close-icon
Habarlar
photo
Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
28.01.2020

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz milli medeniýetimizi mundan beýläk-de öwrenmek, halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony giňden wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek wezipeleriniň aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň alyp barýan işleri, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda meýilleşdirilen medeni çäreler, şeýle hem Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan dabaralar barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ugurlarda, şol sanda ykdysady pudaklarda gazanýan uly üstünliklerini wagyz etmekde hem-de beýan etmekde, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, durmuş syýasatyny amala aşyrmakda hem-de türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny çuňňur öwrenmekde we giňden wagyz etmekde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň aýratyn ornuny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli teleýaýlymlarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlarynyň, aýratyn-da, şöhratly pederlerimiziň döreden, dünýäniň genji-hazynasyna giren milli gymmatlyklarynyň, ýagşy dessurlarynyň wasp edilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, milli teleýaýlymlaryň işini tankyt etdi. Olarda taýýarlanylýan gepleşiklerde döwrüň ruhuny, ýurdumyzyň soňky ýyllarda ýeten derejesini giňden açyp görkezýän wakalar yzygiderli beýan edilmeýär.

Hususan-da, «Miras» teleradioýaýlymynda dünýä medeniýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşan halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary baradaky gepleşikler ýetmezçilik edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we teleýaýlymyň işgärleriniň öz öňlerinde durýan wezipä sowatly we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmeýändiklerini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin G.Baýramdurdyýewi Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşatdy we bu wezipä G.Çaryýewany belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa işinde üstünlik arzuw edip, «Miras» teleradioýaýlymynda halkymyzyň asylly ýörelgelerine, maşgala edebine we nesil terbiýesine degişli, çuňňur many-mazmunly gepleşikleriň taýýarlanylmalydygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyz hemişe nesil terbiýesine möhüm ähmiýet beripdir. Şunlukda, olar çaganyň halal zähmetiniň üsti bilen terbiýelenilmegini, oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň özüne mahsus, tebigatyna laýyk gelýän hünärleri saýlap almagyny esasy ugur edinipdirler.

Bu wajyp mesele «Miras» teleradioýaýlymynyň hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Onda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan perzent terbiýesi, geçmişde döredilen oňyn ýörelgeler, şol bir wagtyň özünde «Paýhas çeşmesi» atly kitapda beýan edilýän nakyllar we olaryň ähmiýeti barada yzygiderli gepleşikler taýýarlanylmalydyr.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretaryna ýüzlenip, häzirki döwürde medeniýet we sungat, gazetleriň we žurnallaryň, teleradioýaýlymlarynyň işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine, olaryň häzirki döwrüň talabyna we ruhuna laýyk gelýän eserleri döretmek ukybynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Halkymyzyň ruhy baýlygy, onuň şöhratly taryhy, gadymy rowaýatlar, halk döredijiligi we dessanlar häzirki zaman ylmy çemeleşmeler esasynda wagyz edilmelidir. Bu işde multimediýa žurnalistikasynyň usullary, sanly tehnologiýalar işjeň ulanylmalydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara köpçüligi türkmen halkynyň medeni baýlygy, onuň döredijilik ýolunyň köpdürlüligi bilen giňden tanyşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň, ösen ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen tejribe alşylmagynyň işiň netijeliligini artdyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmekde hem ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Halkymyzyň sungatynyň ajaýyp nusgalary, şol sanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Köneürgenç, Nusaý we Merw taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň döreden, bu abraýly guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen zenanlarynyň zehininden kemal tapan halyçylyk sungaty halkara derejesinde ykrar edildi.

Munuň özi türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň dünýä nusgalykdygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Hut şu ugurlar, şeýle hem ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy yzygiderli wasp edilmelidir. Şunlukda, medeniýet we sungat hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri şu ugurlary öz işlerinde baş ýörelge edinmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygary bilen baglylykda we eziz Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmekde hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.