close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen
30.05.2023

Şu gün irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy. Bellenilişi ýaly, ýakyn goňşy döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Eýran dürli ugurlar boýunça iki tarapyň hem milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar. EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Gahryman Arkadagymyzyň bu gezekki saparynyň dowamynda gazanyljak ylalaşyklaryň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirip, saparyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Dostlukly türkmen-eýran gatnaşyklary ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ähli esasy ugurlardaky, ilkinji nobatda, ykdysady ulgamdaky netijeli dialogyň okgunly ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurtlarymyz sebitde uzak möhletleýin hyzmatdaş bolmak bilen, häzirki döwürde netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň asyrlarboýy toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrmagy maksat edinip, ony iki ýurduň we Merkezi Aziýanyň halklarynyň bähbidine amala aşyrylýan bilelikdäki täze taslamalar bilen pugtalandyrýarlar.

Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň “altyn halkasy” diýlip ykrar edilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň durmuşa geçirilen taslamasy bilelikdäki taslamalaryň has ähmiýetlileriniň biridir. Bu polat ýol Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ykdysady taýdan has amatly demir ýol ugry bolup, ählumumy parahatçylygyň, rowaçlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmat edýär. Iki döwletiň telekeçilik düzümleriniň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir. Bu topar söwda-ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän netijeli gurallary işläp taýýarlamak maksady bilen döredildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda medeniýet, bilim ulgamlarynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy, türkmen we eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlardyr forumlar geçirilýär. Özara Medeniýet günleri, amaly-haşam sungatynyň sergileri, bilelikdäki beýleki çäreler yzygiderli esasda guralýar. Sebit we ählumumy gün tertibiniň meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyn bolmagy Türkmenistanyň we Eýranyň abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyny hem şertlendirýär.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna şu gezekki sapary we onuň dowamynda meýilleşdirilen duşuşyklar, şol sanda dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen geçiriljek duşuşyklar netijeli döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga itergi bermäge gönükdirilendir.

Bir sagatdan gowrak wagtdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Tähran şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiz Türkmenistanyň goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm üns berýändigini belledi. Häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ilerledilýän gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygy nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamda iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysadyýetleriň pugtalandyrylmagynda, şeýle hem özara düşünişmek esasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny has-da işjeňleşdirmek üçin zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenilip, hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Howa menzilinden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni sapar wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhana — «Saadabad» toplumynyň «Serwestan» binasyna tarap ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy.

EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderini mübärekläp hem-de Eýrana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň durmuş-ykdysady ösüşde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda gazanan we häzirki günde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanmagyny dowam etdirýän üstünliklerine Eýranda tüýs ýürekden guwanýandyklaryny nygtady.

Tähranda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna aýratyn ähmiýet berilýär we netijeli döwletara dialogy pugtalandyrýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň subutnamasy hökmünde garalýar.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi hem-de Eýrana sapar bilen gelmäge çakylyk we myhmansöýerlik üçin Sadek Amoli Larijana türkmen wekiliýetiniň adyndan, şeýle-de öz adyndan minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň halklarynyň asyrlaryň dowamynda diňe bir goňşy bolman, eýsem, garyndaşdyklaryny hem belledi. Açyklyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan şeýle ikitaraplaýyn gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň esasy şerti hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň we duşuşygyň türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn goşant boljakdygyna, olary giňeltmäge itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Soňra ikitaraplaýyn, şeýle-de iri halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Ýurtlarymyzyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda hemmetaraplaýyn ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan Eýran bilen doganlyk gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Eýran ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryň özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi nygtaldy.

Eýran Yslam Respublikasy ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplyk hukuk derejesini goldap, bu ugurda dünýä giňişliginde degişli ýardamlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzyň bitarap daşary syýasatyna we öňe sürýän halkara başlangyçlaryna berýän goldawlary üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan hem, öz gezeginde, Eýranyň özygtyýarlylygyna, saýlap alan ýoluna hormat goýýar. Ýurdumyz EYR-nyň anyk we netijeli ýörelgelerine ýokary baha bermek bilen, dünýä giňişliginde eýeleýän möhüm ornuna uly ähmiýet berýär hem-de onuň halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy türkmen-eýran gatnaşyklaryny ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça ösdürmegiň wajypdygy barada aýdyp, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we has ýokary derejelere çykarmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri halkara giňişlikde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlaryň netijesinde Merkezi Aziýanyň we oňa goňşy döwletleriň dünýäniň üns merkezindedigini belledi. Bu bolsa sebitiň ornunyň belli bir derejede ýokarlanmagyny şertlendirýär. Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, ýurtlarymyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebitimiz bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryň ýylsaýyn ýokarlanmagynda berk esas bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibiniň esasy meseleleriniň birine — sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň Hazar deňzi bilen bagly meseleleri boýunça-da pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, sebitdäki geosyýasy ýagdaýlarda belli bir derejede Hazar deňziniň täsiri peýda bolup başlady. Bu bolsa sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge borçlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi.

