Şu gün halkymyz Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygyny giňden belleýär. Bu şanly baýramçylyk parahatçylygy, durnuklylygy, ähli döwletler bilen özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary, halkymyzyň mizemez jebisligini alamatlandyrýar.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik, hoşniýetlilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlylygynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdi bilen Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama üçin şol wagtky BMG-ä agza 185 döwletiň ählisi biragyzdan ses berdi. Şoňa görä-de, bu şanly waka ähli türkmenistanlylar üçin aýratyn buýsançly güne öwrüldi.
Ynsanperwer we demokratik ýörelgelere eýerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen, durmuş we ykdysady taýdan ähmiýetli strategik wezipeleri üstünlikli çözýändigini ynamly aýtmak bolar. Ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşler, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýy munuň aýdyň mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan eden teklipleriniň, şol sanda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda öňe süren başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetini bellemek gerek.
“Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, dünýäniň dürli ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNESKO-nyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanalary bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmunda baýlaşdyrylýar.
BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlanylandygyny bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň, Türkmenistanyň dünýä giňişliginde barha belende galýan abraýynyň, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşýan uly goşandynyň dünýäde ykrar edilmeginiň nobatdaky beýanydyr.
Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetli orny we onuň mümkinçilikleriniň zerurlygy ýene-de bir gezek tassyklanylýar. Häzirki wagtda düzümine 20-den gowrak döwlet girýän parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň işi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şol toparyň düzümine girýän döwletleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, 2017-nji ýylda kabul edilen “Halkara Bitaraplyk güni” we 2020-nji ýylda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamalarynyň awtordaşy bolan ýurtlar hem bar. Bu köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek we ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Şu ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berildi.
Ýurdumyz daşary syýasatynyň esasyny düzýän Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli durmuşa geçirip, ählumumy başlangyçlara işjeň goşulyşýar, parahatçylygyň we ylalaşygyň, adamzadyň taglymlarynyň berkarar edilmeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlyga saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkymyzyň beýik gymmatlygydygy bellenilýär. Bitaraplyk Ýer ýüzünde asuda durmuşy, halklaryň dost-doganlygyny, ynsanperwerligi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de ösüşi dabaralandyrýan taglymatdyr. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Esasy Kanunymyzda berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esas goýujy ýörelgelerini goldanyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris.
Biz «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimize laýyklykda, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýäris. Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga çalyşýarys. Halkara üstaşyr ulag geçelgelerini, has kämil, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanyp, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, täze şäherçeleridir obalary gurýarys diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär.
Bitaraplyk binasynyň öňündäki meýdançada watandaşlarymyz we myhmanlar, “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara foruma, şeýle hem parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň we Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki ilçileri, ýurdumyzdaky diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Bitaraplyk binasynyň öňündäki baýramçylyk äheňinde bezelen meýdança barýar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.
Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merdana halkymyzyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül çemenini goýdy. Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýýarlar.
Halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryna we milli medeniýetimize doly laýyk gelýän bu özboluşly hukuk ýagdaýy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbidine parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
...Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaralar şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde joşgunly konsert maksatnamalary, medeni-köpçülikleýin, sport çäreleri bilen utgaşdy.
https://www.tdh.gov.tm/tk/post/38986/turkmenistanyn-prezidenti-bitaraplyk-binasyna-gul-goymak-dabarasyna-gatnasdy-3