close-icon
Habarlar
photo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
26.12.2019

2019-njy ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna baryp görüp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.

Türkmen paýtagty Täze ýyly baýramçylyk lybasynda garşylaýar. Köp öwüşginli bezegler şäheriň köçelerini, meýdançalaryny, seýilgählerini hem-de seýil baglaryny tanalmaz derejede özgertdi. Hemme ýerde, konsert meýdançalarynda we açyk asmanyň astynda çyralar hem-de millionlarça bezeg serişdeleriniň — «ýyldyzjyklar» ýakylan badyna, baýramçylyk dabaralary başlanýar. Olara raýatlarymyzyň örän köp sanlysy — çagalar we olaryň ene-atalary, ýaşlar hem-de uly nesliň wekilleri, bir söz bilen aýdylanda, ähli ýaşdaky adamlar gatnaşýarlar.

Däp bolşy ýaly, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi bu şadyýan wakalaryň esasy merkezine öwrülýär. Bu ýerde, ägirt uly arçanyň töwereginde öwşün atýan çyrajyklardan, täsin şarlardan, ägirt uly bezeg garjagazlaryndan, daş-töwerege nur saçýan dürli bezeg serişdelerden hakyky ertekiler şalygy emele gelýär. Älemgoşaryň ähli reňklerinde öwüşgin atýan meýdançada Täze ýyl baýramynyň ruhubelentlik ýagdaýy döredi. Bu ýerde söýgüli ertekileriň hem-de multfilmleriň gahrymanlarynyň şekilleri çagalar dünýäsine özboluşly öwüşgin çaýýar.

Şu günler Baş arça köpsanly çagalaryň, şol sanda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen körpeleriň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Okuwda tapawutlanýan okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri hem-de çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalar paýtagtymyzdaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmak üçin çakylyk aldylar.

Şol gün bu ýere ýygnanan çagalar baýramçylygyň sabyrsyzlyk bilen garaşylan gahrymanlaryny — Aýazbabany hem-de onuň mylakatly kömekçisi bolan Garpamygy mähirli garşyladylar. Çagalaryňka myhmançylyga Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçysy, Aşgabat şäheriniň häkimi geldiler.

Hemmeler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çünki, hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde durmuşyň täze tapgyryny alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşmak uly hormat-sarpadyr.

Milli Liderimiz körpeleri we mekdep okuwçylaryny gutlamak hem-de olara bilimlere eýe bolmagy, eziz Watanymyzy söýmegi we bagtyýar geljegi arzuw etmek üçin bu ýere gelýär hem-de her ýyl Täze ýyl dabaralaryna gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy meýdançanyň golaýynda saklanýar. Milli lybasly çagalar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Körpeler hormatly Prezidentimize ýürek buýsançlaryny uly şatlyk-şowhun bilen beýan edýärler. Sazyň owazy belentden ýaňlanýar, çagalar döredijilik toparlary aýdym aýdyp, joşgunly tanslary ýerine ýetirýärler.

Milli Liderimiz Baş arça tarap ugrap, Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekleýär. Bu ýerde ösüp gelýän nesliň hem-de ähli watandaşlarymyzyň adyndan Aýazbaba we Garpamyk milli Liderimize çagalar barada edýän atalyk aladasy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, ýokary hilli bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýaş artistleriň döredijilik çykyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýarlar. Olar şu günki dabara aýdym-sazly we tansly täze çykyşlary taýýarladylar.

Baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar — döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Çagalaryň ak gara çalymdaş lybaslary şu güneşli säherde Baş arçanyň töweregindäki meýdança gar ýagdymyka diýdirýär. Çagalaryň şatlykly sesleri bu baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrýar.

