Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Häzirki wagtda Raýat kodeksiniň täze beýanyny, milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, gidrometeorologiýa işi bilen baglanyşykly we başga-da birnäçe kanunlara döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Deputatlaryň bilim we hünär derejelerini ýokarlandyrmak, kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, dostlukly ýurtlar bilen ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Mejlisiň wekilleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda boldular, Almaty şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara maslahatyna, Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýada maşgala gatnaşyklary babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna hem-de Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň Tähran şäherinde geçirilen mejlisine, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilhanasynyň we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini halkymyza düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada-da habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilmegine gönükdirilen degişli ylalaşygy baglaşmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de tutuşlygyna Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara agentlikler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmelidigini belledi hem-de “Fitch Ratings” agentligi tarapyndan Türkmenistana berlen halkara derejeleriň ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny has-da ýokarlandyrýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şundan ugur alyp, halkara agentlikler bilen zerur işleri yzygiderli alyp barmak babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynyň düzüm böleklerinde, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Şu maksatlar bilen, meýilnama laýyklykda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň tehnologik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de bu kärhananyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işjeňliginiň ýokarlandyrylmalydygyna, zawodyň degişli desgalaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan elektrik energiýasyny öndürýän iki sany gaz turbina desgasynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär. Bugdaý ekilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak guramaçylykly geçirilýär. Ýygnalan hasyl pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlenilýär.
Döwlet harmanyna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, wise-premýer ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze tokaý zolaklaryny döretmek, Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Arkadag we Aşgabat şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda ählihalk bag ekmek dabaralaryny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Hususan-da, bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamak boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Daşky gurşaw bilen bagly meseleler Türkmenistanyň syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar hem-de ýurdumyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bu ugurda köp sanly başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geljek hepdede — 4-nji noýabrda nobatdaky ýaşyl ekologiýa çäresiniň, ýagny ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljekdigini aýdyp, bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ugurdaş düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu maksatlar bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmaga, şeýle hem ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary — Ahal asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada-da aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 maşgala niýetlenen 4 gatly Gyýanly ýaşaýyş jaý toplumynyň, 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 120 orunlyk çagalar bagynyň, söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işlerine başlamaga taýýarlyk görülýär. Bu taslama döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynda ulanmaga beriljek desgalaryň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmegiň, şeýle hem täze, döwrebap elektrik stansiýasynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň düýbüni tutmak dabaralaryny ýokary guramaçylykly geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny görkezýän bu taryhy wakalaryň bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini belledi.
Kuwwatlylygy 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasy ýurdumyzda gaz we bug dolanyşygynda işlejek iri energiýa desgasydyr. Berkarar Watanymyzda şeýle döwrebap elektrik stansiýasynyň gurulmagy diňe bir özümizi ygtybarly elektrik energiýasy bilen üpjün etmän, eýsem, bu babatda alyp barýan diwersifikasiýa özgertmelerimiz bilen goňşy ýurtlara, sebite, gerek bolsa, beýleki ýurtlara hem ibermäge taýýardygymyzy ýene-de bir gezek görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyny artdyrmaga we eksport kuwwatyny giňeltmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Şunda Döwlet haryt-çig mal biržasynda Türkmenistanyň önümlerini sanly birža söwdalarynyň üsti bilen ýerlemekde halkara maglumat ulgamlaryndan peýdalanylýandygy we degişli şertnamany baglaşmagyň teklip edilýändigi barada aýdyldy. Munuň özi birža hyzmatlaryny dessin amala aşyrmaga, daşary ýurtly täze müşderileri çekmäge, daşary söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan şertnama baglaşmak meselesini öwrenmegi we şu esasda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürip, birža söwdalaryny geçirmek işini kämilleşdirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra wise-premýer ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine degişli senagat kärhanalaryny, olary dolandyrmak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu ulgamda guramaçylyk-hukuk kadalaşdyrylyşyny döwrüň ýagdaýlaryna laýyk getirmek boýunça meseleleriň netijeli çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda meýilleşdirilen esasy çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralarynyň tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, noýabr aýynyň dowamynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemleniler hem-de “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly uniwersiada, sport ýaryşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, häzirki zaman koreý sazlarynyň konserti, koreý kinofilmleriniň görkezilişi guralar.
Önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalary açmak we olaryň düýbüni tutmak dabaralary-da guralar. Şunuň bilen birlikde, ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Noýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň fransuz we german sazandalary bilen bilelikdäki konserti, “Ýaşlar” atly kinofilmiň ilkinji görkezilişi, Hasyl toýy mynasybetli dabaralar, “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly IV halkara teatr festiwaly geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, noýabr aýynda meýilleşdirilýän medeni çärelerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler, halkymyzyň belent watançylyk ruhy öz beýanyny tapmalydyr diýip aýtdy hem-de wise-premýere olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň, gullugyň kärhanalarynyň önümçiliginiň bökdençsiz we kadaly işini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Arçman” şypahanasynyň täze binalar toplumyny gurmak meseleleri boýunça hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinde “Arçman” şypahanasynyň taryhy hem-de onuň melhemlik häsiýetleri baradaky gymmatly maglumatlara aýratyn orun berilýär. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin talabalaýyk işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Il saglygy — ýurt baýlygy” diýen çuň manyly pähimden ugur alyp, keseli bejermeli däl-de, onuň öňüni almalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň saglygyny berkitmekde döwrebap şypahanalaryň uly ornunyň bardygy nygtaldy. “Arçman” şypahanasy ýurdumyzdaky baýry şypahanalaryň biri bolmak bilen, ol ýerde saglygyny dikeltmäge barýan adamlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şonuň üçin bu şypahananyň durkuny düýpli täzelemek, has-da döwrebaplaşdyrmak zerur bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu resminamanyň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, ilki bilen, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de saparyň jemleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu sapar strategik häsiýetli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna kuwwatly itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine we Ankara şäherinde ýerleşýän “Türkmenistan” seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynda geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu foruma iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen bir hatarda, Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we işewür düzümleriniň wekilleriniň 700-e golaýy gatnaşdy. Forumyň çäklerinde türkmen hem-de türk işewürleriniň arasynda jemi 15 duşuşyk geçirilip, şertnamalardyr ylalaşyklaryň 14-sine gol çekildi.
Ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlara seljerme berlip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkitmek, täze derejä çykarmak boýunça uzak geljege gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň resmi saparynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen hökümetara we pudagara resminamalaryň 13-sine gol çekildi. Mundan başga-da, saparyň barşynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň arasynda energetika, ulag, söwda, daşky gurşawy goramak, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlar boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Wise-premýer, daşary işler ministriniň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň beýan eden başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, syýasy ugurda türkmen-türk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin anyk çäreleri özünde jemleýän “Ýol kartasyny” ýakyn wagtda işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şu ýylyň dekabr aýynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisini we Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtda, iki döwletiň degişli ministrlikleri we pudak edaralary tarapyndan 2024-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni, ylmy-okuw çäreleriniň senenamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasy biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýar. Doganlyk döwlete bolan saparyň dowamynda birnäçe resminamalara gol çekildi. Uly maksatly ylalaşyklar gazanyldy. Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge iki tarapyň hem uly isleg bildirýändigini doly tassyklady. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklarda aýratyn ähmiýetli wakadyr diýip, dostlukly ýurda amala aşyrylan bu saparyň aýratyn ähmiýetini belledi.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň we onuň kiçi komitetleriniň nobatdaky mejlislerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda komitetiň altynjy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda, hususanda, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, ulag we logistika, howpsuzlyk, ynsanperwer ugur, energetika hyzmatdaşlygy boýunça kiçi komitetleriň altysynyň mejlislerini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Hytaý bilen strategik häsiýete eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Häzirki tapgyrda döwrüň ýagdaýlaryny hasaba almak bilen, ägirt uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň we onuň kiçi komitetleriniň alyp barýan işleri köp babatda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hödürlenen resminamany makullap, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri 2023-nji ýylda Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriljek bu forumyň 16-njy mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen tarapynyň guramagynda şu ýylyň dowamynda köptaraplaýyn onlaýn maslahatlaryň we “tegelek stol” duşuşyklarynyň 4-si geçirildi. Şeýle hem öňde boljak çäre barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, forumyň çäklerinde ulag we logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy, bilim-ylym, syýahatçylyk ugurlaryna degişli 6 sany mejlisi geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem ministrler derejesinde ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak göz öňünde tutulýar. Forumyň netijesi boýunça Jemleýji resminama kabul ediler.
Bu forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumynyň, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň dördünji mejlisiniň we “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürler geňeşiniň bäşinji mejlisiniň geçirilmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň gazananlaryna bagyşlanan sergileriň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar häzirki wagtda işjeň ösdürilýär hem-de hil taýdan täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şunda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň wajyp ornuna üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlary bilen uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtap, öňde boljak çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda halkara üstaşyr ulag geçelgelerinden netijeli peýdalanmak, milli ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmak, ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistikany ösdürmek, ulaglaryň ähli görnüşinde ýolagçy we ýük gatnawlary ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa toplumyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylandygyny, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam edýändigini, halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ygtybarly üstaşyr ulag gatnawlaryny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada-da aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna üstaşyr gatnawlaryň möçberini mundan beýläk-de artdyrmak we çäklerini giňeltmek boýunça tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna, ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, hemmeleri ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady.
Türkmen alabaýy merdana halkymyzyň genji-hazynasydyr we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen ýene-de biri gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.tdh.gov.tm/tk/post/38386/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-98