Şol bir wagtda, häzirki dünýä şertlerinde, Hazar basseýniniň diňe bir syýasy däl-de, eýsem, ykdysady taýdan hem ähmiýetiniň artýandygyny bellemek zerur diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň bu ugurda hyzmatdaşlygyň strategik mümkinçiliklerini görýändigini nygtady.

Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ulag, nebitgaz we elektroenergetika ýaly iki ýurduň ykdysadyýetleri üçin strategik taýdan ähmiýetli ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty bilen EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň, şeýle hem iki ýurduň parlamentleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri barada pikir alşyldy.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň doganlyk Eýran Yslam Respublikasy bilen bu ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Bilelikde geçirilýän medeni çäreler we ylmy maslahatlar halklarymyzyň özara ruhy taýdan baýlaşmagy üçin mümkinçilikleri giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň özara gatnaşyklary, hususan-da, ylym-bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa ulgamlarynda, şeýle hem welaýatlaryň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy bellenildi.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Sadek Amoli Larijani gadymy milli ýörelgeleri gaýtadan dikeltmek wezipesiniň Türkmenistanda amala aşyrylýan syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Munuň özi ýaş nesli watançylyk, ata-babalaryň mirasyna aýawly çemeleşmek ruhunda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedir.

Biz ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine uly üns berýäris. Ýaşlar biziň geljegimizdir diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistanyň üstünlikleri hem-de ýeten sepgitleri ýaş nesliň alyp barýan işleri, bagtyýar durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda Sadek Amoli Larijani Türkmenistanda Arkadag şäheriniň bina edilendigi baradaky habary uly guwanç bilen kabul edendigini aýdyp, bu şäherde metjidiň we medresäniň gurulmagynyň sogap işdigini belledi. Munuň özi dini ýörelgeleriň dowam etdirilmegine ýardam berer. Bu bolsa biziň doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrýar.

Öz nobatynda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda ýollaryň, köprüleriň hem-de beýleki desgalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, metjitleriň bina edilmeginiň ähli döwürlerde-de sogap iş hasaplanýandygyny nygtady. Täze Arkadag şäherinde metjidiň gurulmagy ynsanperwerligiň belent nusgasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň giň meseleleri boýunça pikir alyşmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmegiň anyk ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň türkmen we eýran halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy döwletlerimiziň arasynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň maksadalaýykdygyny belläp, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy sowgat alyşdylar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Sadek Amoli Larijani hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň awtoulag kerweni “Maşrute” binasyna tarap ugrady. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşyk geçirildi.

Eýran parlamentiniň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Duýgudaşlyk sözleri hem-de mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň maksady hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň kanunçylyk esasynda berkidilmeginden ybaratdyr. Gahryman Arkadagymyz türkmen-eýran gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky pikiri aýdyp, parlamentara topary döretmegi teklip etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Garaşsyz Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatyna hem-de ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine goşýan uly goşandyna ýokary baha berdi. Mohammed Bager Galibafyň nygtaýşy ýaly, iki halk bilelikde sebitde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirip bilerler.

Iki ýurduň sebit we halkara syýasatyň köp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy birnäçe möhüm ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Türkmenistanda döredilen häzirki zaman düzümlerini hem-de üstaşyr gatnawlar üçin mümkinçilikleri hasaba almak bilen, ulag ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, ýol we köpri gurluşygy beýleki geljegi uly ulgamlar hökmünde kesgitlenildi. Şunda biziň ýurtlarymyz netijeli hyzmatdaşlyk edip hem-de bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip bilerler.

Eýranyň parlamentiniň ýolbaşçysy Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentara topary döretmek baradaky başlangyjyny goldap, onuň işiniň döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine hem-de giňeldilmegine gönükdiriljekdigini belledi. Döwletlerimiziň eksport-import amallarynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilige eýedigini aýdyp, iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda söwda wekilhanalaryny döretmegiň hasabyna ony ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.

