2019-njy ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen häzirki zaman sungaty we onuň ösüş ugurlary barada pikir alyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ses studiýasynda Kerimiň döreden we täzeden işlän saz eserleri, onuň aýratynlyklary, sanly ulgam arkaly sungat eserlerine özboluşly öwüşgin çaýmagyň ugurlary bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiziň döredijilik bilen meşgullanmaga hem wagt tapýandygy hemmelere mälimdir. Döwlet Baştutanymyz birnäçe goşgulary döredip, şolary agtygy bilen saza geçirip, ajaýyp aýdymlary döretdi. Şol bir wagtyň özünde milli Liderimiz giň okyjylar köpçüligine niýetlenen, sungat ulgamyna degişli birnäçe kitaplary ýazdy.
Ine, şu gün hem milli Liderimiz ses ýazgylar studiýasynda agtygy Kerimiň döredýän sungaty bilen tanyşdy. Kerim bu ýerde döredýän sungat eseriniň notalaryny, aýdymyň sözleriniň we sazynyň sazlaşygyny üpjün edýän aýratynlyklary barada atasyna gürrüň berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sungat ynsanyň ruhy dünýäsiniň ösüşine ägirt uly täsir edýär. Milli ýörelgelere esaslanýan her bir eser gaýtalanmajak aýratynlygy bilen asyrlara aşmalydyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem dürli görnüşli saz gurallaryny çalyp gördi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz heniz mekdep ýyllarynda ýetginjek döwri aýdym-saz gurnagyna gatnap, saz sungatyna içgin aralaşypdyr. Şu gün hormatly Prezidentimiz ses ýazgylar studiýasynda çagalyk ýyllarynda ürç edip çalan sazyny ýerine ýetirdi.
Kerim birnäçe sazlary gaýtadan işläp, dürli görnüşli saz gurallary arkaly ýerine ýetirýär hem-de täzeden işlenilen sazlaryň birnäçe parçalaryny dürli ugurlar boýunça timarlaýar we aýdymlaryň düzüliş aýratynlyklaryny utgaşdyryp, dürli heňleriň sazlaşygyndan şolara özboluşly öwüşgin çaýýar.
Aýdym-saz sungatynda birnäçe eserleri döreden Kerim dürli saz gurallarynyň owazlarynyň utgaşmagy bilen baglanyşykly usullary netijeli ulanýar. Aýratyn-da, Kerim atasynyň döreden goşgularyny saza geçirip, özboluşly owazly aýdymlary döretdi.
Kerim zerur enjamlar bilen üpjün edilen ses ýazgylar studiýasynda döwrebap tehnologiýalary işjeň peýdalanyp, iň täze usulyýetler arkaly ilhalar saz eserlerini döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygynyň täze eserini diňläp, her bir aýdymyň döwrüň ruhuny beýan etmelidigini, şunda halkymyzyň aýdym-saz ýörelgelerini hem unutmaly däldigini belledi.
Özboluşlylygy bilen tapawutlanýan hem-de nusgalyk saz eserleri uly meşhurlyga hem-de halkyň söýgüsine eýe bolýar, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny äşgär edip, milletimiziň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.
Döwlet Baştutanymyz agtygynyň sungat eserlerine döwrebap öwüşgin berip, onuň milli ýörelgeleriň häzirki zaman usullary bilen utgaşdyrýandygyna guwandy. Munuň özi atasynyň agtygyna buýsanýandygynyň aýdyň ýüze çykmasy boldy. Şeýle hem bu asyrlaryň dowamynda kemala gelen sungat ýörelgeleriniň häzirki zaman derejesinde dowam etdirilýändiginiň nyşanydyr.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sungat adamlary ruhlandyrýar, olaryň arasynda oňyn gatnaşyklaryň, halklaryň arasynda bolsa dostlugyň, parahatçylygyň kemala gelmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ses ýazgylar studiýasynda agtygy bilen bilelikde “Garagum” atly aýdymy täze öwüşgin bilen ýerine ýetirdi. Milli Liderimiz agtygy bilen bu eseri sanly tehnologiýalar arkaly dürli saz gurallarynyň üsti bilen owazlandyryp, oňa täze öwüşgin çaýdy.
Bu ajaýyp pursatlar, ähli beýleki ulgamlarda bolşy ýaly, sungatda hem uly ýaşly we ýaş nesilleriň arasynda halypaçylyk milli mekdebiniň asylly däpleriniň dowam etdirilýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik bilen meşgullanyp, täze sungat eserlerini döredýär. Milli Liderimiziň bu ugurdaky şahsy göreldesi öz agtygy Kerimiň döredijiliginiň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Uly ýaşly we ýaş nesliň arasyndaky özara peýdaly şeýle gatnaşyklaryň göreldesine köpler eýerýär, munuň özi Diýarymyzda sungat älemine içgin aralaşýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi