close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.12.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol Mejlisiň kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanunçylygy, hukuk tertibini berkitmek, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we döwletimiziň durmuşynyň beýleki ugurlaryna, şol sanda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelere, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň esasy ugurlaryna laýyklykda, ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2023-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle-de kadalaşdyryjy hukuk namalary seljerilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada birnäçe tapgyrda okuw sapaklary guraldy. Mejlisiň deputatlary parlamentler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar, möhüm ähmiýetli çärelere gatnaşýarlar.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda gazanylýan üstünlikleri, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini, hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlaryny we döwlet syýasatyny, kabul edilen kanunçylyk namalarynyň mazmunyny wagyz etmek, düşündirmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Milli Geňeşiň Mejlisi bilen bilelikde taryhy eýýamyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işi dowam etdirilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen yzygiderli gyzyklanyp, sebitleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öz gymmatly maslahatlaryny we nesihatlaryny berýär.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümlerinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň dowamynda erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň Döwlet maksatnamasynyň taslamasy barada aýdyldy. Bu taslama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen wezipelere laýyklykda işlenip taýýarlanylýar.

Häzirki wagtda erkin ykdysady zolaklar dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we okgunly ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň hatarynda çykyş edýär. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin maglumatlary we tehnologiýalary alyşmak, ykdysady taýdan ýakynlaşmak işlerini çuňlaşdyrmak, halkara haryt dolanyşygyny artdyrmak babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işi dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow döwlet dolandyryş edaralaryny, kärhanalary, guramalary nebit önümleri bilen üpjün etmek we olary rejeli peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, guramalar bilen bilelikde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine nebit önümlerini paýlamagyň möçberi seljerildi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gözegçilik edýän toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, pudaklaýyn kärhanalar we edaralar tarapyndan önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Iş meýilnamasyna laýyklykda, zawodlar toplumynda tehnologik desgalaryň abat ýagdaýda saklanylmagyny hem-de toplumyň desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda toplumlaýyn işi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylda gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça netijeli çäreler görülýär. Önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek meselesine ünsi çekdi we oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşynyň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda” Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň döwlet edaralaryna we kärhanalaryna ýer böleklerini bermek boýunça alnyp barylýan işler barada-da hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, öňde goýlan wezipelere laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi garamagyndaky kärhanalary zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görýär. “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda öndürilýän aýna önümleri bilen diňe içerki sarp edijileri üpjün etmek bilen çäklenilmän, eýsem, daşary ýurtlara-da iberilýär. Şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, goşmaça önümhananyň gurluşygyna başlandy. Munuň özi önümçiligiň kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pudagyň kärhanalarynyň işini doly kuwwatyna çykarmagyň hem-de olary zerur bolan çig mal we beýleki serişdeler bilen üpjün etmegiň ýurdumyzyň önümçilik senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de wise-premýer energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şol sanda türkmen elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini hem-de eksport ugurlaryny artdyrmak babatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz elektrik energetikasy pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň daşary söwda işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin söwda ulgamynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işler amala aşyrylýar. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň özara gatnaşyklarynyň çäklerinde ýurdumyzyň söwda ulgamyny işjeňleşdirmäge hem-de kämilleşdirmäge gönükdirilen taslama amala aşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer daşary-ykdysady işi ösdürmek, daşary söwda dolanyşygyny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigine, bu ulgamda daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini özleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Hususan-da, ýanwar aýynda dürli sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralar geçiriler. 1 — 10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasyny, şeýle-de Baş arçanyň ýanynda baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminde Aşgabat şäherinde we sebitlerde dürli medeni çäreleri, şol sanda teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde körpelerdir ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarynyň, kinofilmleriň görkezilişlerini, muzeýlerde we kitaphanalarda dürli medeni çäreleri, sergileri guramak meýilleşdirilýär. 5-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynyň binasynda zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar. Şeýle-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 27-nji ýanwarda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli däpleri aýawly saklamagyň, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegiň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi hem-de Täze ýylyň birinji aýynyň medeni çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi. Şunda Täze ýyl mynasybetli Baş arçanyň ýanynda meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görmek meselelerine üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralarynyň şatlyk-şagalaňly, köpöwüşginli ýagdaýda geçirilmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow türkmen halkynyň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, bu senä gabatlanyp geçiriljek çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2023-2024-nji ýyllarda geçiriljek çäreler türkmen halkynyň beýik akyldarynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyndan mynasyp orun alan baý we gymmatly edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmäge gönükdiriler. Bu şanly sene Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen bilelikde baýram ediler. Ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda halkara ylmy maslahatlary, tanyşdyrylyş dabaralaryny, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen halkynyň baý edebi mirasyny mundan beýläk-de öwrenmegiň, ony bütin dünýäde wagyz etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we şanly senäni mynasyp baýram etmäge taýýarlyk görmegiň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralary hem-de mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Gyşky dynç alyş günlerinde ähli bilim edaralarynda Aýazbabanyň we Garpamygyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, türkmen we dünýä halklarynyň erteki gahrymanlarynyň, medeniýet, sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda köpöwüşginli baýramçylyk çäreleri guralar. Ýurdumyzyň teatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde körpelerdir ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarynyň görkezilişini, sportuň dürli görnüşleri, türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikleri geçirmek hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine, taryhy ýadygärliklere, beýleki gözel ýerlere gezelençleri guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerindäki baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere çagalaryň baýramçylyk günlerinde gyzykly we peýdaly dynç almaklaryny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy infrastrukturasy we tehnologiýalary ýokary derejeli hyzmatlary amala aşyrmaga ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara deňiz portunyň işiniň aýratynlyklaryna ünsi çekdi hem-de portuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri hökmünde ýerüsti logistik ulgama möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna sebitiň esasy üstaşyr ulag merkezine öwrülen portuň işine dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

https://tdh.gov.tm/tk/post/34136/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-68