Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş sapary bilen ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýanyň Premýer-ministriniň çakylygy boýunça amala aşyrýan bu sapary netijeli döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup durýar. Häzirki döwürde bu gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.
Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Şol döwürden bäri dostluga we taraplaryň hoşmeýilli erk-isleglerine esaslanýan türkmen-wenger hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda ýokary we Hökümet derejesindäki duşuşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Wengriýanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran resmi sapary we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylda bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Aşgabada resmi sapar bilen gelen Premýer-ministr Wiktor Orbanyň arasynda şu ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berk ygrarlydygy tassyklanyldy. Duşuşygyň gün tertibine türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ençeme meseleleri girizildi. Munuň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 8-nji iýunda Wengriýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynyň barşynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Duşuşykda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alşyldy.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly, netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Aşgabatda geçirilen gepleşikler we hormatly Prezidentimiziň Budapeşte şu gezekki sapary iki ýurduň hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga, täze taryhy tapgyrda ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ugurlaryny işläp taýýarlamaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda türkmen-wenger gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, işewür düzümleriň arasynda, maýa goýum ulgamynda, senagat kooperasiýasy ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki Hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir. Onuň işi anyk netijeleri gazanmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Şunda iki halkyň taryhy-medeni umumylygy baglanyşdyryjy şert hökmünde çykyş edýär. Bu babatda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak, sport ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Ýokarda aýdylanlar bilen birlikde, Türkmenistan we Wengriýa syýasy-diplomatik ulgamda, şol sanda köptaraplaýyn görnüşde, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, derwaýys sebit we ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny görkezýärler. Bularyň ählisi iki ýurduň umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän giň gerimli hyzmatdaşlyga meýillidigine şaýatlyk edýär.
...Hormatly Prezidentimiziň uçary Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, Ferens List adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Wengriýanyň Premýer-ministriniň kabulhanasyna ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany wenger Hökümetiniň ýolbaşçysy Wiktor Orban mähirli garşylady.
Türkmenistanyň we Wengriýanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Premýer-ministr Wiktor Orbanyň duşuşygy boldy. Bu duşuşyk giňişleýin düzümde, iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Wengriýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyza Budapeşte gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Premýer-ministr Wiktor Orban golaýda Aşgabada bolan saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Wenger Hökümetiniň ýolbaşçysy mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Premýer-ministr Wiktor Orban Wengriýanyň Türkmenistany hoşniýetli dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Budapeşte şu ilkinji saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Milli baýram — Keramatly Stefanyň güni hem-de Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Premýer-ministr Wiktor Orbany we onuň üsti bilen dostlukly ýurduň ähli halkyny bu şanly wakalar bilen gutlady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň gowy arzuwlaryny aýdyp, wenger Hökümetiniň ýolbaşçysyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň gutlag hatyny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-wenger gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Premýer-ministr Wiktor Orbanyň şu ýylyň iýun aýynda Aşgabada bolan resmi saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga uly itergi berendigini nygtady. Ykdysadyýetiň geljegi uly pudaklarynyň ençemesi boýunça we medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekilmegi türkmen paýtagtynda geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Wengriýa gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri amala aşyrýarlar. Munuň özi bolsa umumy bähbitlere doly laýyk gelýär.
Duşuşygyň dowamynda energetika ulgamy tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirip, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň deň derejede bähbitlerini nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa ugrunyň Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi. Ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlyga hemişe taýýardyr.
Bellenilişi ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasyny we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara düzümleriň münberinden öňe sürýän ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky oňyn başlangyçlaryny doly goldaýar. Şeýle hem wenger tarapy ýurdumyzyň durmuşa geçirýän, diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan energetika syýasatyna ýokary baha berýär hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Ulag, senagat, derman senagaty, oba hojalygy we beýleki birnäçe pudaklar hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen birlikde, türkmen-wenger ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, sport ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy höweslendirmek däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam eder.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Wengriýanyň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Wiktor Orban netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Milli atletika merkezine ugrady. Dunaýyň gündogar kenarynda gurlan bu täze sport toplumynda şu günler Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionaty geçirilýär. Sportuň bu görnüşi tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir.
19-njy awgustda badalga alan ýaryşlara 200-den gowrak ýurtdan türgenleriň 2 müňden gowragy gatnaşýar. Wengriýanyň paýtagty Budapeşt Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny ilkinji gezek kabul edýär. Munuň özi Ýeňil atletika federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (World Athletics) howandarlygynda guralýan ýaryşlaryň 19-njysydyr.
