Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şu günler welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlere ideg edilýär, pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalarda, inženerçilik ulgamlarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň esasy bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamanyň berjaý edilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça ekişi geçirilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, ilkinji hatarara bejergi we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary, gurallary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýa ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bu ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär, pile öndürmek boýunça meýilnamany berjaý etmek boýunça zerur tagallalar görülýär.
Hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda guraljak dabaralara taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz bugdaý, ýeralma, sogan we beýleki ýazlyk ekinleri ekilen meýdanlarda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde alnyp barylmagyna, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň berjaý edilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag we ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary, gurallary doly güýjünde işledilýär. Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatyň bugdaý, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça ähli zerur çäreler görülýär.
Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda guralmagy göz öňünde tutulýan çärelere taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna ünsi çekdi hem-de bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň, şaly ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak işleri hem alnyp barylýar. Ilatymyzy ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär. Pile öndürmek möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Hasabatyň dowamynda welaýatda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de welaýatyň ak ekin meýdanlarynda, ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatyň pagta ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerine guramaçylykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, häkime bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri alnyp barylýar. Gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, sebitiň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işler dowam edýär. Ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli işler ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalar edilýär.
Hasabatyň dowamynda welaýatda ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmeginiň, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň doly berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gowaça meýdanlarynyň gögeriş alnan ýerlerinde hatarara bejergi, ýekelemek we otag işleri geçirilýär. Gowaça ideg etmekde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny netijeli işletmek, ideg işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek, galla oragynda işledilmegi göz öňünde tutulýan kombaýnlary, awtoulaglary we galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlaryň ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek hem-de suw serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Türkmensuwylmytaslama” instituty tarapyndan ekerançylyk meýdanlarynda suwaryş ýaplaryny bellenen kadalara laýyklykda ulanmak üçin taslama işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de gowaça, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi we häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.tdh.gov.tm/tk/post/35781/turkmenistanyn-prezidenti-sanly-ulgam-arkaly-maslahatyny-gecirdi-75