close-icon
Habarlar
photo
Asylly başlangyçlar ýurdumyzyň rowaçlygynyň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadydyr
17.06.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi we Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Irden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň öňündäki meýdançada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag hem-de Aşgabat şäherleriniň, Ahal welaýatynyň häkimleri ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni merkeze gelýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hökümet agzalary mähirli garşylaýarlar.

Merkeziň eýwanynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli düzümlerinde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde işlenip taýýarlanylan dürli önümleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Görkezilýän önümleriň hatarynda polipropilenden we polietilenden taýýarlanylan sanjym serişdeleriniň birnäçe görnüşleri bar. Munuň özi ýurdumyzyň lukmançylyk ylmy boýunça iş alyp barýan alymlarynyň ýerli çig mallardan saglygy goraýyş edaralarynda işjeň ulanylýan dürli serişdeleriň önümçiligini ýola goýmakdaky yhlasly zähmetiniň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek bilen bir hatarda, pudagyň eksport mümkinçiligini artdyrýar.

Tehnologiýalar merkezinde döwlet maksatnamalary esasynda, ylmy-barlag işleriniň netijelerine laýyklykda, 11 ugur boýunça açyşlar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna gönükdirildi. Şol bir wagtyň özünde, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanalarynda işlenip taýýarlanylan önümler we ylmy açyşlaryň netijeleri boýunça birnäçe patentler alyndy. Munuň özi ýurdumyzyň alymlarynyň işläp taýýarlaýan täze önümleriniň resmi taýdan ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem sergide “Ýurdumyzyň ösüşinde innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy işleriň ýygyndysy goýlupdyr.

Sergide Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan önümlere aýratyn orun berlipdir. Buýan köküniň we üzärlik tohumynyň gaýtadan işlenilmegi bilen alnan önümler, Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň galyndysyndan nahar duzunyň alynmagynyň tehnologiýasy baradaky maglumatlar ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalary edýändigini görkezýär. Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň maglumatlaryna salgylanyp geçirilýän ylmy-barlag işleri oňyn netijeleri berýär.

Döwlet Baştutanymyz sergi bilen tanşyp, ýurdumyzda bar bolan çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň, dermanlyk serişdeleriň işjeň ulanylmagy, bu ugra degişli önümçiligiň eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, ylmy işläp taýýarlamalaryň we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň bu ugra gönükdirilmeginiň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze ylmy açyşlaryň, öňe sürülýän teklipleriň içgin öwrenilmelidigini, olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Bellenilişi ýaly, bularyň ählisi diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi geçirildi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, Ahal welaýatynyň häkimleri, Mejlisiň deputatlary we ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar. Göçme mejlisiň gün tertibine halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen bagly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi açyp, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşyň ähli ugurlarynda örän uly üstünlikleri gazanandygyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan giň gerimli maksatnamalaryň amala aşyrylandygyny belledi. Häzirki döwürde hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň düzümini gowulandyrmak hem-de depginli ösdürmek boýunça-da netijeli işler alnyp barylýar. Täze-täze döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, önümçilik kärhanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Diýarymyz özgerip, has gözel görnüşe eýe bolýar. Bu işleriň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň ynamly öňe barýandygyny görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri hem berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen we yzygiderli üns-goldaw bermeginde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän owadan keşbe eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheri iki tapgyrdan ybarat bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy. Biz ony ýakyn günlerde dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga bina edildi. Şolaryň arasynda iki we köp gatly, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş hem-de medeni maksatly binalar, sport desgalary, inženerçilik ulgamlary bar.

Täze şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyryldy. Okuw mekdeplerinde sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa «akylly» öý ulgamy ornaşdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Täze şäheriň ekologik taýdan arassa bolmagy üçin köp işler amala aşyryldy. Onuň daşky gurşaw, tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin zerur çäreler görüldi. Munuň üçin şäheriň köçelerinde we daş-töwereginde köp sanly bag nahallary oturdyldy. Ekologik talaplara laýyk gelýän sazlaşykly ýol-ulag düzümi döredildi.