Ýeňil atletikanyň taryhynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygy bellärliklidir. Onuň Gadymy Gresiýanyň Olimpiýa ýaryşlarynda (b.e. öňki 776-njy ýyl) ylgamak boýunça geçirilen bäsleşiklerden başlanandygy barada aýdylýar. Häzirki döwürde ýeňil atletika sportuň esasy we köpçülikleýin görnüşleriniň biri bolmak bilen, ençeme görnüşleri, şol sanda ylgamak, sport ýörişi, bökmek we beýleki köp görnüşlerini birleşdirýär.
Ýeňil atletikanyň okgunly ösüşi Olimpiýa oýunlarynyň dikeldilmegi (1896-njy ýyl) bilen baglanyşyklydyr. Şol oýunlarda ýeňil atletika möhüm orun berildi. Häzirki döwürde olimpiadalar sportuň bu görnüşini tutuş dünýäde ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatlary barada aýdylanda bolsa, olar 1983-nji ýyldan bäri geçirilýär. 1991-nji ýyldan bäri bu ýaryşlar iki ýylda bir gezek guralýar.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri boýunça dünýä birinjiliginiň ýaryşlaryna tomaşa etmegi ýurdumyzda sport hereketini höweslendirmäge we ösdürmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli işleriniň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň sporty hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça yzygiderli ädimler ädilýär. Bu ugurdaky işler uzak möhletli, umumymilli maksatnamanyň häsiýetine eýe boldy.
Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä standartlaryna laýyk gelýän sport toplumlary, döwrüň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan sport mekdepleri guruldy. Ýöriteleşdirilen desgalaryň ençemesi Aşgabatda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýär. Olarda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda ýeňil atletika bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. 2017-nji ýylda bu köpugurly sport toplumynyň meýdançalarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda bolsa Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli geçirildi.
Bedenterbiýe we sport, hususan-da, onuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ajaýyp şertler döredildi. 2014-nji ýylda bu ýerde Windsörfing boýunça dünýä Kubogynyň tapgyry geçirildi. Şol ýaryşlar bilen Türkmenistan ilkinji gezek ýelkenli sport boýunça halkara bäsleşikleriň senenamasyna girdi. Şeýlelikde, ýurdumyz sebit we dünýä möçberindäki iri ýaryşlary guramak hem-de geçirmek üçin uly tejribä, mümkinçiliklere, zerur bolan düzümlere eýedir.
Diýarymyzda türgenleriň netijeli türgenleşmegi hem-de ýaryşmagy, şeýle hem ýokary hünärli tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmek, olimpiýaçy türgenleri kemala getirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň ajaýyp üstünlikleridir ýeňişleri Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýanyň aýdyň netijeleridir. Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna, sport döwleti hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Häzirki wagtda türkmenistanlylaryň köpüsi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga barha köp çekilýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyz ildeşlerimize, aýratyn hem ýaşlara görelde bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti bolmak bilen, ýurdumyzda guralýan köpçülikleýin sport çärelerine yzygiderli gatnaşýar.
Sport — güýç-kuwwatyň, gözelligiň, sagdynlygyň we sazlaşygyň, şol bir wagtyň özünde parahatçylygyň, halklaryň arasyndaky dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň barşynda sport ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselesi hem gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşylýar. Öz tarapyndan, Bitarap Watanymyz halkara sport we olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar. Munuň özi adamlary ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň töwereginde birleşdirýän möhüm şert bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Ýeňil atletika boýunça XIX dünýä çempionatynyň dabaralaryna gatnaşmaga çagyrylmagy Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň, onuň parahatçylygy pugtalandyrmaga hem-de dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşandynyň ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Budapeştiň Milli atletika merkezine gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýene-de Premýer-ministr Wiktor Orban mähirli garşylady.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde iň gyzykly ýaryşlaryň biriniň — erkekleriň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň tomaşaçysy boldy. Gysga aralyga ylgamak boýunça türgenleriň arasyndaky ýaryşlar sport muşdaklarynda hemişe uly gyzyklanma döredýär. Dünýä çempionatlarynda we Olimpiýa oýunlarynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň jemleýji tapgyrynyň ýeňijisi bolmak ugrunda dünýäniň iň güýçli türgenleri bäsleşýärler.
Bu ýerde wenger tarapynyň adyndan belent mertebeli myhmanlar üçin her ýyl 20-nji awgustda bellenilýän Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli kabul edişlik guraldy.
Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Budapeştiň Ferens List adyndaky halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.
https://www.tdh.gov.tm/tk/post/37243/hormatly-prezidentimiz-serdar-berdimuhamedowyn-wengriya-sapary