close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
13.02.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Ol wekiliýete ýolbaşçylyk edip, paýtagtymyza geldi.

Myhman milli Liderimize mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Diýarymyza gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Ýurdumyzy Sankt-Peterburg bilen öňden gelýän dostluk hem-de dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Aleksandr Beglow döwlet Baştutanymyza ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Newanyň boýundaky şäheriň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri, esasy senagat we medeni merkezleri, şol sanda Sankt-Peterburg bilen göni hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Şol hyzmatdaşlyk bolsa strategik häsiýete eýedir. Iki dostlukly döwletiň giň gerimli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, dürli derejelerde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri boýunça pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribe, onuň uly kuwwaty ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanda iş alyp barmakda özlerini gowy tarapdan görkezen Sankt-Peterburgyň işewür toparlarynyň, şol sanda «Wozroždeniýe» kompaniýalar toparynyň wekilleriniň netijeli işlemegi munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şol kompaniýalar bilen bilelikde, ýurdumyzda ýol-ulag gurluşyk ulgamynda giň möçberli taslamalar amala aşyryldy.

Türkmenistanda amala aşyrylýan, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de sanly ulgama geçirmäge, ylmy-tehnologik ösüşe gönükdirilen durmuş ugurly döwlet maksatnamalary netijeli gatnaşyklar üçin amatly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Sankt-Peterburgyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge, maýa goýum işini işjeňleşdirmäge, bilelikdäki täze maksatnamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Söwda-ykdysady, energetika, gämigurluşyk, gazsenagat toplumy, IT-tehnologiýalary, hususan-da, täze «akylly şäherleriň» gurluşygynda ulanylýan tehnologiýalar hem-de kommunikasiýa ulgamynda tagallalary birleşdirmek, şol sanda degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak we halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şu babatda Türkmenistan netijeli başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi.

Ynsanperwer ulgam ýurdumyz bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky, tutuş türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu babatda bilim hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we şäheriň gubernatory Aleksandr Beglow bu baradaky gürrüňi dowam edip, şol ulgamda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.

Bellenilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny goldamak, taryhy hakydany aýawly saklamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, myhman Newanyň boýundaky şäheri goranlaryň hatarynda türkmenistanlylaryň hem bolandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman giň ugurlar boýunça işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, şeýle gatnaşyklaryň uzak möhletli özara bähbitlere, döwletara gatnaşyklaryň strategik ugruna laýyk gelýändigini bellediler.

Milli Liderimiziň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly goşandynyň bardygyny belläp, Aleksandr Beglow döwlet Baştutanymyza geçirilen çuň mazmunly gepleşikler üçin hoşallyk bildirdi hem-de özüniň binagärlik keşbi, milli bezegleri hem-de ertekilerdäki ýaly gözelligi bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny aýtdy.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gatnaşdy.

* * *

Şu gün Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň ýurdumyza saparynyň barşynda Daşary işler ministrliginiň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şolaryň barşynda esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

Newanyň boýundaky şäheriň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasyna A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp görmek çäresi, Sankt-Peterburgyň döredijilik toparlarynyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryndaky konserti, myhmanlary paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşdyrmak çäresi girizildi.