close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanda durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerine ýetilýär
09.07.2023

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri işläp taýýarlamakda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurdumyz parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, ählumumy abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly goşant goşýar.

4-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz sammitde çykyş edip, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryň biziň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan ŞHG-niň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna uly gyzyklanma bilen garaýar, ýurdumyz olary durmuşa geçirmäge özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagyň mümkinçiliklerini görýär. Türkmenistanyň ŞHG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.

Şolaryň hatarynda kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmak; täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmek; energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri; ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmek; howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak wezipeleri görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän taraplara Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmek teklip edildi.

Döwlet Baştutanymyz şol başlangyçlara ýetmegiň ilkinji ädimi hökmünde degişli ugurlaryň her biri boýunça bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň Türkmenistan — Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça gatnaşyklaryň beýleki möhüm ugurlarynda hyzmatdaşlyga toplumlaýyn häsiýet bermek bilen, onuň medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da ulanylyp bilinjekdigi nygtaldy. Biziň ýurdumyz hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we özara bähbitlerini, onuň halklarymyzyňdyr döwletlerimiziň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini aýdyň görýär diýip, döwlet Baştutanymyz mundan beýläk-de bilelikdäki netijeli işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek, şeýle hem oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary geljek ýylyň hasyly üçin ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, sürüm işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýankeşleriň, olaryň döredýän keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, ýetişdirilen ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, ony ilatymyza ýetirmek boýunça degişli çäreler dowam edýär.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri ýerine ýetirilende, käbir säwliklere ýol berlendigini aýtdy. Agrotehniki kadalaryň doly we dogry berjaý edilen ýagdaýynda has ýokary netijeleri gazanyp boljakdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz oba hojalyk işlerinde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, dogry ýerine ýetirilmegini berk talap etdi.

7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hususan-da, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler, bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, Diýarymyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda görülýän çäreler, ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, elektroenergetika, deňiz we derýa ulaglary pudaklary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri hakynda hasabatlar diňlenildi.

Mejlisde Balkan welaýatynyň edermen gallaçylarynyň döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habar aýdyldy. Günbatar sebitiň gallaçy daýhanlaryny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz edermen daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi üçin mundan beýläk-de döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertleriň dörediljekdigini nygtady.

Ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenmek, gorap saklamak we rejelemek işlerini işjeňleşdirmek, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine hem garaldy. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy — ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler aýdyldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine goşulmagy, ýurdumyzyň maddy we maddy däl medeni miras, daşky gurşaw, arheologiýa, taryh, etnografiýa, ýazuw we dilden ýazylan edebiýat, jemgyýetçilik ylymlary ýaly ugurlarda iş alyp barýan ÝUNESKO-nyň Merkezi Aziýa halkara barlaglar institutyna goşulmagy baradaky pikir beýan edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça instituty (IITE) bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň “Ýol kartasyny” işläp düzmek teklip edildi. 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek baradaky teklip döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.

8-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň taryhy mekanynda binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde alyp baran işleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işläp başlamagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda ýurdumyzda çagalygy goramak, maşgalany goldamak meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz gaznanyň işiniň ugurlaryny giňeltmek, şunda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek wezipelerine ünsi çekdi.

Geçen hepdede Mejlisde Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarak ben Salemden ynanç haty kabul edildi. Ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Tunis Respublikasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtan jenap Tarak ben Salem dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň aýratyn orny bellenildi.

Arkadag şäherinde utgaşykly görnüşde “Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, tebigaty goramak boýunça degişli düzümleriň, pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Daşky gurşaw babatda Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we oňa garşy göreş çäreleri, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ekologik abadançylyk we çölleşmäniň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi. Bellenilişi ýaly, tebigaty goramak, täze, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanly ulgam, ýurt we sebit derejesinde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Çykyşlarda Arkadag şäheriniň diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlik bolup biljekdigi bellenildi.

Arkadag şäheriniň gurluşyk toplumynyň edara binasynda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahat geçirildi. Foruma Türkmenistanyň we ýurdumyzyň ozaldan gelýän, ygtybarly hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň, gurluşyk edaralarynyň, senagat, energetika, himiýa we ýol gurluşygy pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda “Buig Türkmen”, “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd”, “Hyundai Engineering Co., Ltd”, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd”, “Sumitomo Corporation”, “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.”, “Rönesans Inşaat”, “Wozroždeniýe” kompaniýalary, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom”, “INAS+” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetler we beýlekiler bar.

Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, täze şäheriň taslamasy taýýarlanylanda, amatly şäher gurşawyny döretmäge mümkinçilik berýän täzeçil çözgütleriň göz öňünde tutulmagy Arkadag şäheriniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Şäheriň taslamasyny taýýarlamak işlerine talyplaryň işjeň çekilendigini hem aýtmak gerek. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, häzirki döwürde dünýäde “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen tutuş şäheri gurmaga we ulanmaga bermäge ukyply ýurtlar köp däldir.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we gurluşyk-senagat toplumyna degişli pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary boldy. Olaryň dowamynda uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösmegine, ylmy-tehniki ösüşine, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary geçen hepdäniň wakalarynda öz beýanyny tapdy.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/36725/turkmenistanda-durmusyn-ahli-ugurlarynda-osusin-taze-belentliklerine-yetilyar