close-icon
Habarlar
photo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze şäheriň açylyş dabarasyna gatnaşdy
29.06.2023

Şu gün ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Täze şäheriň taslamasy taýýarlanyp, düýbi tutulan pursadyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklaýar.

Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Häzirki wagtda gurluşygyň birinji tapgyry tamamlanyp, onuň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Ýakynda, 16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şonda şäheriň edaralaryna we guramalaryna dürli görnüşli awtoulag serişdeleri, şol sanda elektromobiller sowgat berildi.

Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalara esaslanýan “akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Mysal üçin, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa materiallar ulanyldy. Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Ir bilen “Akhan” binasynyň ýanyndaky meýdançany ählihalk baýramçylygynyň şowhuny gurşap aldy. Bu ýere dabara gatnaşyjylar geldiler. Şol ýerde Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, paýtagtymyzyň, welaýatlaryň we Arkadag şäheriniň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýaşlar ýygnandylar. Bu ýerde ýurdumyzda ilkinji “akylly” şäheriň açylyşy mynasybetli dabaralara badalga berler. Bu şäheri “geljegiň şäheri” diýip atlandyrmak bolar. Onuň Türkmenistanyň kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi. Ýygnananlaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem bar.

Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler.

Meýdançada Türkmenistanyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz ady rowaýata öwrülen Akhan bedewiniň keşbini janlandyrýan binanyň ýanyna baryp, däp bolan toý bagyny kesýär we täze şäheri açýar. Şol pursatda asmana dürli reňkli şarlar uçurylýar.

Mälim bolşy ýaly, şöhratly ahalteke tohumynyň ajaýyp wekili bolan Akhan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça gurlan we täze şäheriň bezegi bolan bu özboluşly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy milletimiziň buýsanjy bolan behişdi bedewlere ählihalk söýgüsiniň nyşanydyr. Täze şäheriň dünýä ahalteke bedewlerini peşgeş beren gadymy türkmen topragynyň iň gözel ýerleriniň birinde gurulmagy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda behişdi bedewler Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan uly üstünlikleriniň aýdyň nyşany bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyna tarap ugraýar. Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweniniň barýan ugrunda we tutuş şäherde döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar öz ussatlyklaryny görkezýärler.

Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde şäher köçelerinde jemgyýetçilik ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket eder. Şeýlelikde, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Baş baýdak meýdançasyna gelýär. Bu ýerde dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar we Döwlet baýdagymyz ýokary galdyrylýar.

115 metrlik baýdak sütüni ýerleşdirilen meýdança abadanlaşdyrylyp, onuň töweregindäki otluk ýerlerde haly gölleri şekillendirilipdir. Indiden beýläk Baş baýdak meýdançasy baýramçylyk we medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüler.

Soňra bu ýerde hormatly Prezidentimizi dabaralara gatnaşýan Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu mähirli mübäreklediler.

Şu günki taryhy waka mynasybetli döwlet Baştutanymyza täze “TOGG” kysymly elektromobilleriň ikisiniň açarlary gowşurylýar. Bu elektromobiller Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berildi. Türkiýede öndürilen ekologik taýdan arassa ulaglaryň ak reňklidigi bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň adyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, elektromobile mündi we ony dolandyrmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

Şanly waka mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhmanlar Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza, tutuş türkmen halkyna aýdan gutlaglaryny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdiler.

Türkiýeli myhmanlary ýurdumyzda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogana iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ajaýyp toý sowgady üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunda soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan döwletara gatnaşyklaryň dostlukly, strategik häsiýete eýedigi bellenildi.

Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyp, myhmanlar gözelligiň we amatlylygyň täzeçil hem-de ekologik taýdan arassa tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşýan, şol sanda ulag ulgamyna ornaşdyrylan sanly ulgamlary özünde jemleýän “akylly” Arkadag şäheriniň kaşaňlygy babatda haýran galdyrýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýede öndürilen elektromobilleriň bu şäheriň ekologik talaplaryna doly laýyk gelýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça gurlan häzirki zaman düzümi bolan Arkadag şäheriniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrülendigini nygtady. Ýakynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berildi. Onda önümçilik maksatly we hyzmatlar ulgamyna degişli desgalar bina ediler. Munuň özi türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine yzygiderli goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, myhmanlar Türkiýäniň işewür düzümleriniň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän mekany bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň wekilleri netijeli türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de birek-birege Gurban baýramy mynasybetli hoşniýetli gutlaglaryny aýtdylar.

Dabaralaryň dowamynda “Arkadag Binasynyň” açylyşy boldy. Bu binada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewine atlanan aýgytly keşbi şekillendirilipdir. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine uzaýan batly gadamlaryny alamatlandyrýar. Binanyň umumy beýikligi 43 metrdir. Onuň suw çüwdürimleriniň diametri 65 metre barabardyr. Sütüniň ýokarsyna görk berýän altyn çaýylan bugdaý sünbülleri ýurdumyzdaky berekediň, bolçulygyň sungat dilindäki beýanydyr.

Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa dabarada çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň taryhy ähmiýetini nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşy eziz Watanymyzyň ykbaly bilen aýrylmaz baglydyr. Bellenilişi ýaly, şeýle täsin şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde mümkin boldy. Watanymyza çäksiz söýgi bilen hyzmat etmegi hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygy barada ýadawsyz alada etmegi bilen, Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň çuňňur hormat-sarpasyna, ynamyna mynasyp boldy. Şäheriň merkezi seýilgähinde ýerleşdirilen “Arkadag Binasyna” Mejlisiň kararyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mejlisiň Başlygy şanly waka mynasybetli ýygnananlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy köp sanly myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylan, meýdançanyň münberiniň öňünde ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Olar köpöwüşginli aýdym-sazly kompozisiýany hem-de baýramçylyk ýörişini taýýarladylar.

