close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
30.04.2023

Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirildi. Şanly senäniň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Täze taryhy eýýamda döwürleriň we nesilleriň mizemez arabaglanyşygyny özünde jemleýän ganatly bedewler tutuş adamzadyň medeni mirasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň döredijilikli zehininiň aýdyň miwesidir.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Hemmeleri ajaýyp baýramçylyk bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplumyň çägine bardy. Bu ýerde ýurdumyzyň dürli künjeginden senetçileriň, suratkeşleriň we halyçylaryň döreden eserlerinden ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy.

Artistler döwlet Baştutanymyzy behişdi bedewlere bagyşlanan aýdym-sazlary bilen garşyladylar. Amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen sergi meýdançasynda baýramçylyk äheňinde bezelen ak öýler gurnaldy. Nurana öýleriň öňünde ýerleşdirilen sekilerde gelin-gyzlar ussatlyk bilen el işlerini ýerine ýetirýärler. Bu görnüşler bagşy-sazandalaryň joşgunly aýdym-sazlary bilen utgaşyp, dabaralaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýär.

Diňe bir at çapyşyklarynyň geçirilýän ýeri däl, eýsem, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini wagyz etmekde we ösdürmekde möhüm merkez hökmünde-de ykrar edilen toplumyň tutuş çäginde köpöwüşginli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza degişli bölümlerde görkezilýän gymmatlyklar her sebitiň özboluşly aýratynlygyna mahsus öwüşgine beslenýär. Şeýle hem bu ýerde döredijilik mekdepleriniň ýöriteleşdirilen ugruna degişli gymmatlyklary görmek bolýar. Aşgabat şäherine degişli bölümde küýzegärlik sungatynyň nusgalary, gobelenler, bedewleriň bezeg şaýlary, zergärçilik önümleri görkezilýär. Mundan başga-da, bölümiň ýanynda milli saz gurallarynyň ýakymly owazlary ýaňlanýar.

Ahal welaýatynyň bölüminde ussat zergärler tomaşaçylaryň öňünde ajaýyp zergärçilik işlerini ýerine ýetirýärler. Aýratyn-da, atlaryň bezeg şaýlarynyň nepisligi görenleri haýran galdyrýar. Balkan welaýatyndan gelen wekiller bolsa düýelere dakylýan bezegleriň görnüşlerini görkezýärler. Şeýle hem bu ýerde özboluşly görnüşde bezelen suw kädileri, agaçdan taýýarlanan birnäçe şekiller goýlupdyr. Ýerine ýetirilen gazallar bilen utgaşan gymmatlyklar tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Daşoguz welaýatyna degişli bölümde milli saz gurallarynyň görnüşleri, arassa deriden taýýarlanan önümler bar. Bu ýerde dutar ussasy täsin senediň ýasalyş aýratynlyklaryny görkezýär. Dessançy bagşylaryň çykyşlary serginiň ähmiýetini artdyrýar. Lebap welaýatynyň wekilleriniň bölüminde dürli görnüşli zähmet gurallary, ululy-kiçili, özboluşly nagyşlary bolan kilimler möhüm orny eýeleýär. Zenanlaryň ýakymly owazlary olaryň el işleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Mary welaýatynyň wekilleri bolsa ýüpek matalarynyň dürli görnüşlerini, dokma önümlerini, gündelik durmuşda ulanylýan serişdeleri görkezýärler. Dutaryň we gargy tüýdügiň hoş owazyny diňläp, zenanlar el işlerini ýerine ýetirýärler. Heýkeltaraşlaryň, ussat halyçylaryň, suratkeşleriň we beýleki döredijilik işgärleriniň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döwlet derejesinde geçirilen bäsleşige hödürlän işleriniň sergisi has-da köp adamly boldy. Bu gymmatlyklar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Bu ýerde degişli ugurlar boýunça bilim alýan we ussat halypalaryň tejribesini netijeli özleşdirýän ýaşlaryň döreden şekilleri, sungat eserleri hem görkezildi. Munuň özi ýurdumyzda sungat älemine gadam basýan ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin döwlet derejesinde mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Sport çykyşlary, aýratyn-da, pälwanlaryň tutluşyklary bu ýerde guralýan dabaralaryň baýramçylyk şowhunyny has-da belende göterdi. Göreşiň tälimlerini ussatlyk bilen ele alan pälwanlaryň ýeňşi dabara gatnaşýanlarda uly joşgun döretdi. Ýeňiji bolan pälwanlar degişli baýraklara mynasyp boldular.

Sergide görkezilýän önümleri we beýleki gymmatlyklary synlap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplumyň baş binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylary, tans toparlary joşgunly çykyşlary bilen garşyladylar. Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçirilýän dabaranyň derejesini we ähmiýetini belende göterdi.

Häzirki döwürde bedewleriň ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň kuwwatyny we ägirt uly üstünliklerini özünde jemleýän özboluşly gymmatlyga öwrülendigini bellemek gerek. Halk seçgiçileri we ussat seýisler ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny saklamak bilen, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň iň gowy däplerini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Şunda at seýislemegiň milli mekdebiniň bedewleri terbiýelemek däbini ösdürmeginiň möhüm aýratynlygydygyny bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bedewler baradaky aladany, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende götermek hem-de milli atşynaslyk däplerini häzirki zaman tejribeleri bilen utgaşdyrmak ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Bedew yhlasly zähmetiň netijesidir. Onuň gözelligi, çeýeligi, ýyndamlygy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi egsilmez güýjüň, tejribäniň, zehiniň we bedewlere bolan söýginiň aýdyň beýanydyr. Türkmen halky halal zähmetiň gadyryny bilýär. Ahalteke bedewleri bolsa yhlasly zähmetiň beren miwesidir. Bedewler toý-baýramlaryň şowhunyny has-da artdyrýar.

Halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewleriň şanyna döwlet derejesinde uly toý tutulýar. Onuň esasy bezegi bolsa gyzykly geçýän at çapyşyklarydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplumyň münberinde özi üçin niýetlenen ýere geçip oturdy.

Dabarany alypbaryjy bu gezekki möwsümiň abraýly bäsleşikleriniň — baýramçylyk at çapyşyklarynyň başlanýandygyny yglan etdi. Badalga berilmegi bilen, ýelden ýüwrük bedewler öňe tarap okduryldylar. Olar tizligini barha artdyryp, tomaşaçylaryň guwanjyna öwrüldiler.

Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelinýän bu asylly ýörelge häzirki sanly tehnologiýalar zamanasynda hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Munuň özi ýaşlaryň halkymyzyň taryhy ykbalynyň möhüm bölegine öwrülen bedewlere bolan söýgüsiniň artmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Döwlet Baştutanymyzyň ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzünde wagyz edilmegi we atçylyk pudagynyň ösdürilmegi ugrunda edýän yzygiderli tagallasy hemmeler, aýratyn-da, ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

At çapyşyklary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ozalkylary ýaly, örän gyzykly hem-de özüne çekiji tomaşalaryň biri bolup durýar. Münberlerde oturan adamlar, tele we fotožurnalistler iki sagatdan gowrak dowam eden at çapyşyklarynyň her bir pursadyny synlap, olary surata düşürdiler. At çapyşyklary aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Bagşylaryň hoş owazlary ganatly bedewleriň waspyny ýetirip, halkymyzyň milli buýsanjynyň senasy bolup ýaňlandy.

Dürli aralyklara baýramçylyk çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi. Olara baýramçylyk mynasybetli ýokary derejede seýislenen we seçilip alnan bedewler gatnaşdyryldy.

Birinji çapyşyk ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet toplumynyň “Polatly” baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyk boýunça geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Ýadygär atly bedew birinji geldi. Ony M.Kiçigulow çapdy.

Ikinji çapyşygyň menzili hem 1 müň 600 metr boldy. Bu çapyşykda üçýaşar bedewler ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň “Meleguş” baýragyny almak ugrunda bäsleşdiler. Onda R.Agamyradowyň çapan we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli bolan Gudratlydag atly bedewi birinji gelmegi başardy.

