close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi — parahatçylygyň, dostlugyň we jebisligiň kepili
19.12.2022

Geçen hepdede ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda taryhy Kararnamanyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna baýramçylyk mynasybetli iberen Gutlagynda dünýä bileleşigi tarapyndan beýik gymmatlyk hem-de ählumumy taglymat hökmünde ykrar edilen Bitaraplygymyzyň baş maksadynyň adamzadyň we geljegiň bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk, dostluk ýörelgeleri esasynda bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy goramak bolup durýandygy nygtalýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk mynasybetli dabaralar geçirildi. Aşgabatda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň Bitaraplygyna bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.

12-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sardor Umurzakowy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýratyn bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň sebitleýin, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly ugurlar boýunça garaýyşlarynyň umumydygy ýa-da ýakyndygy aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, soňky wagtlarda parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilendigi bellenildi. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň oňyn ösüşini saklamagyň we ýokary derejede guralan saparlaryň, gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

14-nji dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Bu şanly wakanyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üç ýurduň energetika, ulag we daşary işler ministrleriniň derejesinde duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda sammite taýýarlyk görmek, onuň gün tertibine çykarylan meseleleri we gol çekilmäge taýýarlanylan resminamalary ylalaşmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Sammit başlamazyndan ozal, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly döwletiň Baştutanlary bilen duşuşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy.

Forumyň öňüsyrasynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem özüniň azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berjekdigi bellenildi. Şeýle hem üç dostlukly ýurduň halkara düzümleriň, şol sanda Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň uly kuwwatynyň bardygy nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň özara bähbitlere, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy, abadançylygy, ösüşi üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän özara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyny durmuşa geçirmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dost-doganlyk däplerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen netijeli başlangyçlaryny beýan etdi. Energetika, ulag ýaly strategik ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Halkara energetika hyzmatdaşlygy ulgamynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly, köpgörnüşli ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýärler. Munuň özi köptaraply bähbitleri hasaba almak bilen, bu ulgamlaryň ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge, olaryň işlemeginiň anyk we aýdyň ülňülerine esaslanmalydyr. Ygtybarlylyk hem-de howpsuzlyk kepillendirmelerine daýanmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Biziň tebigy gazy Türkmenistandan we Azerbaýjandan Türkiýä, soňra bolsa dünýä bazarlaryna ibermekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky bilelikdäki başlangyçlarymyza hut şunuň bilen baglylykda seretmelidiris.

Şeýle hem Türkmenistanyň Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ýurtlarymyzyň üstünden geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň bilelikdäki strategiýasyna daýanýan üçtaraplaýyn ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurdygy baradaky pikire goşulýandygy bellenildi.

Türkmenistan — Azerbaýjan — Türkiýe täze ulag geçelgesi geljegi uly bolan taslamalaryň birine öwrülip biler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy şu ugur boýunça ýük daşamagyň amatly bolmagy üçin, Ýeke-täk logistik merkezi döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýär.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Onda üç ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenilýär. Geljekde hem köptaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ählumumy, sebit derejelerinde ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmek maksady bilen, halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýarlyk beýan edilýär.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2023 — 2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama; Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Sammit tamamlanandan soňra, üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, duşuşygyň jemleri barada habar berdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň şu gezekki duşuşygy, hakykatdan-da, taryhy waka, biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Sammitiň dowamynda gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar özara bähbitli üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak we giňeltmek, ony täze, geljegi uly ugurlara çykarmak, dünýädäki häzirki dörän ýagdaýlar bilen baglylykda, örän möhüm syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ähmiýete eýe bolýan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlarynda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri seljerildi. Bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary ylalaşyldy. Işewürlik duşuşygynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we özara düşünişmek hakynda Jarnama gol çekildi.

Şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň giň gerimli sergisi guraldy. Oňa köp sanly myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň maşgalalary baryp gördüler.

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýerleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatlary diňlenildi. Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň işinde bar bolan kemçiliklere garamazdan, şu ýyl milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli ösüşiniň saklanýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberi artdy. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy hem artýar. Döwlet býujetine serişdeleriň gelip gowuşmagy bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi. Zähmet haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary tassyklanan tertibe laýyklykda tölenýär. Şol bir wagtyň özünde önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly köp sanly desgalar ulanmaga berildi.

Eksporta niýetlenen önümleri artdyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde, dürli görnüşli önümleriň eksport edilen möçberi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 50 göterime golaý artdy. Şuny göz öňünde tutup, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we täze görnüşli önümleri öndürmegiň hasabyna eksporty artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Umuman, şu ýylyň on bir aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzda kanagatlanarly netijeleriň gazanylandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow muňa garamazdan, yhlasly we netijeli işlemegi dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini depginli ösdürmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň daşary syýasat babatda hem netijeli we baý many-mazmunly bolandygyny aýdyp, Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň halkara giňişlikde dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary ýola goýandygyny belledi. Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmegi munuň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilýän Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni geçen hepdäniň wakalarynyň hatarynda boldy. Baýramçylyk mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu pudaklaryň işgärlerini gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, has tapawutlanan hünärmenler Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandylar.

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Adatça, bu dabara Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär.

Ýola goýlan däbe görä, paýtagtymyzyň täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan, belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi giňden ýaýbaňlandyryldy. Depesi “2023” ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 43 metre deňdir.

Dürli reňkde öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töweregine müňlerçe ýaşlar we ulular ýygnandylar. Çünki hut şu ýerden çagalar üçin täsin başdan geçirmeleriň jadylaýjy güýji gözbaş alýar. Bu ýerde Aýazbabanyň we Garpamygyň jadyly taýajyklary arkaly körpeleriň ajaýyp arzuwlary, islegleri amala aşýar. Ýaş türkmenistanlylaryň adyndan Aýazbaba hem-de onuň agtygy Garpamyk hormatly Prezidentimize we mähriban halkymyza ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollap, bagtyýarlyk, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ösüşlere beslenen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Çagalar ýatdan çykmajak wakanyň şanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp sowgatlary aldylar.

Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre, welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar.

“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän şanly wakalaryň biri boldy.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde her ýylda guraýan bäsleşigine ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginiň saýlama tapgyrlary ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirildi. Şunlukda, “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna Rüstem Hallyýew mynasyp boldy. Oňa göçme kubok hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Geçen hepde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Forumyň gün tertibiniň çäklerinde partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň we welaýatlardaky bölümleriniň, derňew toparynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi, guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýa gatnaşyjylar Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň, derňew toparynyň täze düzümini saýladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna S.Owganow gaýtadan saýlanyldy. Şeýle hem TSTP-niň Tertipnamasyna hem-de Maksatnamasyna girizilmegi kabul edilen üýtgetmeler biragyzdan makullanyldy.

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda tutuş ýurdumyz boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy. Ilat ýazuwynyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi hem-de durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr. Şeýle maglumatlar döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bu çäräniň esasy aýratynlygydyr. Ilat ýazuwynyň geçirilýän döwründe maglumatlary ýygnamak, işlemek hem-de ýaýratmak işlerinde häzirki zaman enjamlary we programma üpjünçiligi peýdalanylar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik syýasatynyň esasyny düzýän mizemez gymmatlyklar öz beýanyny tapdy. Dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolan döwletimiz özüniň ösüş ýoluny saýlap alyp, ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça hem yzygiderli çäreleri amala aşyrýar.

https://tdh.gov.tm/tk/post/34099/turkmenistanyn-bitaraplyk-hukuk-derejesi-parahatcylygyn-dostlugyn-we-jebisligin-kepili