Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary — ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan gülläp ösüşini üpjün etmek wezipeleri öz beýanyny tapdy.
20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine seredildi. Jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynyň ösüşini hukuk taýdan goldamak, maliýe-ykdysady, bank ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depgini, ýol-ulag düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, ykdysadyýetiň esasy pudaklary üçin milli hünärmenleri taýýarlamak mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Şeýle-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk hem-de “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine ýurdumyzyň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri barada habar berildi. Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen habarlar ulgamynda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek mejlisde garalan aýratyn mesele boldy.
Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda Permana hem-de bu komitetiň meseleleri hakynda, Bilim ministrliginiň meseleleri hakynda Kararlara, “Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda”, şeýle-de «Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleriniň we ýarym tirkegleriniň eýelerinden alynýan ýygymlary we tölegleri bellemek hakynda» Kararlara gol çekdi.
21-nji oktýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda halkara we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, halkara terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, serhetýaka guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek meseleleri boýunça iki ýurduň işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Iri halkara düzümleriň çäklerinde-de hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi tassyklanyldy.
Owganystandaky ýagdaýlar gepleşikleriň meseleleriniň biri boldy. Iki ýurduň bu döwletde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek işine gatnaşmagyny, ykdysady, durmuş taýdan dikeltmek üçin şertleri döretmegi, doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermegi dowam etdirjekdikleri tassyklanyldy. Özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak esasynda suw hojalyk, suw-energetika meselelerinde gatnaşyklaryň ösdürilýändigine aýratyn üns çekildi. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde Aral meselesi boýunça, şeýle-de halkara guramalar, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy.
Obasenagat toplumy, energetika, himiýa we nebithimiýa senagaty, maşyngurluşyk, dokma, derman senagaty pudaklary ýurtlarymyzyň işjeň hyzmatdaşlyk üçin uly kuwwata eýe bolan anyk ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplar türkmen we özbek kompaniýalaryny ýurtlarymyzyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga çekmekde döwlet goldawyny bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň serhetýaka gatnaşyklary, sebit söwdasyny giňeltmek ugrunda çykyş edýändigini belledi. Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge we ösdürmäge bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz biziň umumy işlerimiziň hatarynda durmuşa geçirilen iri energetika taslamasynyň — Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň bardygyny belledi. Biziň ýurdumyz özbek hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde energiýa serişdeleriniň iberilmegini ep-esli artdyrmak hem-de olaryň üstaşyr geçirilmegini giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardyr.
Ulag ulgamy Türkmenistanyň Özbegistan bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ýurtlarymyzyň tagallalarynyň baş maksady Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly, häzirki zaman düzümini döretmäge gönükdirilip bilner we gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Gara deňziniň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykmak arkaly ulag ugurlaryny ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyny çalt durmuşa geçirmek boýunça tagallalary güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga, hususan-da, ylym we bilim ulgamlarynda, sungat işgärleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek meselelerine deglip geçildi. Parlamentara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.
Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen üsti ýetirilýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň däp bolan netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şunda okgunly ösdürilýän parlamentara hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň umumy bähbitler üçin mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz özbek Liderine Alabaý atly türkmen alabaýyny sowgat berdi we onuň nesil ugry hakyndaky şahadatnamany gowşurdy.
Şol gün Prezident Şawkat Mirziýoýew “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy. Bu ýerde belent mertebeli myhman milli gahrymanlaryň — edermen Watan goragçylarynyň hakydasyny ebedileşdiren “Baky şöhrat” ýadygärligine gül goýdy. Özbek Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen “Watan mukaddesligi” muzeýi bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine geldi. Ol ýerde dostlukly ýurduň Liderine bu ýokary okuw mekdebiniň “Hormatly professory” alymlyk adyny dakmak mynasybetli dabara geçirildi.
Şeýle-de şol gün Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Aşgabatda gurlan “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy.