Täze Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Arkadag şäheriniň döwletimiz we halkymyz üçin örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýeti bardyr. Biz häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bilen berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmagy dowam etdireris. Berkarar döwletimizde her bir günümiz taryhy wakalara we beýik özgertmelere beslenýär. Il-ýurt bähbitli işler barha rowaç alýar. Ýakyn günlerde ulanmaga beriljek Arkadag şäheri döwrebap desgalary bilen taryhymyzyň gatlaryna altyn harplarda ýazylar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Garaşsyzlyk eýýamynyň ruhuna laýyk gelýän obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň düýbüni tutmak we gurmak indi asylly däbe öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz şu gün dabaraly ýagdaýda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutuljakdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen Kararlar taýýarlanyldy. Bu Kararlar Arkadag şäherini ekologik taýdan arassa, dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak wezipelerini öňde goýýar.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Arkadag şäheriniň häkimliginiň maddy binýadyny berkitmegiň meseleleri hakynda» hem-de «Arkadag şäherini ösdürmegiň meseleleri hakynda» Kararlara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça ýadygärlik ýazga gol çekdi. Bu ýadygärlik ýazgysy ýörite guta salyndy.

Öňümizde Gurban baýramy hem ýetip gelýär. Şol günler üç günläp dynç alarys hem-de şäheriň toý-dabaralaryna gatnaşarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. “Bu mukaddes baýram gadymdan gelýän medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy özünde jemleýär. Gurbanlyk günlerinde beriljek sadakalar kabul bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz ýygnananlary we mähriban halkymyzy ýetip gelýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, 28-29-30-njy iýunda ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.

Mejlis tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljekdigini we täze şäherde ulanyljak, ekologik talaplara doly laýyk gelýän döwrebap ulaglaryň — elektrobuslaryň, elektromobilleriň, jemagat ulaglarynyň, ýöriteleşdirilen gulluk ulaglarynyň sowgat ediljekdigini belledi. “Goý, bu häzirki zaman ulaglary bagtyýar raýatlarymyzyň hemişelik hyzmatynda bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz dabaraly çäreden soňra, türkmençilik däp-dessuryna eýerip, toý sadakasynyň beriljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şu günki giňişleýin göçme mejlisiň hormatly Arkadagymyzyň döreden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda geçirilmeginiň hem örän uly manysynyň bardygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu gaznanyň durmuşa geçirýän işleri bilen bagly täze kitabyň neşir edilendigini belläp, şu günki dabaralardan soňra, bu neşiriň oňa gatnaşyjylaryň ählisine gowşuryljakdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.

Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň belent ruha beslenen şowhunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Täze gurluşyklara badalga berilýän meýdançada Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän asylly işlerini, mähriban Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp edýän aýdymlar belentden ýaňlandy.

Soňra ýaş nesliň wekilleri döwlet Baştutanymyza Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça işleriň başlanmagyna ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendiler. Hormatly Prezidentimiz ýadygärlik ýazgy galdyran gutujygyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň biriniň düýbüne atdy. Hormatly Prezidentimiz täze guruljak binanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny oklady hem-de halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerdiler.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga bermek mynasybetli guralan dabara täze şäherde döwrebap önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna guramaçylykly girişiljekdiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. Munuň özi tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we yzygiderli yhlasy esasynda binýat bolan täze şäherde alnyp barylýan giň möçberli işleriň Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn ösüşine, ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilýändigini görkezýär.

Arkadag şäherinde önümçilik kuwwatlyklaryny gurmak baradaky çözgüt milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, şäher ilatynyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Täze eýýamda durmuş-ykdysady ösüşiň depgininiň has-da ýokarlandyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda ähli ugurlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin şertleri döretmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Şu günki ýatdan çykmajak taryhy ähmiýetli waka mynasybetli dabara gatnaşan çagalara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň edara-kärhanalary üçin niýetlenen gulluk awtoulaglaryny, hususan-da, şäher häkimliginiň düzümleri, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Saglygy goraýyş, Maliýe, Polisiýa, Milli howpsuzlyk ministrliginiň müdirlikleri, şeýle hem şäher prokuraturasy, migrasiýa gullugynyň müdirligi, harby wekilligi, Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi we beýleki gulluklar üçin niýetlenen döwrebap awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu awtoulaglar işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynda, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ähmiýetli bolar. Döwrebap awtoulag serişdeleriniň ykjamlygy ýokary dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Arkadag şäheriniň häkimligi we onuň degişli gulluklary üçin niýetlenen ulaglarda sürüjiler we ýolagçylar üçin ähli amatlyklar üpjün edilipdir.