Şu günki şanly waka mynasybetli baýramçylyk görnüşinde bezelen Arkadag şäheriniň Baş meýdançasyna köp sanly myhmanlar ýygnandy. Bu ýerde döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary, şeýle hem dabaraly baýramçylyk ýörişi guraldy.

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Alypbaryjy dabaralaryň başlanýandygyny yglan edýär.

Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz uly şanly waka — türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallalary netijesinde döredilen täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli guralan dabaralara beslendi.

Biziň ýurdumyzda, gadymyýetde bolşy ýaly, halkymyzyň wepaly hemrasy, Watanymyzyň taryhynyň hem-de iň täze eýýamynyň nyşany bolan ahalteke bedewleri toý-baýramlaryň bezegidir. Şu günki giň gerimli dabarada hem dünýäde meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýörite taýýarlan edebi-çeper çykyşyny görkezdi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň öňünde Oguz hanyň hem-de onuň merdana alty oglunyň keşpleri janlanýar. Türkmen milletiniň nesilbaşysy nesillerine joşgunly çagyryş bilen ýüzlenýär. Häzirki nesilleriň öňünde Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende götermek wezipesi durýar.

Dabaraly baýramçylyk ýörişi döwürleriň we nesilleriň synmaz ruhy baglanyşygyny alamatlandyrýan “Şanly taryhyň, şöhratly döwrüň buýsanjy” atly edebi-sazly teatrlaşdyrylan kompozisiýa bilen dowam edýär. Halk saz gurallarynyň owazy astynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri meýdança çykýarlar. Olar meşhur ata-babalarymyzyň keşplerini janlandyrýarlar. Türkmen halkynyň şöhratly ogullary beýik başlangyçlary mynasyp dowam etdirmegiň hem-de berkarar Watanymyzyň şöhratyny belende götermegiň möhümdigi baradaky joşgunly sözler bilen ýüzlendiler.

Soňra 2006-njy ýylda doglan, Gurply we Ruhubelent atly atlaryň nesli bolan Akhan atly ady rowaýata öwrülen bedew meýdança çykarylýar. Onuň şaý-sepler bilen bezelmegi bedewiň gözelligini has-da artdyrýar. Ajaýyp bedew seýkin basyşyny hem-de ussatlygyny görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli meşhur Akhan çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, ozalky rekordyndan iki esse ýokary netije görkezdi. Şeýle hem bu ajaýyp bedewe ussat we tejribeli çapyksuwar, atşynaslykda ykrar edilen halypa, türkmen halkynyň Milli Lideriniň tälim berendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäherinde onuň esasy bezegine öwrülen “Akhan” binasynyň gurlandygyny nygtamak ýakymlydyr.

Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Mejlisiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri dowam edýärler. Olara Berkarar Türkmenistany okgunly ösdürmekde, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda hem-de döwletimiziň dünýewi binýatlaryny berkitmekde aýratyn orun degişlidir. Soňra baýramçylyk münberiniň öňünden ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamynyň işgärleri geçýärler. Bu ulgamlary ösdürmek we kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipesi hökmünde kesgitlenildi. Şu maksatlar bilen, halkara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, bu ulgama degişli häzirki zaman desgalary yzygiderli gurulýar we ulanmaga berilýär. Olaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Täze şäheriň bu ulgama degişli esasy binalarynyň hatarynda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini, çagalar baglaryny hem-de umumybilim berýän orta mekdepleri, lukmançylyk edaralaryny, sport toplumlaryny görkezmek bolar.

Ýaşajyk artistleriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly aýdym-sazly çykyş dabaraly ýörişe baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Häzirki wagtda Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesil — ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini we wesýetlerini dowam etdirijiler ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini düzýär. Olara Watanymyzyň we halkymyzyň geljekki ykbaly ynanylýar. Şonuň üçin-de, döwletimiz biziň geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň döwrebap bilimleri ele almagy, geljekde üstünlikleri gazanyp, erkin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilik ylhamyny ösdürmek üçin ähli şertleri döredýär.

Soňra münberiň öňünden gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň işgärleri geçýär. Olar Arkadag şäheriniň açylyşyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýarlar. Olaryň yzy bilen maliýe-ykdysadyýet we bank toplumynyň wekilleri geçýärler. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, şol sanda ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek wezipesi olaryň üstüne ýüklenendir.

Ulag-kommunikasiýa toplumynyň — “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň işgärleri biri-biriniň yzyndan dabaraly ýöriş bilen geçýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe awtomobil, deňiz, demir ýol hem-de howa ulaglarynyň ösdürilmegine, amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Iň täze tehnologiýalar hem-de öňdebaryjy ylmy-tehniki gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýan bu pudagyň ýeten belent sepgitleri şäheriň Baş meýdançasyndan dabaraly ýagdaýda geçen bezegli awtoulaglarda şekillendirilen maglumatlarda öz beýanyny tapdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we köp sanly myhmanlary söwda, dokma senagaty ulgamlarynyň wekilleri mübärekleýärler. Olaryň alyp barýan işleri “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgyly önümleriň ilerledilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda dünýä meşhur halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine uly üns berilýär, bu pudagyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, haly önümleriniň gadymy nusgalarynyň aýawly saklanylmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halyçy zenanlaryna aýratyn orun berilýär. Olar nepis halylaryň dünýäde wagyz edilmegine hem-de olaryň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşýarlar. Halylaryň her biri sungat eserlerine deňelýär.

Täze şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän giň şaýollar peýda boldy. Bu ýerde elektrobuslaryň we elektromobilleriň peýdalanylmagy ekologik abadançylygy saklamak üçin mümkinçilikleri döredýär. Meýdança “TOGG” kysymly häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly elektromobilleriň ikisi çykarylýar. Olar şanly waka mynasybetli şu gün ir bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat berildi.

