close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary başlandy
02.03.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna bardy.

Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşar.

Azerbaýjan Respublikasynyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Sammitiň dowamynda, COVID-19 pandemiýasynyň netijelerini ýeňip geçmek nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşylar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. Ýokary derejeli duşuşygyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşarlar.

https://www.tdh.gov.tm/tk/post/34989/turkmenistanyn-prezidentinin-azerbayjan-respublikasyna-sapary-baslandy