close-icon
Habarlar
photo
Diýarymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşanydyr
22.01.2023

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» ýörelgesine esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyz öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýar.

16-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynyň ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýazky ekişde ulanyljak tehnikalary we gurallary taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle-de bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň we ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň zerurdygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna üns çekildi.

17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýurdumyza meýilleşdirilen saparyna aýratyn üns berdiler. Bu saparyň barşynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmegiň, resminamalaryň birnäçesine gol çekmegiň, iri işewürlik maslahatyny hem-de köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak boýunça konstitusion toparyň ýanyndaky iş toparynyň ýerine ýetirýän işleri, ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, dokma senagaty pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, “Çagyl” ýatagynyň demir magdanlarynyň bar bolan goruny kesgitlemek üçin maslahat beriji kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek, döwlet hyzmatlary elektron ulgamyny kämilleşdirmek mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.

Şu ýylyň fewral aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmek hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berildi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna, umuman, RF-niň wekiliýetiniň ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäklerinde meýilleşdirilen ähli çärelere görülýän taýýarlyk işleri mejlisde garalan aýratyn mesele boldy.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň işini düzgünleşdirmäge degişli Kararlara gol çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede gol çeken Kararyna laýyklykda, howply önümçilik desgalaryny Howply önümçilik desgalarynyň döwlet sanawynda bellige almagyň tertibi; howply önümçilik desgasynda heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň tertibi, bu meýilnamalaryň mazmunyna bildirilýän talaplar tassyklanyldy.

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan “Galkynyş” gaz känine bardy we bu ýerde alnyp barylýan işler, gaýtadan işleýän senagatyň düzümlerine döwrebap innowasion usullaryň ornaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, ýurdumyzda täze känleri açyp, olary senagat taýdan özleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz dikuçarda sowuk gyş günleri buz gatlagy bilen örtülen Garagum derýasyny synlady we onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklaryny dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

19-20-nji ýanwarda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi.

Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary, Hökümet düzümleriniň, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri bar. Türkmen tarapyndan wise-premýerleriň birnäçesi, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary foruma gatnaşdylar.

“Tegelek stoluň” başynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda we plenar mejlisde senagat kooperasiýasy we gurluşyk önümçiligi, innowasiýa-maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, ulag-logistika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meýilleri, ýollary barada pikir alyşmalar boldy. Bilim edaralarynyň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlyk meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürlik maslahatynyň çäklerinde dürli ulgamlarda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.

“Ýyldyz” myhmanhanasynda dürli görnüşde geçirilen duşuşyklar, şeýle hem Türkmen-rus we Rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisinde ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlyk meýilnamalary anyklaşdyryldy. Duşuşyklarda senagat kooperasiýasy, gurluşyk önümçiligi, innowasiýa hem-de maglumat tehnologiýalary, ulag-logistika, oba hojalyk pudagy, azyk önümleriniň eksporty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada pikir alşylyp, anyk teklipler beýan edildi. Senagat, şol sanda elektron senagat, lukmançylyk, ulag we aragatnaşyk, telekeçilik ýaly möhüm ulgamlarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk çäreler hakynda düýpli pikir alyşmalar boldy. Işewürler geňeşlerine gatnaşyjylar telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň, işewürligiň ähli görnüşleriniň, iki ýurduň işewür toparlarynyň söwda-ykdysady we ylmy-tehniki gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

Dürli görnüşlerde, şol sanda sanly ulgam arkaly geçirilen işewürler geňeşleriniň mejlisiniň jemleri boýunça 20-den gowrak resminama — eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalara, özara düşünişmek hakynda ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalar toplumy anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçilikleriniň doly derejede durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň, maşyngurluşyk, energetika, nebitgaz senagaty, gurluşyk, oba hojalyk, sanly tehnologiýalar, ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 2023 — 2025-nji ýyllar üçin gümrük hukuk bozulmalaryna garşy göreşmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara hereket etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Balyk tutmak boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy bilen Weterinariýa we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça federal gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ösümlikleriň karantini boýunça maglumat ulgamlarynyň integrasiýasyna geçmek baradaky Teswirnama; Suw serişdelerinden peýdalanmak we ekologiýa meselelerinde türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça çäreleriň meýilnamasy (Ýol kartasy); «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; Astrahan oblastynyň portunyň aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek boýunça maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek babatda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «Lotos» aýratyn ykdysady zolagy» paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda meýiller hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaşlaryň işleri boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda ýaşlar syýasaty babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumynyň üsti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bilen ýetirildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň çäklerinde türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, ulag, dokma senagaty, oba hojalygy, maşyn we gämigurluşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginlerine kanagatlanma bildirip, medeni-ynsanperwer, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda türkmen-rus döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy saglygy goraýyş ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň parlamentara gatnaşyklar bilen üstüniň ýetirilýändigi bellenildi.

