close-icon
Habarlar
photo
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon söhbetdeşligi
14.10.2024

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. 

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. 

Ilki bilen dostlukly ýurduň Baştutany Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň ýubileýi mynasybetli geçirilen ýokary wekilçilikli foruma gatnaşmak barada iberen çakylygy hem-de bu şanly sene mynasybetli döredilen ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. 

Akyldar  şahyr eserlerinde parahatçylyk, ýagşylyk hem-de ynsanperwerlik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edipdir. Onuň edebi mirasy häzirki wagtda hem öz gymmatyny  ýitirmän gelýär. Özbegistanda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berilýär diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew belledi hem-de Aşgabatda geçirilen halkara maslahatyň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. 

Gahryman Arkadagymyz özbek Liderine beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli  geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlady. 

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri forumyň çäklerinde Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny  belledi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda wagtyň synagyndan geçen hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda döwletara dialoga mahsus özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesiniň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy guraly bolup durýandygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we oba hojalyk ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/42675/turkmen-halkynyn-milli-lideri-turkmenistanyn-halk-maslahatynyn-baslygynyn-ozbegistan-respublikasynyn-prezidenti-bilen-telefon-sohbetdesligi