Soňra münberiň öňünden milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagynyň — ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň nyzama düzülen hatarlary geçýär. Olar tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýarlar, onuň dünýäniň iri energetika döwleti hökmündäki derejesini belende göterýärler. Dabaraly ýörişi oba we suw hojalyk, atçylyk pudaklarynyň işgärleri dowam edýärler, olar halk hojalyk toplumynyň bu ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri gazanýarlar.

Täze şäherde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binalarynyň gurlandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanda döredilen ilkinji “akylly” Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulandygyny nygtamak gerek.

Belli estrada aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki edebi aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabaraly baýramçylyk ýörişi ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň wekilleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň meýdançadan geçmegi bilen jemlendi. Döwletimiz bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Döredijilik işgärleri üçin ähli şertler döredilýär, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, medeniýet edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär.

Täze şäherde Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphananyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň binalary hem-de medeniýet we sungat işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary guruldy. «Arkadag» teleýaýlymy, «Arkadag» gazeti döredildi.

Şeýlelikde, köp sanly ýaşaýjylaryň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly baýramçylyk ýörişi sebitde deňi-taýy bolmadyk täze “akylly” şäheriň açylyş dabarasyna türkmenistanlylaryň geljekki üstünlikler hem-de täze zähmet ýeňişleri üçin ygtybarly binýady emele getirýän haýran galdyryjy üstünlikler bilen gelendiklerini aýdyň görkezdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni indiki täze binalaryň açylýan ýerine ugraýar.

Ýoluň iki tarapynda-da täze, ajaýyp binalar gurlupdyr. “Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda edara we durmuş maksatly desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň şahamçalarynyň, Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň binalary guruldy. Täze şäheriň binagärlik keşbi bu ýeriň ajaýyp tebigy gözellikleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Şeýle hem täze Arkadag şäherinde halkara ülňülere laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik, dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Hususan-da, “Intelligent Transportation System” (ITS) ulag ulgamlaryny düzmekde we ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde innowasion işläp taýýarlamalar ulanylýar. Degişli ýol belgileri oýlanyşykly gurnalypdyr. Bularyň ählisi ýol hereketiniň howpsuzlygyna we netijeliligine, oňa gatnaşyjylaryň — sürüjileriň, ýolagçylaryň, pyýada ýolagçylaryň ählisiniň has oňaýly özara hereketlerine ýardam berýär. Intellektual tehnologiýalar bilen üpjün edilen “akylly” köçeleriň ornaşdyrylmagy “ITS” ulgamynyň esasy wezipesidir.

Täze elektrobuslar we elektromobil taksiler Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin ýokary hilli, medeniýetli hyzmaty üpjün eder. “Duralga” we “Ynamly taksi” ýaly programmalary ulanmak üçin QR-kod hyzmaty döredildi. Ýol töleglerini we onlaýn buýurmalaryny nagt däl görnüşinde amala aşyrmak üçin terminallar göz öňünde tutulypdyr. Şaýollarda jemgyýetçilik ulagy üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmegi hem ýolagçylar üçin amatlyklary döredýär. “Akylly” ugurlar sürüjilere wagty tygşytlamaga, ýollarda dyknyşyklaryň öňüni almaga ýardam berýär. Ulaglaryň hereketine gözegçilik sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Mundan başga-da, elektrobuslarda ornaşdyrylan ýörite enjam arkaly ulag serişdeleriniň hereket edýän ugurlary we duralgalara gelýän wagty baradaky maglumaty berýän programma üpjünçiligi döredilipdir. Elektrobuslaryň, elektromobilleriň ulanylmagy şäherde ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berer.

Arkadag şäherinde ýerleşen “akylly” awtoduralgalaryň we elektroulaglar üçin güýç beriji stansiýalaryň işine ýörite abzallaryň hem-de döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi arkaly gözegçilik edilýär we kadalaşdyrylýar. Şeýle hem şaýollaryň, köçeleriň, ýol düzüminiň beýleki ugurdaş desgalarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylandygyny bellemek gerek.

“Akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr. Ol internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär. Şunuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin, smartfonyň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar toguň, agyz suwunyň we tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almaga mümkinçilik berýär. Täze şäherde optiki-süýümli kommunikasion ulgamyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi. Ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe girizildi.

Şeýle hem Arkadag şäheriniň gurluşygy we onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we professor-mugallymlar düzümi üçin nazary bilimlerini, ukyplaryny, täzeçil tekliplerini, pikirlerini iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň nygtaýyşlary ýaly, ýaş nesil Watanymyzyň geljegidir, onuň okgunly ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda ýaşlarymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny we iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, täze şäherde birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde “akylly” ulgamy goldamak işlerini amala aşyrdylar. Şunuň bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilim ulgamy üçin sanly çözgütler işlenip taýýarlanyldy. Şoňa görä-de, täze şäheriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda açylmagynyň çuňňur manysy bar.

Arkadag şäherinde ilkinji gezek täze “123” gullugy işe girizildi. Munuň özi degişli dessin gulluklary, şol sanda gaz we ýangyn howpsuzlygy, “Tiz kömek” gulluklaryny çagyrmagyň bitewi belgisidir. Şeýlelikde, “123” gullugynyň işi adatdan daşary ýagdaýlarda zerur kömegi bermäge we öňüni alyş çärelerine gönükdirilendir.

...Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni açylmaga taýýar edilen ýaşaýyş jaýlar toplumyna gelýär. Täze şäheriň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, aýdym-sazlar ýaňlandy. Döredijilik toparlary öz ussatlyklaryny görkezýärler. Elbetde, bu gün täze jaýlara göçüp gelenler üçin aýratyn şatlykly boldy.

“Ygtybarly” diýlip atlandyrylan jaýda döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş müdirliginiň hünärmeni Kerwen Durdygulyýewiň ýaş maşgalasynyň göçüp baran öýüne bardy.

Öý eýesi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklary üpjün edýän “akylly” jaýyň tehnologiýalarynyň artykmaçlyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdi.

