusion toparyň mejlisleri geçirildi we Konstitusion Kanunyny taýýarlamak hem-de şunuň bilen baglylykda, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Geçirilýän çäreleriň barşynda konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti açylyp görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ulgamlarynda özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysady, ylym hem-de medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny berjaý etmek hem-de goramak, daşary ýurtlaryň dostluk parlament toparlary bilen alnyp barylýan gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça mundan beýläk-de netijeli işlemeginiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz ýerlerde alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň, halk köpçüligi bilen duşuşyklary dowam etmegiň, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň ähmiýetini halkymyza düşündirmegiň wajypdygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň ýanwar aýynda gazanan makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,1 göterim, gurluşykda 0,3 göterim, ulag-kommunikasiýa pudagynda 10 göterim, söwdada 11,1 göterim, oba hojalygynda 3,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda bolsa 7,7 göterim ýokarlandy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda ähli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça öndürilen önümleriň mukdary 5,8 göterim artdy.
Şu ýylyň birinji aýynyň jemleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 4,3 göterim köpeldi.
Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 1,9 milliard manat, çykdajy bölegi bolsa 1,1 milliard manat derejede ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça ortaça aýlyk haklarynyň mukdary 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim köpeldi.
Wise-premýer «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» bellenen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni gözegçilik edýän ulgamlarynyň öňünde durýan wajyp wezipelere çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaýyn görkezijileriniň ýerine ýetirilişini hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň berjaý edilişini gözegçilikde saklamagyň zerurdygy nygtaldy.
Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini hem-de maýa goýum işlerini ýokarlandyrmagyň, ilatyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmagyň Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugrudygyny belledi. Şeýle hem möhüm ugurlaryň hatarynda sanly ulgama geçmek konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl öňde duran wezipeleriň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen bolan duşuşykda anyk kesgitlenilendigini belledi.
Häzirki döwürde biziň ählimiz ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydyrys. Şeýle hem berkarar döwletimiziň baş baýramlary, ýagny hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan çärelere gowy taýýarlyk görmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitläp, şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýyla çenli Oba milli maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň esasy wezipe bolmalydygyna ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Berkarar döwletimiziň şanly baýramlary ýurdumyzyň her bir şäherinde, her bir obasynda täze, ajaýyp desgalaryň gurulmagy we ulanmaga berilmegi bilen ýatda galmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara jogapkär edilip bellenen orunbasarlarynyň şu Maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermelidigini belledi. Welaýat häkimleri bolsa, bu barada her wideoşekilli iş maslahatynda hasabat bermelidir.
Biz sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak boýunça alyp barýan syýasatymyzy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny giňden çekmek, daşary ýurt walýutasynda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmegi, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek boýunça özgertmeleri-de dowam etmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň, göz öňünde tutulmadyk we dolandyryş çykdajylaryny azaltmagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pul-karz we maliýe ulgamlarynda bazar usullarynyň has giňden ornaşdyrylmalydygyny, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hususy pudagyň paýyny artdyryp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.
Milli Liderimiz nebitgaz ulgamynyň hem-de oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipelere aýratyn üns bermek bilen, ýolbaşçylardan işe has netijeli çemeleşmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudaklaryň ikisinde-de ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin, zähmeti guramagyň täze usullaryny gözlemegi dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrmak bilen, şonda ýurdumyzyň gazananlarynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti we sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça esasy wezipeler barada durup geçmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işini kämilleşdirmäge, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga, sanly ulgama geçmek işini çaltlandyrmaga uly üns bermegi talap etdi.
Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýanwar aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň netijelerine garalandygyny hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýdyp, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisi jemledi hem-de oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.