Mohammed Bager Galibaf eýran tarapynyň bu meselelere garamaga taýýardygyny tassyklap, şu gezekki saparyň jemleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze kuwwat berjekdigine ynam bildirdi.

Ekologiýa meselesi ara alnyp maslahatlaşylan möhüm ugurlaryň biri boldy. Ol häzirki zamanyň örän möhüm wezipesidir. Bellenilişi ýaly, Eýran Türkmenistan tarapyndan bu ulgamda öňe sürülýän ähli başlangyçlary hemişe goldap gelýär we geljekde-de goldar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

EYR-nyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf çakylyk hem-de netijeli söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, abadançylyk we işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşyk boldy.

Goňşy döwletiň Baştutany hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübärekläp, türkmen halkynyň Milli Liderini Tähranda görmäge şatdygyny nygtady. Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň belleýşi ýaly, onuň ýurdunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu gezekki saparyna uly ähmiýet berilýär. Bu saparyň netijeleri döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna itergi berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň we ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Häzirki wagtda dürli ulgamlarda gol çekilen ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işler alnyp barylýar.

Prezident Seýed Ebrahim Raisi müňýyllyklara uzap gidýän taryhy we medeni kökleriň hem-de däpleriň umumylygyna esaslanýan eýran-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki günde dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigini belläp, EYR-nyň döredijilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýrana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, Tährandaky şu gezekki duşuşyga tüýs ýürekden şatdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini nygtap, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda döwletara syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny bellediler. Iki döwletiň Baştutanlarynyň özara saparlary we olaryň çäklerinde geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler, hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji ýubileý sammitine hem-de 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran iş saparlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýrana amala aşyran ilkinji resmi sapary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu özara saparlar hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly itergi berip, türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň anyk gurallaryny işläp taýýarlamak üçin ministrlikleriň hem-de Hökümet wekilleriniň özara saparlaryny yzygiderli esasda guramagy teklip etdi. Taraplar halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň dünýä ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça birek-biregiň başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygy aýratyn bellenildi. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara derejede has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gaz, elektroenergetika, ulag, suw pudaklaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Seýed Ebrahim Raisi türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de wekiliýet agzalaryny mübärekläp, Eýranyň Türkmenistana ýakyn dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi. Goňşy ýurduň Baştutany döwletara hyzmatdaşlygyň köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň berk binýadyna esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.

EYR-nyň Prezidenti Tährandaky şu gezekki duşuşygyň iki döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirip, eýran-türkmen dialogynyň pugtalandyrylmagyna uly üns berýändigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana resmi saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygynyň bellenendigi barada aýdyldy. Bu mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň abadançylygyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýrana sapar bilen gelmäge çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin Prezident Seýed Ebrahim Raisä minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däpleri baglanyşdyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we şu gezekki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garalandygyny belledi. Gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge ýardam berer.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň goňşusy we esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan doganlyk Eýran bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine Türkmenistanda aýratyn üns berilýär. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we pugtalandyrylmagyna berýän ünsi, edýän tagallalary üçin türkmen tarapynyň adyndan EYR-nyň Prezidentine aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, şu gezekki duşuşygyň türkmen-eýran doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine berk ynam bildirildi.

Eýýäm 30 ýyldan gowrak wagtdan bäri ýurtlarymyz diplomatik gatnaşyklary saklap gelýärler. Taryhy nukdaýnazardan bu gysga döwürde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik derejä çykaryldy. Eýran Yslam Respublikasy ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldady we dünýä giňişliginde bu ugurda ýardam berdi. Mundan başga-da, eýran tarapy ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, EYR-nyň Prezidentine berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Öz nobatynda, Türkmenistan Eýranyň özygtyýarlygyna hormat goýýar. Onuň anyk we netijeli ýörelgelerine ýokary baha berip, dünýä giňişligindäki ornuny belleýär hem-de halkara başlangyçlaryny goldaýar.

Gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda dünýä giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň barha artýan orny bilen baglylykda, sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýylsaýyn artýan gyzyklanmanyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birine, hususan-da, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamak, goňşy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, olary amala aşyrmak boýunça anyk işleri alyp barýar. Hususan-da, Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly ugurlarda sebit we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek ugrunda amala aşyrýan demir ýol gurluşygynyň uly ähmiýetini nygtap, infrastruktura taslamalarynyň diňe bir owgan tarapy üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem maýa goýum boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde goňşy döwletlere aýratyn orun degişlidigini nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň hem Eýranyň gatnaşyklarynda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meselelere möhüm orun berilýär. Häzirki wagtda sebitde bolup geçýän geosyýasy ýagdaýlar sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegini talap edýär. Taraplar sebitiň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar basseýniniň diňe bir syýasy däl, eýsem, ykdysady nukdaýnazardan hem ähmiýeti nygtaldy we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategik mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar haryt dolanyşygynyň artýandygyny bellediler. Muňa mysal hökmünde käbir görkezijiler getirildi. Şonuň bilen birlikde, bar bolan kuwwatlyklary hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri doly herekete getirmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazyň eksport edilmegine we üstaşyr geçirilmegine, eksportyň we importyň artdyrylmagyna, ulag, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleriniň çözgüdini işjeňleşdirmek teklip edildi.

Gaz alyşmak boýunça ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Taraplar bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Elektroenergetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurdy birleşdirjek Mary — Maşat elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigi barada aýdyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Eýran ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýär. Munuň özi bu pudakda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ýük gatnawlaryny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe anyk teklipleri, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hem-de Hazar deňzindäki Eýranyň portlarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak meselelerine degişli başlangyçlary beýan etdi.

Oba hojalygy hem döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Taraplar bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň köp ýyllaryň dowamynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmalydygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, söwda, maýa goýum, senagat ýaly ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy we bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mehanizmleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn orun degişlidir.

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň bu ulgamdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini bellediler. Nygtalyşy ýaly, bilelikde geçirilýän dürli çäreler halklarymyzyň ruhy taýdan baýlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, sport, ekologiýa ugurlary boýunça, iki ýurduň welaýatlarynyň derejesinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini nygtap, bu şanly sene mynasybetli eýranly dostlar bilen döredijilik forumlarynyň guraljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi iki dostlukly ýurduň, olaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasy; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Jarnamada dostlukly we ynanyşykly ýagdaýda geçen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, parlamentara, söwda, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ähli ugurlary boýunça pikir alşylandygy nygtalýar. Resminamada bellenilişi ýaly, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nazara almak bilen, iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

EYR-nyň Baştutany şu günki duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, Eýrana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ýurdumyzyň wekiliýetine hoşallygyny bildirdi. Bellenilişi ýaly, şu günki gepleşikler iki ýurduň däp bolan netijeli gatnaşyklary giňeltmäge berk ygrarlydyklaryny görkezdi. Gazanylan ylalaşyklar bolsa Türkmenistanyň we Eýranyň döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gol çekilen möhüm resminamalar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda geçirilýän bilelikdäki işleriň netijesidir. Biziň gatnaşyklarymyza ýokary dereje mahsusdyr. Biziň umumy serhedimiz bolsa dost-doganlyk serhedidir. Şu günki gepleşikleriň barşynda energetika, nebitgaz pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Bu ugurlarda iki ýurduň arasynda oňyn tejribe toplandy.

Biziň ýurtlarymyzyň geografik taýdan amatly ýerleşendigini hem-de ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak üçin açylýan mümkinçilikleri hasaba almak bilen, ulag ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Oba hojalygy, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak eýran-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýene bir möhüm ugrudyr. Halkara we sebit guramalarynyň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşylan ýene bir meselesi boldy. Prezident Seýed Ebrahim Raisi türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen syýasatyny hemişe goldaýandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bu ugurda ylym, bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin anyk çäreleri durmuşa geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Eýranyň Baştutany ýaşlar syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigi barada aýdyp, ýaşlary parasatly milli ýörelgelere hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň wajypdygyny belledi.

Sözüniň ahyrynda Prezident Seýed Ebrahim Raisi Eýran Yslam Respublikasyna sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna we ýurdumyzyň wekiliýetine ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, dostlukly goňşy ýurtlaryň we olaryň halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, milli bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine taýýardygyny tassyklady.

Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de gadymy eýran topragynda mähirli kabul edilendigi üçin EYR-nyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny belledi. Biz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary edýäris. Bu ugurdaky meseleleriň çözülmegi oňyn netijelerini berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri biziň ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasaty goldaýandygyny nygtady. Öz nobatynda, Eýran “Açyk gapylar” syýasatyny hem-de Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldaýar.

Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunda hökümetara türkmen-eýran toparynyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň amala aşyrýan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny hasaba almak bilen, gaz pudagynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Elektroenergetika ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Eýrana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak barada ylalaşyk gazanyldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşylandygyny nygtady. Oba hojalygy, ekologiýa we suw serişdelerinden peýdalanmak meseleleri ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm ugurlarydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri geçen ýylyň iýun aýynda bolan altynjy Hazar sammitinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine, hususan-da, onuň ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlary boýunça giňeldilmegine uly ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, watandaşlarymyzyň Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etmeklerine döredilýän şertler üçin Prezident Seýed Ebrahim Raisä minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz 2024-nji ýylda türkmen şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini nygtap, eýranly dostlary bu şanly sene mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, şol gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň we gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynanýandygyny belledi.

Şeýle hem Milli Liderimiz Prezident Seýed Ebrahim Raisiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly goşandyny belledi hem-de oňa jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi. Çykyşynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly eýran halkyna bagtyýarlyk, rowaçlyk, parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdi.

Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Saadabad” toplumynyň “Hafeziýe” köşgüne ugrady. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi. Resmi agşamlyk nahary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.

Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary dowam edýär.

***

Milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary mahalynda ýanynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy kaşaň “Saadabad” toplumynda ýerleşýän taryhy-medeni desgalara baryp gördi.

XX asyryň başynda bina edilen “Saadabad” toplumy eýran binagärliginiň göwheri hem-de Eýranyň paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň biri hasaplanýar. Bu toplum Tähran şäheriniň demirgazyk böleginde — ajaýyp Şemiran künjeginde ýerleşýär.

Topluma köp sanly naýbaşy binagärlik desgalary hem-de köşkler girýär. Eýran halkynyň taryhy-medeni mirasynyň täsin gymmatlyklary saklanylýandygy sebäpli, olar dünýäniň çar künjeginden gelýän jahankeşdeleriň müňlerçesinde uly gyzyklanma döredýär. Bir söz bilen aýdylanda, munuň özi Eýranyň medeni hazynasydyr, bu ýerde gadymy döwletiň sungatynyň köpöwüşginli dünýäsi bilen tanyşmak mümkindir.

Bu topluma gezelenç gajarlar neberesiniň höküm süren zamanasynyň soňky ýyllarynda gurlan “Şahwand” köşgi bilen tanyşlykdan başlandy.

1941 — 1979-njy ýyllarda hökümdarlyk eden Eýranyň iň soňky şasy Reza Pehlewiniň döwründe bu toplumda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Durky täzelenilenden soňra, iki gatly köşk çägesöw hem-de ýaşyl öwüşginli yspyhan mermeri bilen örtüldi. Munuň özi oňa aýratyn gözellik çaýdy. Daşky keşbiniň reňkine görä, bu taryhy binany “Ýaşyl köşk” diýip hem atlandyrýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde nusgawy eýran nakgaşlygynyň toplumlary, kalligrafiýa, milli lybaslaryň nusgalary we köp sanly beýleki gymmatlyklar görkezilýär. Bu bolsa eýran halkynyň köpugurly medeniýeti, ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri, däp-dessurlary barada düşünje berýär.

Adamzadyň köpasyrlyk taryhynyň şaýatlyk edişi ýaly, medeniýetiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýän döwletlerde parahatçylyga, ylalaşyga we hoşniýetli goňşuçylyga bolan ymtylyş ähli zatdan güýçlüdir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň tutuş dowamynda döreden ähli gymmatlyklaryna aýawly çemeleşilýär. Häzir ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň artdyrylmagyna ýardam edip, olaryň geljek nesiller üçin goralmagyny üpjün edýär.

Türkmen halkynyň umumadamzat ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwrülen mirasy beýikdir hem-de köptaraplydyr. Ol Aşgabadyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň döwlet muzeýlerinde aýawly toplanan deňsiz-taýsyz genji-hazynalary özünde jemleýär. Muzeýleriň gaznalarynda däp bolan hünärmentçiligiň hem-de halk sungatynyň el bilen döredilen ýadygärlikleriniň ýüzlerçesi saklanylýar. Ylmy barlaglary alyp barýan daşary ýurtlularyň köp sanlysy Türkmenistana gyzyklanma bildirýärler. Olar bu ýerde Gündogaryň ösüşiniň hem-de ümmülmez medeni mirasyň taryhyny düýpli öwrenmek üçin geljegi uly mümkinçilikleri görýärler.