Dört otagly öýde ähli amatlyklar, şol sanda çagalar üçin ýokary derejedäki oňaýlyklar göz öňünde tutulypdyr. Aşhana döwrebap hojalyk tehnikalary bilen üpjün edilipdir. K.Durdygulyýewiň nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen döredilen täze, ajaýyp şäherde ýaşamak we işlemek ýaşlar, şol sanda onuň maşgalasy üçin uly bagtdyr. Bu şäherde ylymdyr tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary adamlaryň hyzmatyndadyr.

Döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip we berk jan saglyk, uzak ömür, asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, täze öýüň eýesi ýaş türkmenistanlylaryň özlerine bildirilen ýokary ynama tutanýerli, döredijilikli zähmeti bilen jogap berjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan “akylly” şäher üçin programma üpjünçiliginiň aýratynlyklary bilen hem tanyşdyryldy. Bu programma “Arkadagly ýaşlar” diýlip atlandyryldy. Ähli enjamlar “akylly” öý ulgamynyň serwerinden buýruk alýar. Mysal üçin, serwere birleşdirilen planşetiň kömegi bilen hojalyk tehnikasy işe girizilýär, yşyklandyryş, otaglardaky howanyň temperaturasy we çyglylygy awtomatik usulda kadalaşdyrylýar. Otaglary arassalamak zerur bolan halatynda, degişli buýruk arkaly tozan sorujy robot işe girizilýär. Öýe “akylly” gapy arkaly girmek bolýar. “Akylly” öý ýörite abzallar bilen üpjün edilipdir. Olar hereketiň täsiri astynda çyrany öçürip-ýakýarlar, uzak wagtlap işlemedik ýagdaýynda, elektrik enjamlary öçürýärler, suwuň damýan ýeri barada ýaşaýjylara habar berip, awtomatik usulda onuň dammagyny bes edýärler.

Bir söz bilen aýdylanda, “akylly” öý ulgamy ähli hojalyk enjamlaryny we durmuş tehnikasyny bitewi topluma birleşdirip, olaryň işlemegine gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär we howpsuzlygy, tygşytlylygy üpjün edýär. Şeýle hem belli bir gündelik wezipeleri çözmäge, hereketleri ýerine ýetirmäge awtomatik usulda ýardam edýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary özlerine bildirilen ýokary ynama buýsanýarlar we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze öýüň eýelerini olaryň durmuşyndaky ajaýyp waka bilen tüýs ýürekden gutlady we bagtyýar durmuş, abadançylyk arzuw edip, ýaş maşgala gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine tarap ugrady.

Bu merkez täze şäheriň durmuş düzüminiň möhüm bölegi bolup durýar. Şol düzüm ähli görkezijiler babatda halkara ülňülere laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalaryny birleşdirýär. Şolaryň hatarynda 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, “Tiz kömek” merkezi, saglyk öýi, ýöriteleşdirilen ulag serişdeleriniň dürli görnüşlerine eýe bolan uly Awtomobil kompaniýasy bar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen bu desgalaryň ählisi Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň garamagyna degişli bolup, onuň binasy esasy we ýanaşyk jaýlardan ybaratdyr. Toplumyň çep ganatynda arassaçylyk-epidemiologiýa gullugy, sag ganatynda bolsa dermanhana gullugy ýerleşýär. Şäheriň saglygy goraýyş edaralarynda dürli ugurly ýokary hünärli hünärmenler işleýärler. Bu ýerde dürli keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek üçin ähli şertler döredildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Arkadag şäheri ýurdumyzyň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ylmyň gazananlarynyň, bu ulgama öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, şol sanda sanly ulgamy üstünlikli ornaşdyrmagyň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli alnyp barylýan işler köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ilaty, ilkinji nobatda, ýaşlary giňden çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek babatda görülýän çäreler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Şu maksatlar bilen, Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi döredildi, köpugurly sport toplumy we sport merkezi (suw-sport toplumy), 10 müň orunlyk stadion guruldy. Olaryň ählisi halkara ölçeglere laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde sportuň başa-baş söweş görnüşleri, futbol, woleýbol, basketbol, uly we stol üstündäki tennis, agyr we ýeňil atletika, gimnastika, gylyçlaşmak, küşt, şaşka we beýlekiler, şol sanda sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem fitnes, trenažýor, maslahatlar zallary, beýleki otaglar göz öňünde tutuldy. Sport merkezinde suwda ýüzülýän uly howuzdan başga-da, çagalar üçin niýetlenen suw-attraksionly howuz bar.

Şu günki şanly waka mynasybetli şäher stadionynyň öňündäki meýdançada türgenleriň, şol sanda halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlaryň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplarynyň, ugurdaş okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Talyplaryň “Sagdyn nesil” atly tans topary hem özüniň döredijilik sowgadyny taýýarlady. Şol pursatda sport merkezinde suwda ýüzüjiler we suwda top oýnaýanlar öz başarnyklaryny görkezdiler. Köpugurly sport toplumynyň zallarynda hem türgenleriň çykyşlary guraldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine gelende, döwlet Baştutanymyzy köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşyny taýýarlan ýaş türkmenistanlylar şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Şeýle hem olar ruhubelentlik bilen goşgy okadylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen mähirli salamlaşyp, merkeziň binasyna girýär. Bu ýerde çagalaryň saglyklaryny dikeltmek we berkitmek, olaryň terbiýelenilmegi, bilim we dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir.

Merkez özünde edara binasyny, 150 we 100 orunlyk iki sany çagalar bagyny, sagaldyş-dikeldiş bölümini jemleýän toplumdyr. Onuň umumy meýdany 16,3 gektara barabardyr. Toplumyň abadanlaşdyrylan we erteki gahrymanlarynyň suratlary bilen bezelen çäginde çagalaryň arassa howada şadyýan we gyzykly wagt geçirmekleri üçin oýun meýdançalary ýerleşdirilipdir. Şeýle-de bu meýdançalar üçin Hazar deňziniň kenaryndan bejeriş häsiýetli çäge getirilipdir. Bu ýerde açyk howuzlar, owadan bassyrmalar, amatly ýodajyklar göz öňünde tutulypdyr.