Täze şäheriň häkimi gulluk ulaglarynyň açarlaryny uly hormat bilen kabul edip, munuň üçin hormatly Prezidentimize Arkadag şäheriniň häkimliginiň ähli işgärleriniň adyndan sagbolsun aýtdy we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly işiň üpjün ediljekdigine ynandyrdy.

Soňra bilim, saglygy goraýyş we jemgyýetçilik edaralaryna niýetlenen ulag serişdeleriniň, hususan-da, ýeňil awtoulaglaryň we kiçi görnüşli awtobuslaryň, şol sanda işgärleri, mümkinçiligi çäkli çagalary gatnatmak üçin niýetlenen awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

Medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary we işgärleri üçin ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy. Döwrebap awtoulaglaryň birnäçesi obasenagat toplumynyň edaralary üçin niýetlenendir. Şolaryň hatarynda işgärleri gatnatmak, at daşamak üçin niýetlenen ýörite ulaglar, suw daşaýjy, suwaryjy we ýuwujy, ýük ulaglary bar. Şeýle hem energetika we gurluşyk toplumy üçin döwrebap awtoulaglar gowşuryldy.

Söwda ulgamynyň düzümleýin edarasyna berlen awtoulaglaryň hatarynda çörek we konditer önümlerini daşamak üçin niýetlenen, sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilen ulaglar bar. Nebitgaz toplumynyň sazlaşykly işini ýola goýmak milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamyň edaralaryna hem täze awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

Arkadag şäheriniň ulag we kommunikasiýa toplumynyň guramalaryna hem soňky ýyllarda bu ulgamda gazanylýan täze üstünlikleriň şanyna awtoulaglar sowgat berildi. Ýöriteleşdirilen elektrotaksiler we elektrobuslar ýurdumyzyň tebigaty goramak baradaky strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi ýolagçylara edilýän hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, şäherde ekologik abadançylygyň gowulandyrylmagyny şertlendirer. Şeýle hem täze şäheriň maliýe-ykdysady ulgamlarynyň edaralaryna döwrebap awtomobilleriň ençemesiniň, şol sanda inkasator ulaglarynyň açarlary gowşuryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezine berlen tiz lukmançylyk kömegi üçin niýetlenen awtoulaglaryň enjamlaşdyrylyşy babatda ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini bellemeli.

Häzirki döwürde gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi, şol sanda goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasyna ýöriteleşdirilen “Tiz kömek” ulaglarynyň 6-syny sowgat bermegi munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işini sazlaşykly alyp barmak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine zerur üns berilýär. Täze önümçilik kuwwatlyklary, ähli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman şäherleri gurulýar. Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biri hökmünde kesgitlenen tebigaty goramak wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine möhüm ähmiýet berýär.

Arkadag şäheriniň harby we hukuk goraýjy edaralaryna berlen awtoulaglaryň bir böleginiň ýol gözegçiligi gullugy üçin niýetlenen elektromobillerdigini bellemek gerek. Ýokary halkara standartlara laýyklykda enjamlaşdyrylan awtoulaglaryň birnäçesiniň açarlary Ýangyna garşy göreş gullugyna gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ähli gulluklarynyň ýolbaşçylaryny gutlap, olara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şol pursatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzyň töwereklerine we Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanmagy we onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäher — Arkadag şäheri “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizildi. Munuň özi bu ýerde alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini tassyklaýar.

Soňra toý sadakasy berildi. Oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy hakynda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bularyň ählisi gadymdan gelýän milli däpleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhunda mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Toý sadakasynda okalan aýat-töwirlerde Beýik Biribardan ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagy dileg edildi.

Toý sadakasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Şu çärelere gatnaşanlaryň ählisine “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” atly kitap sowgat berildi. Onda gaznanyň işi baradaky maglumatlar jemlenipdir. Ajaýyp eseri ýüzüne sylyp kabul eden ildeşlerimiz ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi we sagdynlygy ugrunda edilýän atalyk alada üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/36414/asylly-baslangyclar-yurdumyzyn-rowaclygynyn-we-halkymyzyn-bagtyyar-durmusynyn-binyadydyr