Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP-28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary bilen ugrady. Döwlet Baştutanymyzy Aşgabadyň Halkara howa menzilinden resmi adamlar ugratdylar.
Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan duşuşygynyň barşynda ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän döwletara gatnaşyklaryň dostlukly, netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Dubaýda BMG-niň howandarlygynda geçirilýän, häzirki döwürde adamzady tolgundyrýan möhüm meselelere bagyşlanan ählumumy forumyň ähmiýeti bellenildi.
BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ählumumy derejede derwaýys wezipeleriň, şol sanda ekologik meselelere degişli wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda Türkmenistanyň uly goşandyny nygtap, döwlet Baştutanymyza iş saparynyň hem-de “COP-28” maslahatyna gatnaşmagynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Dubaýa çenli uçuşy amala aşyryp, Şeýh Maktum adyndaky Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.
Ozal habar berlişi ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty Dubaýda şu ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli geçirilýär. Bu iri forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekilleri, şol sanda döwletleriň we hökümetleriň, ugurdaş döwlet düzümleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, bilermenleri, raýat jemgyýetiniň, işewür toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ýaşlary we beýlekileri birleşdirýär. “Dubai EXPO City” toplumynda geçirilýän “COP-28” maslahatynyň çäklerinde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meselelerine bagyşlanan dürli çäreler guralar. Şunda ýokary derejedäki çäreler aýratyn ähmiýete eýedir. 1-2-nji dekabrda Dubaý Bütindünýä howa sammitini kabul edýär.
Ählumumy forumyň barşynda howa boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilişiniň jemleri jemlener, geljekki hereketleriň meýilnamasy kesgitlener. Dünýä bileleşigi öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin şol meýilnamadan ugur alyp biler. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, onuň netijelerini aradan aýyrmaga, ekologik we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, saglygy goraýşa, “ýaşyl” energetika, tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga, galyndylary gaýtadan işlemäge degişli meseleler we beýlekiler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýaramaz täsir edýän zyňyndylary azaltmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Ählumumy metan borçnamasy bu wezipäni çözmäge ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, ekologik meseläniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady we durmuş ulgamyndaky ähli giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ekologiýa we tebigaty goramak babatdaky talaplaryň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda iri düzümleýin we şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hem esasy şerti bolup durýar. Bu babatda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurlan täze “akylly” şäheri — Arkadag şäherini mysal getirmek bolar.
Ýurdumyz howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ählumumy tagallalary utgaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlara we ylalaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, Pariž ylalaşygyny goldady hem-de ony 2016-njy ýylyň oktýabrynda tassyklady. Howa gün tertibi boýunça maksatlara ýetmek üçin Türkmenistan degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Soňky ýyllarda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2020-nji ýylda ýurdumyz BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen “Şäherlerdäki baglar” atly halkara maksatnama goşuldy. Şeýle hem Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistan Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony tassyklady.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasy baradaky başlangyjy goldady. Şol günden bäri degişli maksadalaýyk işler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy.
Türkmenistan Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 24-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa “COP-28” maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy bilen, birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklaryna ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.
Mälim bolşy ýaly, metan atmosferada ähmiýeti boýunça üçünji parnik gazydyr. Ol kömürturşy gazyndan soňra, howanyň ählumumy maýlamagynyň ikinji çeşmesi bolup durýar. Metanyň atmosferada jemlenmeginiň artmagy howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna we parnik täsiriniň güýçlenmegine getirýär.
Howanyň üýtgemegi baradaky meseläniň halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýändiginden ugur alyp, Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we pes uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzda tebigy gazdan wodorod öndürmegiň taslamalaryny amala aşyrmaga hem “ýaşyl” ykdysadyýetiň çäklerinde geljegi uly ugurlaryň hatarynda garalýar. Bularyň ählisi Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmek wezipelerini çözmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Dubai EXPO City” toplumyna tarap ugrady. Bu innowasion şäherçäniň “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň geçirilen ýerinde gurlandygy bellärliklidir. Şol köpugurly gözden geçirilişde Türkmenistanyň pawilýony hem gurnaldy. Bu sergi Watanymyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň, durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň, köptaraply halkara hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň, şeýle hem halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň sergi bölümi “EKSPO — 2020-ä” gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sergi bölüminde ekologik meseläniň hem aýdyň beýanyny tapandygyny bellemek gerek.
“Dubai EXPO City” toplumyna gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşyladylar.
