Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün etmegiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, olaryň işini kämilleşdirmegiň meseleleri girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol hasabat döwründe ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri üpjün etmek, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de mähriban topragymyzda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň abadan, döredijilikli durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýan Harby doktrinada kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şunda öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini belledi. Şunuň bilen birlikde, edermen ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirýän harby gullukçylaryň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemäge, ýaş serkerdeleriň we esgerleriň nazary hem-de söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Baş prokuror S.Mälikgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen dokuz aýda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygyň berk berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmagyň, raýatlarymyzyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli wezipeleriň öz wagtynda çözülmegini, prokuratura edaralarynyň işine döwrebap usullaryň işjeň ornaşdyrylmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda tertip-düzgüni berkitmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, ähli ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy däp bolan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň netijeleri barada aýtdy. Onuň çäklerinde geçen aýda ilatyň ýollarda howpsuzlygyň kadalary baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmaga, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen düşündiriş, wagyz-nesihat çäreleri guraldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Mary welaýatynyň Mary şäherinde içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem welaýat Polisiýa müdirliginiň birliklerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň gurlup ulanmaga berlendigi barada habar berildi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işinde Içeri işler ministrliginiň möhüm ornuna, ýokary jogapkärçiligine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, innowasiýalary hem-de sanly ulgamy netijeli ulanmagyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň girewi bolup durýandygyny belläp, ministre degişli tabşyryklary, şol sanda ugurdaş edaralaryň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, milli kazyýet ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunda ulgamyň işini umumy ykrar edilen halkara standartlara we täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmegiň, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramagyň bu edaranyň möhüm wezipeleridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz agzalan ulgamyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmagyň, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, şol sanda sanly ulgamdan netijeli peýdalanmak arkaly döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew degişli döwürde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzda durnukly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy we asudalygy üpjün etmek bu işiň esasy ugrudyr. Munuň özi eziz Watanymyzyň döredijiligiň we okgunly ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň möhüm şerti bolup durýar.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramakda, Watanymyzyň has-da rowaçlanmagyny, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde Milli howpsuzlyk ministrliginiň wajyp ornuny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ministrligiň öňünde goýlan wezipeleriň netijeli çözülmeginiň möhümdigini belläp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi, degişli düzümiň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de serhetçileriň üstüne örän jogapkärli wezipeleriň ýüklenendigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň ähli goňşy ýurtlar bilen dostlugyň, hoşniýetliligiň serhedi bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz döwletimiziň gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerinde mundan beýläk-de ýakyndan goldaw berjekdigini belläp, bu edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleriň takyk ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Adalat ministri M.Taganow şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak maksady bilen, hereket edýän kanunçylygy yzygiderli seljermegiň ähmiýetini nygtady. Şol kadalaşdyryjy hukuk namalary döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga, geljegi nazara almak bilen, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam etmelidir.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýewe söz berildi. Ol hasabat döwründe bu düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, onuň bölümlerini edaranyň esasy wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin niýetlenen döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we gullugyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy wezipeler barada aýdyp, Türkmenistanyň çäk taýdan örän amatly ýerleşmegi esasynda kontinental we transkontinental gatnaw ýollarynyň strategik çatrygy hökmünde öz ornuny ynamly berkidýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň gümrük serhedi arkaly ulag serişdeleriniň gatnawlarynyň we ýükleriň daşalmagynyň tertibine berk gözegçilik etmek, bellenen talaplara laýyklykda degişli çäreleri geçirmek babatda anyk görkezmeler berildi. Döwlet Baştutanymyz gullugyň işine sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny nazara almak bilen, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine hem aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ugurdaş maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň esasy wezipesiniň migrasiýa ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekden hem-de bu ulgamda hyzmatlaryň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmekden ybaratdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, edaranyň işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýandygyny aýtdy. Şoňa görä-de, Watanymyzyň Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir. Biz Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümini hem-de işini mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdireris. Ýurdumyzyň goranmak ukybyny has-da berkideris. Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça hem uly işleri durmuşa geçirmegi dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.tdh.gov.tm/tk/post/38064/turkmenistanyn-dowlet-howpsuzlyk-genesinin-mejlisi-25