Dabara geçip barýan 2019-njy ýylyň nyşany bolan ýekegapanyň hem-de ýetip gelýän 2020-nji ýylyň nyşany syçanyň keşbini janlandyran çagalaryň hem gatnaşmagy ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şadyýan çagalaryň çykyşlaryna kanagatlanma we uly höwes bilen tomaşa etdi. Zehinli çagalar eziz Watanymyzyň hem-de jemgyýetimiziň hakyky buýsanjy we bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki zehinli mekdep okuwçylary ýakyn geljekde köp babatda durmuş we ykdysady ösüşiň many-mazmunyny hem-de depginini kesgitlär, ykdysadyýetde, dolandyryş ulgamynda, ylymda we sungatda esasy orunlary eýelär.

Şundan ugur alnyp, Türkmenistanda ösüp gelýän nesliň ukyp-başarnygynyň açylmagy üçin ähli şertler döredilýär. Yzygiderli geçirilýän köp sanly bäsleşikler, olimpiadalar, çagalaryň döredijiliginiň sergileri jemgyýetiň körpeleriň we ýetginjekleriň gazanýan üstünliklerine hem-de ýetýän belent sepgitlerine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda çagalaryň bagtly geljegini üpjün etmek üçin zerur şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmenistanlylaryň ýaş nesli döredijilik, aň-paýhas ukyplylygyny yzygiderli ösdürýär, sport bilen meşgullanýar. Çagalar abraýly bäsleşiklere we ýaryşlara gatnaşyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler hem-de medallara we baýraklara mynasyp bolýarlar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýa we BMG-niň eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen beýleki möhüm resminamalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, dünýä bileleşigine öz üstüne alan borçnamalarynyň ählisine ygrarlydygyny görkezýär. Ýurdumyzda gurlan hem-de gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler we mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralary, sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ajaýyp Gökdere jülgesinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri göwnejaý dynç almak üçin ajaýyp şertlere eýedir.

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýany tassyklady. Bu strategiýanyň durmuşa geçirilmegi çagalaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi üçin mümkinçilikleri üpjün etmekde saldamly goşant bolar.

...Köp öwüşginli çykyşlar tamamlanandan soň, çagalar döwlet Baştutanymyzdan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler.

Milli Liderimiz ýaş artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, dostlugy, parahatçylygy, ylalaşyklylygy, jebisligi hem-de rowaçlygy alamatlandyrýan arçanyň daşyndan aýlanmak çäresine goşulýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz çagalaryň ählisini Täze ýyl bilen gutlady we olara okuwda hem-de durmuşda uly üstünlikleri, gyşky dynç alyş günlerini göwnejaý geçirmeklerini, ähli isleg-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi. Şondan soňra, dabara gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

Çagalaryň haýyşy boýunça milli Liderimiz çagalar bilen Baş arçanyň öňünde ýadygärlik surata düşdi.

Döwlet Baştutanymyz hemmelere ýene-de bir gezek Täze ýylyň bagtly ýyl bolmagyny arzuw edip, oglanlaryň we gyzlaryň iň gowy milli däpleri, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini mynasyp dowam etdirijiler bolup ýetişjekdigine hem-de hakyky watançylar boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkezinden Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Şol ýerde çagalar döredijilik toparlarynyň hem-de sirk we estrada artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabarasy dowam etdi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisine gutlag sözi hem-de iň gowy arzuwlar bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bagtyýar çagalygy üpjün etmek üçin hem-de ýaşlar syýasaty ulgamynda toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Geljek ýyl hem bu ulgamda möhüm ähmiýetli wakalaryň baý bolmagyna garaşylýar.

Biz «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny mynasyp tamamlamak bilen dürli pudaklarda täze giň gerimli taslamalary amala aşyryp başlaýarys hem-de eziz Watanymyzyň, ösüp gelýän nesliň ajaýyp geljegine uly umyt bilen garaýarys. Biz öz öňümizde uly maksatlary goýýarys hem-de ýaşlarymyza daýanyp, olara ýetmek üçin ähli tagallalary edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şadyýan Täze ýyl sazynyň owazy belentden ýaňlanýar we baýramçylyga gatnaşýan çagalar Aýazbaba, Garpamyk, halk ertekileriniň hem-de gündogar senenamasynyň gahrymanlary bilen bilelikde dürli reňkli şarlar, oýnawaçlar we beýleki köp öwüşginli serişdeler bilen bezelen arça tarap ugradylar.