Seýilgähiň dizaýnynda milli özbek bezegleriniň hem-de binagärliginiň äheňleri ulanyldy. Bu ýerde amatly dynç almak, maşgala bolup wagtyňy gyzykly geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr. Täze seýilgähde çagalardyr ulular wagtlaryny şüweleňli we peýdaly geçirip bilerler. Abadanlaşdyrylan, bagy-bossanlyga bürelen çäkde “Daşkent” kafesi we çaýhana, restoran, amfiteatr ýerleşýär. Körpeler üçin köpöwüşginli bezelen attraksionlar we oýun meýdançalary bar. Dostlukly ýurduň milli äheňlerini, meşhur binagärlik desgalaryny beýan edýän şekiller seýilgähiň bezeginiň aýratynlyklarydyr.
Iki ýurduň Liderleri özbek milli äheňinde bezelen çaýhana gelip, onda döredilen şertler bilen tanyşdylar. Şeýle-de seýilgähiň çäginde “Toý mekany” ýerleşýär. Onda dürli dabaralary, şol sanda iki doganlyk halkyň uludan tutýan gelin toýlaryny geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar. Bu waka Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — Söwda merkezini döretmek hem-de onuň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşygy we onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny (Ýol kartasy) amala aşyrmakda anyk ädim boldy.
Dabaranyň dowamynda döwlet Baştutanlary ýadygärlik agaç nahallaryny oturtdylar. Olar ýakyn wagtda türkmen-özbek dost-doganlygyň nyşany hökmünde boý alar.
Agşam hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Dabaraly kabul edişlikde medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.
20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Sagathanuly Aşimbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler iki ýurduň arasynda ýola goýlan açyklyk, özara hormat goýmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn gatnaşyklary kanagatlanma bilen bellediler.
Dostlukly ýurduň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi sapar bilen Gazagystana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.
22-nji oktýabrda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Bellenilişi ýaly, bu babatda degişli teklipler işlenip taýýarlananda, netijeli dolandyryş, ykdysady mümkinçilikleri, ilat üçin döwlet hyzmatlarynyň elýeterliligini, senagatlaşdyrmak, iri ilatly ýerleri döretmek we bu ýerleri geljekde ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek nukdaýnazaryndan ugur alyndy.
Şunuň bilen baglylykda, ýer, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň we dolandyrmagyň netijeli usullarynyň ornaşdyrylýan döwründe ýurdumyz boýunça dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde taýýarlanylan tekliplere laýyklykda, 6 sany etraby, 5 sany etrap hukukly şäheri, 1 sany şäherdäki etraby, 2 sany şäherçäni, 36 sany geňeşligi ýatyrmak, 36 sany obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak boýunça teklipler öňe sürüldi. Şeýle-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 sany oba şäherçe derejesini berip, 19 obany we 3 sany şäherçäni şäherlere birikdirmek bilen, iri dolandyryş-çäk birliklerini emele getirmek hem-de 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek teklip edildi.
Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur almak bilen, ýurdumyzyň ilatynyň oba ýerleriniň taryhy atlarynyň dikeldilmegi bilen bagly tekliplerini, haýyşnamalaryny göz öňünde tutup, ýurdumyz boýunça 2 etrabyň, 3 şäheriň, 4 şäherçäniň, 3 geňeşligiň hem-de 21 obanyň adyny üýtgetmek boýunça teklipler taýýarlanyldy.
Çykyş edenler ýurdumyzyň dolandyryş-çäk bölünişigini kämilleşdirmek boýunça öňe sürlen başlangyçlary we teklipleri biragyzdan goldadylar. Şeýle-de mejlisde sebitleriň ykdysady ösüşi boýunça has möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-senagat edarasynda Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça işleriň çäklerinde utgaşykly görnüşde halkara dizaýnerleriň Aşgabat dialogy geçirildi.
Paýtagtymyzyň häkimligi tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde guralan forum degişli guramalaryň ýolbaşçylaryny hem-de hünärmenlerini bir ýere jemledi. Oňa sanly ulgam arkaly Kanadadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Azerbaýjandan ugurdaş düzümleriň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri goşuldylar.
Çykyş edenler Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmegiň wajypdygy barada aýdyp, şäher gurluşygynda tebigy binagärlik keşbiniň eýeleýän ornuny güýçlendirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek üçin meýdança öwrüljekdigini nygtadylar.
Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistany innowasion taýdan ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge, ata Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende götermäge gönükdirilen döredijilikli syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
https://tdh.gov.tm/tk/post/33351/doretmegin-yoly-bilen-ata-watanymyzyn-abadancylygyny-pugtalandyryp