Merkeziň edara binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýändigini aýratyn bellemek gerek. 2021-nji ýylyň martynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gazna uly we netijeli işleri amala aşyrýar. Ene-atasyndan jyda düşen, aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz baradaky alada bu işleriň baş maksadydyr.

Ýaş nesil barada atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynda we işlerinde türkmen jemgyýetiniň köpasyrlyk däp-dessurlary, ruhy-ahlak ýörelgeleri mynasyp dowamyny tapýar. Gaznanyň bank hasabyna gelip gowuşýan serişdeler çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny amala aşyrmaga, olaryň dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, şeýle-de beýleki zerurlyklaryna gönükdirilýär. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri we beýleki dürli meseleleri çözmekde hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Munuň özi ýaşajyk ildeşlerimize özleri baradaky edilýän aladany doly derejede duýmaga we jemgyýetde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär.

Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow fizioterapewtik çäreler üçin niýetlenen otaga bardy. Döwlet Baştutanymyza dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary, şol sanda trenažýorlar barada gürrüň berildi. Şol trenažýorlarda maşk etmek çagalaryň daýanç-hereket synasynyň dikeldilmegine we berkidilmegine, merkezi we beýleki nerw ulgamlarynyň işini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz çaganyň irki ösüşi we goşulyşma otagyna bardy. Bu ýerde çagalaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň okuwyň ilkinji tälimlerini özleşdirmegi, şol sanda oýunlar arkaly öwrenmegi üçin oňaýly şertler göz öňünde tutuldy. Hünärmeniň gürrüň berşi ýaly, bu otagda ähli zerur şertler, şol sanda görkezme esbaplary we beýleki degişli serişdeler, oýnawaçlar, oňaýly çagalar mebelleri bar. Otagyň reňkler babatda sazlaşykly bezelmegi hem çagalar üçin amatly şertleri döredýär. Onuň enjamlaşdyrylyşy çagalar üçin niýetlenen enjamlara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

Ýokarda bellenilişi ýaly, merkeziň düzümine 100 we 150 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi girýär. Olarda körpeleriň terbiýelenilmegi üçin amatly şertler döredildi. Çagalar baglarynyň ikisiniň hem toparlary oňaýly mebeller, köpugurly krowatlar we beýleki zerur bolan enjamlar bilen üpjün edildi. Şeýlelikde, çagalaryň göwnejaý dynç almagy, terbiýeçileriň we lukman hünärmenleriň üstünlikli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.

Merkeziň binalarynyň birinde sagaldyş-dikeldiş we anyklaýyş-maslahat beriş bölümleri ýerleşýär. Onuň birinji gatynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, ýurdumyzyň derman senagaty kärhanalarynda öndürilen dürli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlary, demlemeleri hödürleýän fitobar ýerleşýär. Şeýle hem birinji gatda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen dikeldiş zaly, ugurdaş otaglar, şol sanda çaganyň irki ösüşi we goşulyşma, owkalama, serediş, ultrases bejergi, rentgen otaglary, dürli bejeriş çäreleri üçin niýetlenen otaglar we beýlekiler ýerleşdirilipdir. Olaryň ählisi öňdebaryjy ýöriteleşdirilen lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilipdir. Mysal üçin, magnitoterapiýa we elektroterapiýa, mikrotolkun arkaly bejeriş otaglarynda Ýewropanyň, hususan-da, Bolgariýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary ornaşdyryldy. Olaryň ulanylmagy sagaldyş-dikeldiş döwründe çagalaryň saglygyny netijeli bejermäge ýardam edýär.

Binanyň ikinji gatynda anyklaýyş-maslahat beriş bölümi ýerleşýär. Bölümde häzirki zaman innowasion anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilen inçe ugurly hünärmenleriň otaglary ýerleşdirildi.

Saglygy goraýyş we bilim ulgamynyň işgärleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýaş nesil barada edýän çäksiz aladalary, Arkadag şäherinde halkara derejeli çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen şertlere ýokary baha berdiler. Olar halkara ülňülere doly laýyk gelýän merkeziň ýokary derejede enjamlaşdyrylyşyna, çagalaryň saglygyny dikeltmek we berkitmek üçin döredilen mümkinçiliklere haýran galýandyklaryny aýtdylar.

Merkez bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgüne tarap ugrady.

Bu ajaýyp ak mermerli bina täze şäheriň binagärlik toplumy bilen özboluşly sazlaşygy döretdi. Beýleki täsin desgalar hem bu şäheriň bezegine öwrüldi. Şolaryň hatarynda 5 gatly medeniýet toplumynyň binasy bar. Onda şäher edaralarynyň birnäçesi ýerleşýär.

Binanyň birinji gatynda “Arkadag” teleýaýlymynyň edarasy ýerleşýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýaýlym Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini we ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan giň gerimli işleri hemmetaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary esasynda döredildi. Binanyň ikinji gatynda “Arkadag” gazetiniň redaksiýasy ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen döredilen bu hepdelik döwürleýin neşiriň esasy maksady täze taryhy eýýamda Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmekden we sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini görkezmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu gün bu gazetiň ilkinji sanynyň neşir edilmegi hem-de “Arkadag” teleýaýlymynyň gepleşikleriniň ýaýlyma goýberilip başlanmagy bellärliklidir.

Binanyň 3-nji, 4-nji we 5-nji gatlarynda Arkadag şäheriniň Bilim we Medeniýet müdirlikleri ýerleşýär. Binada ýerleşen edaralaryň ählisiniň işgärleri üçin netijeli işlemek babatda ähli zerur şertler, şol sanda ähli otaglar döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edildi, sanly ulgamlar ornaşdyryldy.

Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana täze şäheriň medeni-bilim ojaklarynyň birine öwrülmelidir. Ol bir wagtyň özünde 600 okyjyny kabul etmäge hem-de 3 million neşiri saklamaga niýetlenendir. Kitaphana innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi, onda elektron katalog ulgamy hereket edýär. Bu ýerde obserwatoriýa bolup, onuň düzüminde ýerleşdirilen kämil teleskop arkaly asman jisimlerini synlamak mümkinçiligi döredildi. Şeýle hem Arkadag şäherinde Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi döredildi. Onuň ajaýyp binasynda taryh we arheologiýa, tebigat, ekologiýa syýasaty, şekillendiriş sungaty, etnografiýa sergi zallary we beýlekiler ýerleşýär. Şeýle hem muzeýde ugurdaş edaralaryň birnäçesi, şol sanda medeni-aň bilim, ylmy-barlag, çeperçilik-dikeldiş we mahabatlandyryş bölümleri hereket edýär.

Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem täze şäheriň ajaýyplyklarynyň biridir. Onuň nal şekilinde gurlan täsin binasy dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýörite enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Sirkiň çykyşlary görkezmek üçin niýetlenen tegelek meýdançasynyň diametri 13 metre barabardyr, tomaşa zaly bolsa 1500 orunlykdyr. Sirkde bedewleri saklamak, olara ideg etmek, türgenleşikleri geçirmek, artistleriň netijeli işlemegi we tomaşaçylar üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Arkadag şäheriniň medeni durmuşynda Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatryna hem möhüm orun degişlidir. Onuň tomaşaçylar zaly 500 orna niýetlenendir. Şäherde bina edilen beýleki desgalarda bolşy ýaly, teatryň daşky we içki bezeginde-de milli binagärligiň däp bolan ýörelgeleri, häzirki döwrüň binagärliginiň gazananlary sazlaşykly ulanyldy. Bu ýerde netijeli döredijilik işi, sahna oýunlaryny goýmak we görkezmek üçin oňaýly mümkinçilikler döredildi.

Şeýle hem Arkadag şäherinde Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi we Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi ýerleşýär. Olaryň her biri 240 orunlykdyr. Bu ýerde dürli saz gurallarynda, şol sanda milli saz gurallarynda saz çalmagy öwrenmek, aýdym aýtmak, tans etmek, bagşyçylyk sungatyny özleşdirmek, sazyň taryhyny we nazaryýetini, dirižýorçylyk sungatyny ele almak üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Bu ýerde ýaş türkmenistanlylar şekillendiriş, amaly-haşam, folklor, teatr, estrada sungatynyň we dizaýnyň esaslaryny özleşdirerler.

Arkadag şäheriniň taslamalary işlenip taýýarlanylanda we desgalaryň gurluşygynda ýaş nesli terbiýelemäge, olara bilim bermäge we sazlaşykly ösmegine degişli meselelere aýratyn üns berlendigini bellemek gerek. Bu mesele Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň özi kabul edilen degişli maksatnamalarda, yzygiderli durmuşa geçirilýän anyk çärelerde öz beýanyny tapýar. Arkadag şäherinde gurlan ugurdaş desgalar bu möhüm ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmäge ýardam etmelidir. Şol desgalaryň hatarynda mekdep ýaşyna çenli edaralaryň 10-sy bar. Hersi 320 orunlyk çagalar baglarynyň her birinde körpeleriň özlerini gowy duýmaklary üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu ýerde çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, oňaýly mebeller, görkezme-bilim esbaplary, dürli oýnawaçlar bilen üpjün edilen toparlar bar. Şunuň bilen birlikde, aýdym-saz, döredijilik we sport bilen meşgullanmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek, zähmet endiklerini ele almak üçin giň mümkinçilikler göz öňünde tutuldy, şeýle hem kompýuter otaglary bar. Çagalaryň saglygyna, kadaly iýmitlenmegine aýratyn üns berilýär.

1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumy bilim ulgamyna bildirilýän häzirki zaman talaplarynyň ählisine doly laýyk gelýär. Bu toplum, degişlilikde, 320 we 720 orunlyk mekdebe çenli we mekdep bölümlerini, her biri 720 orunlyk 2-nji, 3-nji we 4-nji ýöriteleşdirilen mekdepleri birleşdirýär. Ýokarda agzalan, iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän bilim edaralarynda okuw möhleti 12 ýyla deňdir. 11-12-nji synplarda okuwçylar takyk, tebigy, tebigy-takyk, ynsanperwerlik-durmuş bilimlerini saýlan ugurlary boýunça okarlar. Internet birikdirilen mekdeplerde ylmy-barlag we döredijilik işi, okuwçylaryň gözýetimini giňeltmek, zähmet endiklerini ele almak üçin ähli şertler döredildi. Olarda döredijilik, sport gurnaklary, daşary ýurt dillerini öwredýän okuwlar hereket edýär.

Arkadag şäheriniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi we Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara seçip alan hünäri boýunça döwrebap bilim almaga mümkinçilik berer. Olaryň birinjisinde matematika, informatika, geografiýa, rus dili, iňlis dili derslerini 5-nji we 6-njy synplarda okatmaga hukugy bolan başlangyç synp mugallymlary, şeýle-de çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanylýar. Lukmançylyk mekdebinde birnäçe hünärler we ugurlar boýunça orta hünär bilimli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem döredildi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda döredilen bu ýokary okuw mekdebi 9 gatly baş binadan we iki sany dört gatly binadan ybarat bolan ajaýyp toplumda ýerleşýär. Ýokary okuw mekdebiniň düzümi özüne kitaphanany we muzeýi, uly we kiçi mejlisler zallaryny, sport toplumyny, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýyny, naharhanany birleşdirýär. Şeýle hem 315 tomaşaça niýetlenen ýapyk görnüşli sirk sahnasy, açyk manež, athana, atlary türgenleşdirmek we olaryň gezim etmegi üçin niýetlenen meýdançalar bar.