Täze ýyl äheňinde bezelen uly zalda köp owazly aýdymlar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilip hem-de Täze ýyla bagyşlanan goşgular okalyp, giň gerimli baýramçylyk şüweleňi ýaýbaňlandyrylýar.

Aýazbaba çagalary arçanyň töweregine gelmäge çagyrýar we şeýlelikde, döredijilik bäsleşigi başlanýar. Bäsleşigiň dowamynda çagalar aýdym aýdýarlar, goşgy okaýarlar hem-de tans edýärler. Olaryň yzysüre çagalaryň hor we tans toparlary çykyş edýärler. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri körpe ýerine ýetirijilere goldaw berýärler.

Türkmen halk ertekileriniň we çagalar üçin multfilmleriň äheňinde ýerine ýetirilen çykyşlar körpelere aýratyn ýarady. Çünki, hemmelere mälim bolan gahrymanlar bilen arçanyň daşyndan aýlanmak hem-de olar bilen tans etmek mümkinçiligi döredi. Çagalaryň begenjiniň çägi ýok — olaryň şadyýan owazlary alyslardan eşidilýär. Dabara şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň çagalary gatnaşdylar. Çagalar özleriniň ene dillerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mübäreklediler we hemmeleri Täze ýyl bilen gutladylar.

Ýurdumyzyň çagalar hor we tans toparlary türkmen, rus we iňlis dillerinde “Täze ýyl jazy” atly aýdymly tansy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri hem tomaşaçylara özleriniň joşgunly çykyşyny hödürlediler. Ýurdumyzda hem-de onuň çäklerinden daşarda hem meşhur bolan «Mukam» skripkaçylar topary «Şatlyk» atly şowhunly sazy ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Dabaranyň dowamynda iň gowy çagalar döredijilik toparlary hem-de aýdymçylar we folklor ýerine ýetirijiler öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Şadyýan çykyşlary bilen tomaşaçylara uly lezzet beren hem-de olaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp bolan teatr we sirk artistleriniň owadan lybaslary hem dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Aýdym-sazly çykyşlar, joşgunly tanslar baýramçylyk konsertiniň täsirini has-da artdyrdy. Konsertiň barşynda çagalar öz zehinlerini görkezdiler. Halk we estrada aýdymlaryna uly zala ýygnananlaryň ählisi öz seslerini goşdular.

Aýratyn hem özboluşly türkmen halk aýdym-sazlary hemmelerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şolarda türkmenleriň gadymy tans dessurlarynyň äheňleri öz aýdyň beýanyny tapdy.

Ýaş artistler türkmen sungatynyň we medeniýetiniň geljeginiň ygtybarly ellerdedigini aýdyňlyk bilen görkezdiler. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlara nesihat edişi ýaly, milli mirasyň baýlygyny özüne siňdirip, ondan ruhlanyp hem-de täze pikirleri we ýörelgeleri alyp, dünýäniň medeni gymmatlyklaryny hem özleşdirýärler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça dürli ugurlarda ýeňijilere baýraklar gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylaryň ählisine ägirt uly süýjülik torty hödürlenildi. Şondan soňra, bu ýere ýygnananlaryň ählisi türkmen toýuna çagyryldy.

Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň gözüniň alnynda milli dessurlary özünde jemleýän türkmen toýy ýaýbaňlandyrylýar. Ençeme asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, häzirki döwürde hem özboluşly däp-dessurlar özüniň ruhy-medeni köklerine hem-de gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Köp öwüşginli şadyýan hem-de gyzykly sahna çykyşlarynda «Halat geçdi», «Gelinalyjy» ýaly dessurlar we beýlekiler ussatlyk bilen görkezildi.