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Arkadagymyz Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky häzirki netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer ulgamlarda uzak möhletleýin oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Häzirki wagtda türkmen-tatar hyzmatdaşlygy barha okgunly häsiýete we ýokary ösüş depginine eýe bolýar. Muňa yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklardyr özara saparlar ýardam berýär.

20-nji ýanwarda sähetli anna gününde Arkadag şäherinde hormatly Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatyň baş metjidiniň düýbi tutuldy. Çärä il sylagly ýaşulular, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, Aşgabatda iş sapary bilen bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we musulman döwletleriniň Aşgabatdaky ilçileri, medeniýet ulgamynyň wekilleri — döredijilik işgärleri, sungat ussatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ahal welaýatynyň baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Metjidiň gurluşyk işlerini ozal bu ugurda geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Altyn” hojalyk jemgyýeti alyp barar. Gurluşyga zerur bolan çykdajylar üçin halkymyzyň milli ýörelgeleri esasynda raýatlaryň haýyr-sahawat hökmünde niýetleýän serişdeleri ulanylar. Şunda baş metjidiň gurluşygyna haýyr-sahawat ýardamyny etmäge isleg bildirýän taraplar üçin ýörite bank hasabynyň açylandygyny aýtmak gerek.

Geçen hepdede Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek baradaky meselelere bagyşlandy.

21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda döwlet we jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň möhüm meselelerine, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, iki palataly Milli Geňeşi bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça öňe süren taryhy ähmiýetli başlangyçlaryny dolulygyna goldadylar. Bellenilişi ýaly, giň ygtyýarlyklary boljak bu ýokary wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşuly nesliň, aýratyn-da, ýaşlaryň gatnaşmaklary döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmekde uly ähmiýete eýe bolar.

Şeýle hem halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny, Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmekde, onuň halkara abraýyny belende galdyrmakda bitiren ägirt uly işlerini nazara almak bilen, täze döredilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy saýlamak baradaky teklip öňe sürüldi.

Gahryman Arkadagymyzy kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýip ykrar etmek baradaky teklipler hem dolulygyna goldanyldy. Milli Geňeşiň palatalarynyň arakesme wagtynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda”, şeýle hem halkymyzyň islegleri we teklipleri nazara alnyp taýýarlanylan “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanunlar biragyzdan kabul edildi, makullanyldy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna iberildi. Döwlet Baştutanymyz Kanunlara gol çekdi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilendigi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilendigi üçin hemmelere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ildeşlerimiziň bu ägirt uly ynamynyň özüni ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzy abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna mundan beýläk-de yhlasly işlemäge borçly edýändigini nygtady.

Men öz halkymyň güýjüne daýanýaryn diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine her bir ildeşimiziň mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, biz öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýarys diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli paýtagtymyzda sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow konserte hormatly tomaşaçy hökmünde gatnaşdy.

“Öňe barýas Arkadagly Serdar bilen!” atly şygara beslenen konsert Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny wasp edýän sena öwrüldi. Belent ruha beslenen, joşgunly owazly “Dowam bolsun!” atly aýdym bu ýerde guralan konsertiň jemini jemledi we täze ýeňişlere, halkymyzyň abadançylygynyň, ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy bolan Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine beýik üstünliklere çagyryş bolup ýaňlandy.

Teswiri jemlemek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeleriň geriminiň barha giňeýändigini, bu özgertmelerde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň hemmetaraplaýyn demokratiýalaşdyrylmagyna, syýasy ulgamyň kämilleşdirilmegine aýratyn orun berilýändigini bellemek gerek.

Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän netijeli başlangyçlarynyň we maksatnamalarynyň üstünliklere beslenýändigini nobatdaky gezek subut etdi. Häzirki hem-de geljek nesilleriň durmuşynyň abadançylygy bu giň möçberli işleriň baş maksadydyr.

https://tdh.gov.tm/tk/post/34454/diyarymyzda-durmusa-gecirilyan-ozgertmeler-berkarar-dowletin-taze-eyyamynyn-galkynysy-dowrunin-aydyn-nysanydyr