Akademiýada atçylyk ulgamynda ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini ýetişdirmekde we seýislemekde halkymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk däplerini dowam etdirjek, täze taryhy eýýamda pudagy ösdürmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ganatly bedewleriň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylar. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde atçylyk, atçylygyň weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetleri döredildi. Bu okuw mekdebi okuw sapaklaryny, ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin öňdebaryjy enjamlar, ýörite okuw serişdeleri we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi.

Şeýle-de täze şäherde enjamlaşdyrylyşy halkara ülňülere doly laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hem-de Oba hojalyk toplumynyň edara binasy guruldy.

…Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Ruhyýet köşgüne gelýär. Bu ýerde bagşylar ussatlyklaryny görkezýärler.

Döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgüniň uly zalyna barýar. Bu ýerde iri çäreleri we forumlary geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Soňra Ruhyýet köşgünde dabara geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň häkimleri, daşary ýurtly myhmanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan täsin şähere berlen 20-den gowrak güwänama we diplomlar gowşurylýar.

Ilki bilen, YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Arkadag şäheriniň ýaşaýşyň hil düzümini ýokarlandyrmaga gönükdirilen gurluşy hem-de aňrybaş tehnologiýalar, amallar we çeşmeleri arkaly häzirki zaman şäher ösüşi üçin Minnetdarlyk şahadatnamasyny gowşurýar. Soňra TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew Türki medeniýetiň halkara guramasynyň “XXI asyryň şäheri” atly ýörite şahadatnamasyny gowşurýar. Şeýle hem Arkadag şäheri “Türki dünýäniň ilkinji akylly şäheri” atly şahadatnama mynasyp boldy. Ony Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gowşurýar. GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow “Paýtagtlaryň we iri şäherleriň halkara assambleýasy” assosiasiýasynyň şäher gurluşynda “akylly” şäher maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi üçin diplomy gowşurýar.

Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji Arkadag şäheri taslamasynyň türki dünýäde şäherçilik ýörite nyşanyna mynasyp hasaplanandygy baradaky şahadatnamany; BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Siýong Zou Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň gün tertibiniň inklýuziw we durnukly senagat ösüşine (ISID) gönükdirilen dördünji senagat öwrülişiginiň (4IR) sanly tilsimatlaryny ulanmak arkaly “akylly” şäheri gurmak babatda goşandy üçin Minnetdarlyk güwänamasyny gowşurdy.

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Arkadag şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary we düzüm birlikleri tarapyndan berlen iki güwänamany gowşurýar. Olar BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň we şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak bilen inklýuziw, howpsuz we akylly durnukly sebitler we jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmek babatda tagallalaryň ykrar edilmeginiň nyşany hem-de minnetdarlyk hökmünde Türkmenistanyň Arkadag şäherine Minnetdarlyk güwänamasy, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň inklýuziw, howpsuz, ýaşaýyş taýdan durnukly, akylly we durnukly şäheriň döredilmegi hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň, şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak babatda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň Arkadag şäherine Minnetdarlyk güwänamasydyr.

ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň direktory Tao Çžan ýolbaşçylyk edýän institutynyň adyndan Arkadag şäherinde Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetine we durnukly ösüşine goşant goşjak täze sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli Gutlag hatyny gowşurdy. Şunuň bilen birlikde, Tao Çžan Arap Ligasynyň Bilim medeniýet we ylym meseleleri boýunça guramasynyň, şeýle hem “Bilim Arkalaşygy” hökümetara guramasynyň ýolbaşçylarynyň Gutlag hatlaryny gowşurdy. Bu hatlarda bellenilişi ýaly, sanly bilimiň innowasion ulgamlary üstünlikli ornaşdyrylan Arkadag şäheri ýaş nesilleriň üznüksiz we ýokary hilli bilim almagy üçin täze mümkinçilikleri, döredijilik gurşawyny döredip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşine uly goşant goşar.

Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň Merkezi Aziýa boýunça ösüş maksatnamasynyň hünärmeni Oýunçimeg Amartuwşin Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň “Ýaşyl” we “akylly” şäher şahadatnamasyny; BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň bilermeni Fundaro Salwatore Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň iň gowy şäher geljegi üçin, Durnukly ösüş maksatlarynyň we Türkmenistanda şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak bilen, inklýuziw, howpsuz we akylly durnukly sebitler we jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmek babatda tagallalaryň ykrar edilmeginiň nyşany we minnetdarlyk hökmünde Minnetdarlyk hatyny; Arhitektorlar bileleşiginiň halkara assosiasiýasynyň utgaşdyryjy geňeşiniň agzasy Bahrom Ýusupow Arkadag şäheriniň innowasion binagärçiligi hakynda diplomy; Ermenistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň direktory Jon Karapetýan seýsmiki kiçi etrapça gurluşygy hem-de seýsmik howpsuzlyk üpjünçiligi boýunça Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen ylmy-gözleg işleriniň hili baradaky şahadatnamany gowşurdy.

