close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
30.10.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurduň Seul şäherindäki pajygaly basa-baslyk netijesinde, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren hadysa zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

https://tdh.gov.tm/tk/post/33449/turkmenistanyn-prezidenti-koreya-respublikasynyn-prezidentine-gynanc-bildirdi-2