Gelniň öýlenýän ýigidiň öýüne hakyky düýäniň üstünde ýerleşdirilen toý kejebesinde gelmegi tomaşaçylary haýran galdyrdy. Türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşynyň ýörelgelerine mahsus bolan dessurlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ýaşlaryň abadan durmuşyny «ýaman gözden» goramak üçin ýüzärligiň tütedilmegi şol dessurlaryň biridir. Halkymyzyň bu dessury biziň günlerimizde hem berjaý edilip, öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.

Öýlenýän ýigidiň öýünde gelniň ellerini sary ýaga, ak una batyrmak dessury berjaý edilýär. Bu dessur bolsa öýde bolelinligiň, parahatçylygyň we agzybirligiň bolmagyny alamatlandyrmak bilen, gelne maşgala ojagyny aýawly saklamak barada edilýän arzuwdyr.

Gadymy däp-dessurlaryň many-mazmuny wagtyň geçmegi bilen üýtgedi, ýöne, şolary berjaý etmegiň ruhubelentlik äheňi saklanyp galdy. Şeýlelikde, häzirki zaman şertlerinde dessurlaryň köpüsi şadyýan baýramçylyk, kähalatlarda bolsa degişme äheňine eýe boldy.

Halk däp-dessurlarynda beýiklik duýulýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, däp-dessurlarda nesilleriň ruhy çeşmesi, ynsanyň ahlak güýjüne bolan çuňňur ynamyň pelsepesi, döredijilige we jebislige çagyryş öz beýanyny tapýar. Milli däp-dessurlar müňýyllyklardan gözbaş alyp, biziň günlerimize çenli ähmiýetini saklap geldi we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus bolan ruhubelentlik ýagdaýyna eýe boldy.

Söwda-senagat edarasynyň zalynda şadyýan aýdym-sazly we joşgunly tansly hakyky uly türkmen toýy ýaýbaňlandyryldy. Öýlenýän ýigidiň we gelniň ýakynlary hem-de hossarlary bu sahnanyň hakykata has ýakyn bolmagy üçin ähli tagallalary etdiler. Dabarada beýemçileriň, aşpezleriň, çaýçylaryň, bagşy-sazandalaryň toýa taýýarlyk görýän pursatlary ussatlyk bilen beýan edildi. Bu ýere daşary ýurtly myhmanlar hem geldiler. Gadymdan bäri uly toýlarda geçirilýän göreş boýunça ýaryşlar bu dabara hem özboluşly öwüşgin çaýdy.

Toý ýurdumyzda ähli baýramçylyk dabaralarynda ýerine ýetirilýän we giňden meşhur bolan küştdepdi tansy bilen jemlendi. Onuň türkmenleriň baý folklor mirasynda aýratyn orun eýeleýändigi diňe bir bu tansyň gadymy kökleri bilen däl, eýsem, ilkinji nobatda, küştdepdiniň birleşdiriji güýji, ruhy kuwwaty bilen şertlendirilendir. Hut şoňa görä-de, bu tans häzirki döwürde hem halkymyzda uly meşhurlyga eýedir hem-de umumadamzat maddy däl mirasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edildi.

...Täze ýyl gutlaglary ýaňlanýar, bagtyýar durmuş baradaky arzuwlar beýan edilýär. Dabara ählumumy baýramçylyk hem-de ruhubelentlik ýagdaýynda, häzirki bagtyýar döwre bagyşlanan aýdymyň ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary has giň gerime eýe bolup, hemmelere şatlyk paýlaýar. Türkmenistan 2020-nji ýyly jebislikde, uly we agzybir maşgala bolup, iň gowy umyt-arzuwlar, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrjak täze üstünliklere taýýardygy bilen garşylaýar.