Russiýa Federasiýasynyň Gurluşyk we ýaşaýyş-kommunal hojalygy ministrliginiň Merkezi ylmy-barlag we meýilnamalaşdyrylyş institutynyň baş direktorynyň orunbasary Ramzit Maskulow garaşsyz ylmy-tehniki derňewleriň netijesinde Arkadag şäheriniň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň, ekologik gurluşyk boýunça halkara talaplara laýykdygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy. ABŞ-nyň “FIT International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kirt Edwards 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynyň “Arkadag şäheriniň güni” diýlip yglan edilendigi baradaky El Kahon şäheriniň häkimliginiň Kaliforniýa Proklamasiýasyny we Linkoln uniwersitetiniň (ABŞ) Proklamasiýasyny; Bütindünýä rekordlary guramak boýunça geňeşçi Aýdyn Türkgüjü Ginnesiň rekordlar kitabynyň “539 adamyň gatnaşmagynda iň uly bagbançylyk sapagy” atly şahadatnamasyny; Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “KTQ International GmbH” kompaniýasynyň sertifikatlaşdyryş bölüminiň dolandyryjysy Jozef Stanislaus Galert Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna aýdyňlyk we hil boýunça hyzmatdaşlyk hakynda şahadatnamany gowşurdy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna “Philips” enjamlary bilen üpjün edilen sebitiň ýokary tehnologiýaly hassahanasy” atly güwänama berildi. Resminamany ýokarda agzalan kompaniýanyň halkara eksport bölüminiň dolandyryjysy Paskal Peter Lambertus Munsters gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow döwlet ähmiýetli şäher hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça ýerine ýetirilen ägirt uly işlere ýokary baha berendikleri üçin daşary ýurtly myhmanlara hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine berýän uly ünsleri üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylan bu iri taslama Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten belent sepgitleriniň nyşany bolar.

Dabara tamamlanandan soňra, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgünden çykyp, “Märkaw” myhmanhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli toý sadakasy berildi. Täsin binagärlik keşbi we bezegi bilen tapawutlanýan bu toplumyň gurulmagy myhmanlary kabul etmegiň milli ulgamynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary gutlap hem-de Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäheriniň desgalarynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlendigini aýdyp, hemmeleri baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ahal welaýatynyň ymamy tebärek çykyp, Beýik Biribardan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi we türkmenistanlylaryň abadançylygyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny dileg edip, aýat-töwir okady. Soňra nahar çekilip, sadaka gatnaşýanlara milli tagamlaryň dürli görnüşleri hödürlenildi. Toý sadakasy sazandalaryň çykyşlary bilen utgaşdy.

Toý sadakasy tamamlanandan soňra, aýat-töwir okaldy.

Hormatly Prezidentimiz toý-sadakasynyň we doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edip, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şol gün Arkadag şäheriniň häkimliginde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy. Şol resminamalaryň hatarynda Arkadag şäheri bilen Kazan şäheriniň (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk, Arkadag şäheri bilen Telawi şäheriniň (Gruziýa) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky Ylalaşyk bar. Şeýle hem Aşgabat şäheri bilen Baku şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň sanawynyň üstüni ýetirdi.

Agşam hormatly Prezidentimiz Arkadag şäheriniň merkezi seýilgähine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlarynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik döredijilik ruhy öz beýanyny tapdy. “Arkadag şäheri — bagt şäheri” atly edebi-sazly kompozisiýa konsertiň başyny başlady. Ol ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň we täzeçil şähergurluşyk syýasatynyň amala aşyrylmagyna badalga beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz tagallasy we yhlasy netijesinde binýat bolan täze şähere bagyşlandy.

Bu ýerde guralan dabaranyň edebi maksatnamasyna aýdymlar we joşgunly tanslar, artistleriň döredijilik toparlarynyň sungatyň dürli ugurlary boýunça ýerine ýetiren çykyşlary, milli sungatyň baý däpleri, özboluşly öwüşgini, ägirt uly mümkinçilikleri bolan döredijilik çykyşlary girizildi. Konserte gatnaşyjylar belent owazlary bilen Arkadag şäheriniň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň waspyny ýetirdiler.

Ýaşajyk artistler hem şanly waka mynasybetli baýramçylyk çykyşlaryny taýýarladylar. “Çagalygyň bahary — Arkadagyň şäheri” atly edebi sazly çykyşy “Güneş” çagalar hory ýerine ýetirdi. Bu çykyşyň “Şowhun”, “Şatlyk” we “Galkynyş” tans toparlarynyň joşgunly tanslary bilen utgaşmagy onuň täsirliligini artdyrdy. Bu çykyşlar Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesil hakynda edilýän hemmetaraplaýyn alada hoşallygyň nyşanyna öwrüldi. Munuň özi çagalaryň ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň sözleri we sazy esasynda döredilen “Bagt nury” atly aýdymyň ýaňlanmagy konserte gatnaşanlarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi we tomaşaçylar aýdymy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Daşary ýurtlaryň meşhur aýdymlary esasynda ýerine ýetirilen “Aýdymlar çemeni” türkmen artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezip, ol dostluk gatnaşyklarynyň özboluşly senasy bolup ýaňlandy.

Ýurdumyzda emele gelen asylly däbe görä, her bir baýramçylykda dünýä meşhur küştdepdi aýdymly tans dessury ýerine ýetirilýär. Häzirki döwürde halkymyzyň medeni mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan gadymy aýdymly tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini bellemek gerek. Bu sungat eseri häzirki zamanda döwrüň ruhy bilen sazlaşyp, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrýar. Küştdepdini folklor toparlarynyň bilelikde ýerine ýetirmegi sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň has-da täsirli bolmagyny şertlendirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” atly aýdymy baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ony dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmekleri sungat eseriniň ähmiýetini we täsirliligini artdyrdy. Bu aýdym watansöýüjiligiň, agzybir halkymyza we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza beýik buýsanjyň senasyna öwrüldi.

Agşamky asmanda täze şäheriň ajaýyplyklaryny, Türkmenistanyň kartasyny, milli gölleri, taryhy gymmatlyklary şekillendiren dronlaryň şüweleňi hem-de köpöwüşginli feýerwerk baýramçylygyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, Arkadag şäheriniň açylmagy müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan we täze özgertmeler eýýamynda mynasyp dowam etdirilýän, döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, eziz Watanymyzyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýän Türkmenistanyň şöhratly taryhynda ýene-de bir aýdyň sahypany alamatlandyrdy.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/36588/hormatly-prezidentimiz-turkmenistanda-ilkinji-akylly-saherin-acylysy-mynasybetli-dabaralara-gatnasdy