close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Belgiýanyň Patyşasyny gutlady
20.07.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň ähli halkyna Belgiýanyň milli baýramy — Patyşanyň kasam eden güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Filippe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Belgiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw etdi.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/36932/turkmenistanyn-prezidenti-belgiyanyn-patysasyny-gutlady-3