Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda saparda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.
Gepleşikleriň dowamynda dürli ugurlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de gepleşiklerde Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek aýratyn üns berildi.
https://www.tdh.gov.tm/post/34534/turkmenistanyn-prezidenti-russiyanyn-dowlet-dumasynyn-baslygyny-kabul-etdi