Soňra Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasynyň awtoulag kerweni “Şahwand” köşgünden Farşçian adyndaky çeperçilik muzeýine tarap ugraýar.

Bu muzeý dünýä meşhur häzirki zaman eýran suratkeşi Farşçianyň eserleriniň ýeke-täk sergisidir. Bu suratkeşiň döredijiligi eýran nakgaşlygynyň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi. Muzeýde suratkeşiň yslam dünýäsinde hem-de Günbatarda giňden meşhur bolan eserleriniň 54-si saklanylýar. Mälim bolşy ýaly, Farşçian Eýranyň nakgaşlyk mekdebini esaslandyrdy. Onda häzirki zaman usullaryny ulanmak arkaly nusgawy ugur dowam etdirilýär.

Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir halkyň taryhy geçmişi, baý maddy-ruhy mirasy, elbetde, medeniýetiniň, şol sanda çeperçilik sungatynyň häzirki zaman gazananlary bardyr. Hut şoňa görä-de, islendik halkyň genji-hazynalary, onuň zehinli wekilleriniň her biriniň döredijiligi bilen tanyşlyk halkara medeni aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy bilen birlikde, halklaryň özara düşünişmeklerine, medeni gatnaşyklar arkaly parahatçylygy hem-de durnuklylygy gazanmaga ýardam edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa soňra Millat muzeýine baryp gördi.

Umumy meýdany 7 müň inedördül metre deň bolan Millat muzeýi “Saadabad” toplumynyň iri binalarynyň biridir. Bu binada 50-den gowrak otag bolup, olaryň her birinde täsin muzeý gymmatlyklary — Pehlewiler nesilşalygynyň wekillerine peşgeş berlen gymmatly sowgatlar ýerleşdirilendir. Häzire çenli öz gözelligi hem-de ýerine ýetirijiliginiň özboluşlylygy bilen tapawutlanýan gadymy halylar giň gerimli uly zallaryň bezegi bolup durýar.

Deňeşdirilip aýdylanda, türkmen halylarynyň hem gadymy döwürlerde deňsiz-taýsyz gözelligi we ýerine ýetirilişiniň ýokary hili bilen tapawutlanandygyny bellemek gerek. Milli halyçylygyň bütin dünýäde haýrana goýýan we uly abraýa eýe bolan eserlerinde türkmen halkynyň iň oňat häsiýetleri, iň esasysy bolsa, halkymyza mahsus bitewülik we ruhubelentlik şöhlelendirilipdir. Haly gölleri türkmen halkyna mahsus parasatlylygy, ajaýyplyga bolan baky ymtylyşy hem-de duýgy sazlaşygyny, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ady äleme dolan halyçylyk sungatymyzy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu ajaýyp hünäri wagyz etmäge hem-de yzygiderli kämilleşdirmäge, halylaryň gadymy nusgalaryny saklamaga hemme şertler döredilýär. Diýarymyzda elde haly dokamak sungatyna hormat goýmagyň hem-de ony aýratyn ykrar etmegiň nyşany hökmünde Türkmen halysynyň baýramy döredildi. Bu däp bolan baýram her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär.

Hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministrliginiň köşk toplumynyň jogapkär ýolbaşçysyna guralan gyzykly gezelençler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy “Saadabad” toplumynyň “Talar” binasyna tarap ugrady. Bu ýerde onuň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy hanym Jamile Alamolhoda bilen duşuşygy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Tähranda bolmagynyň dowamynda mähirli kabul edilendigi hem-de özi üçin ýörite guralan gyzykly gezelenç üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Zenanlaryň häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşine goşýan goşandynyň ornuna we ähmiýetine aýratyn üns berildi. Türkmenistanda hem, Eýranda hem zenanlar jemgyýetçilik durmuşyna barha işjeň gatnaşýarlar we öz ýurdunyň durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda EYR-nyň Prezidentiniň maşgalasy hanym Jamile Alamolhoda belent mertebeli myhmanyň — türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hormatyna agşamlyk naharyny berdi.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/36132/turkmenistan-eyran-kopasyrlyk-dostlugyn-we-hosniyetli-gonsucylygyn-yoly-bilen