Üçünji çapyşykda üçýaşar bedewler ýurdumyzyň söwda toplumynyň “Gelşikli” baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyga bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew ýeňiş gazandy. Ony G.Begliýew çapdy.

Dördünji çapyşykda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Ýanardag” baýragyny almak ugrunda üçýaşar bedewler 1 müň 600 metr aralyga ýaryşdylar. Onda “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli Mekan atly bedew birinji geldi. Ony çapyksuwar Ö.Ýalkabow çapdy.

Bäşinji çapyşyk ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň “Pereň” baýragyny almak ugrunda boldy. 1 müň 800 metr aralyga güýç synanyşan dört we uly ýaşar bedewleriň arasynda S.Atajanowyň çapan Teleke diýen bedewi ýeňiş gazandy. Bedew Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişlidir.

Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler oba hojalyk toplumynyň “Garader” baýragy ugrunda 1 müň 800 metr aralyk boýunça bäsleşdiler. Onda D.Berdimämmedowyň çapan we Aşgabat şäher häkimligine degişli Ýagmyr atly bedewi birinji gelmegi başardy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Akhan” diýen baş baýragyny hem-de göçme kubogy almak ugrunda geçirilen ýedinji çapyşyk has-da gyzykly we çekeleşikli boldy. Bu çapyşykda dört we uly ýaşar bedewler 1 müň 600 metr aralyga goşuldylar. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Nowruz atly bedew birinji geldi. Ony ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy.

Baýramçylyk çapyşyklarynyň dowamynda bagşy-sazandalaryň çykyşlarynyň guralandygyny bellemeli. Türkmen halkynyň döreden gymmatlyklaryna, taryhyna we ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine bagyşlanan çykyşlar baýramçylyk çapyşyklarynyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi.

Ahalteke bedewleriniň dünýä atşynaslygynyň taryhynda möhüm orun eýeländigini we uzak aralyklar boýunça ýörişlere gatnaşyp, çydamlylygyny, durnuklylygyny görkezendiklerini bellemek gerek. Olaryň taryhyň dürli döwürlerinde atçylyk sporty boýunça goýan rekordlarynyň käbiriniň häli-häzire çenli täzelenmändigi munuň aýdyň beýanydyr.

Soňra şu günki geçirilen çapyşyklaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Olara baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar hem-de uly möçberli pul serişdeleri gowşuryldy. Mundan başga-da, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň göçme kubogy we “Akhan” baýragy gowşuryldy.

Şu gün bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan konkur bäsleşiginiň we uzak aralyga geçirilen at çapyşygynyň ýeňijileri hem yglan edildi. Konkur boýunça bäsleşikde Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, çapyksuwar S.Garajaýewiň erk eden Toýçy atly bedewi ýeňiş gazandy. Uzak aralyga geçirilen at çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gaýduw diýen bedew ýeňiji boldy. Ony ussat çapyksuwar T.Babaýew çapdy.

Çapyksuwarlar mynasyp bolan sylaglaryny ýüze sylyp, milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek barada yzygiderli aladasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we atşynaslygyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek, bedewleriň ahalteke tohumyny giňden wagyz etmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, bu ýerde baýramçylyk çäreleri dowam etdi. Aýdym-sazlar belentden ýaňlandy, döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem gadymy küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabara gatnaşýan tomaşaçylaryň müňlerçesi tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

***

Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde geçirildi. Olaryň maksatnamasynyň çäklerinde konsertler, sergiler, edebi-sazly, şahyrana çykyşlar, atşynaslary we seýisleri sylaglamak çäreleri guraldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze ösüşe eýe bolan hem-de häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli ilerledilýän ýurdumyzyň atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikler mynasybetli dabaralara beslenen Türkmenistan gözelligi we ýyndamlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini dünýä peşgeş beren iri halkara atşynaslyk merkezi hökmünde öz ornuny ynamly berkidýär.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/35690/turkmenistanyn-prezidenti-turkmen-bedewinin-milli-bayramy-mynasybetli-gecirilen-dabaralara-gatnasdy