“COP-28” maslahatyna gatnaşyjylaryň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Bütindünýä howa sammitiniň açylyş dabarasy boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan gutlag sözünde belent mertebeli myhmanlara sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Onuň gün tertibine tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan meseleler girizildi. BAE-niň Prezidenti “COP-28” maslahatynyň häzirki döwrüň esasy wehimleriniň birine garşy durmakda tagallalary birleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirip, ählumumy howa meselelerini çözmäge niýetlenen täze gaznanyň döredilýändigini habar berdi.
Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş sammite gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol dünýä bileleşigini howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça toparlaýyn hereketleri çaltlandyrmaga çagyrdy. Ýer ýüzüniň ähli döwletlerini we halklaryny tolgundyrýan howa meselesi bilen baglanyşykly kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde “COP-28” maslahatynyň wajypdygy nygtaldy.
Forumda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna we Hökümetine myhmansöýerlik, netijeli işlemek babatda döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýar. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyndan, soňraky iri forumlardan we Türkmenistanyň häzirki tagallalaryndan başlap, ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dowamatlylygy, yzygiderliligi üpjün etmek bu strategiýada kesgitleýji orny eýeleýär.
2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa ýurdumyzyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi. Türkmenistanyň howa boýunça Pariž ylalaşygyna goşulmagy nobatdaky ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň täze redaksiýasy tassyklanyldy. Resminama inklýuziw häsiýete eýedir hem-de ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň ähli esasy pudaklarynyň täze talaplara uýgunlaşmagy boýunça çäreleriň giň sanawyny özünde jemleýär. Ýangyç-energetika toplumyna aýratyn üns berilýär. Bu toplumda ugurdaş nebit gazynyň gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak we tebigy gaz iberilende, onuň ýitgisini kemeltmek arkaly zyňyndylary azaltmak boýunça uly işler ýerine ýetirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandy möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň Glazgoda geçirilen 26-njy maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldamak barada aýtdy we resminamany içgin öwrenmäge, ony durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar.
Şu gün bu belent münberden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer.
Ýurdumyzyň Merkezi Aziýada howa meselelerini çözmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda ilerledýän giň halkara hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini bellemek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Şol sebit maksatnamalary bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendir. Türkmen tarapy bu resminama Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garaýar. Şeýlelikde, 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere, biodürlülige eýe bolan, şol bir wagtyň özünde, düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky ýurdumyzyň başlangyjy bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe bolýar.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ählumumy howa başlangyçlarynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge doly ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan teklip edilýän Howa we saglyk boýunça Jarnamany goldaýar we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek babatda saglygy goraýyş meselelerinde biziň umumy tagallalarymyzy, bitewüligimizi tassyklamak üçin Jarnamany goldamagy wajyp hasaplaýar.
Ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda howanyň üýtgemeginiň täsiriniň örän uludygyny nazara almak bilen, Türkmenistan Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny doly goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda milli Hökümetleriň we ýerli häkimiýetleriň arasynda utgaşykly hereketiň möhümdigini ykrar etmek bilen, Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin “СOP-28” koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldamaga taýýardyr.
Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara alyp, Emirlikler Jarnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen oba hojalygy, ekologiýa, energetika, maliýe, saglygy goraýyş ulgamlarynda sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we çykyşynyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylara üns berip diňländikleri üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi.
Plenar mejlislerde halkara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýan gün tertibiniň meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmalaryň barşynda sammite gatnaşyjylar dünýäniň howpsuzlygynyň we sagdyn geljeginiň bähbidine wajyp wezipeleri çözmäge ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Şu gün “COP-28” maslahatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Inger Andersen bilen duşuşdy.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä howa sammitine gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi. Çünki Ýer biziň umumy öýümizdir. Biz ony geljek nesiller üçin aýawly saklamalydyrys. Ýurdumyz örän wajyp wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermäge çalşyp, bilelikdäki ylalaşykly hereketleri pugtalandyrmaga anyk goşandyny goşýar. Tutuş adamzadyň geljegi bolsa şol hereketlere baglydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär.
***
Şu gün ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary “СOP-28” maslahatynyň çäklerinde geçirilýän we azyk üpjünçilik ulgamyny, daşky gurşawy goramagyň maliýeleşdirilmegini özgertmek, howa şertlerini nazara almak bilen, ekologik ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanan çärelere gatnaşdylar.
https://www.tdh.gov.tm/tk/post/38863/hormatly-prezidentimiz-serdar-berdimuhamedow-bmg-nin-howanyn-uytgemegi-baradaky-carcuwaly-konwensiyasyna-gatnasyjy-taraplaryn-maslahatyna-gatnasdy