close-icon
Habarlar
photo
Hormatly Prezidentimiz GDA döwletleriniň we “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitlerine gatnaşdy
14.10.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammitine gatnaşmak üçin, şeýle-de doganlyk ýurda döwlet saparyny amala aşyrmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini, çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, umumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar.

Ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan Arkalaşygyň mümkinçiliklerini ösdürmegi hemmetaraplaýyn goldaýar, özara bähbitli gatnaşyklaryň üstüni häzirki döwrüň möhüm talaplaryna laýyklykda, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama geljegi nazara alyp, netijeli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmaga mümkiinçilik berýär. Bu resminama Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen sammitiniň jemleri boýunça kabul edildi.

Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, döwletara gatnaşyklary ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak, hoşmeýilli erk-islegiň, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň dialogy, iň gowy tejribäni, oňyn pikirleri alyşmak esasynda guraýar. Bu ýörelgeler BMG-niň maksatlaryna hem-de Tertipnamasyna doly laýyk gelmek bilen, dostlugyň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň berk binýadyny emele getirmäge, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň ýurtlary we sebit boýunça goňşular bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Şu sammitiň gün tertibi GDA-nyň giňişliginde goşulyşmagyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi onuň çäklerinde özara gatnaşyklaryň gurallarynyň kämilleşdirilmegini üpjün eder...

Hormatly Prezidentimiziň uçary Astana çenli uçuşy amala aşyryp, Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gondy. Şol ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy.

Uçaryň öňünde belent mertebeli myhmany Premýer-ministr Alihan Smailow, Astana şäheriniň häkimi A.Kulginow we beýleki resmi adamlar, şeýle-de ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýerine — Kongres merkezine bardy.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutanynyň başlyklygynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew hem gatnaşdylar.

Sammitiň resmi banneriniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň hem-de GDA-nyň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, foruma gatnaşyjylar “Almaty” zalyna çagyrylýar. Şol ýerde dar düzümdäki duşuşyk geçirildi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini açyk diýip yglan edip, ýygnananlary mübärekledi we şu duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi. Gazagystanyň Lideri Arkalaşygyň ýurtlarynyň Liderleriniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan döwlet Baştutanymyza doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň çykyşynda, ilkinji nobatda, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu mejlisiniň guramaçylaryna şeýle möhüm we wekilçilikli duşuşyga gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi...

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda, ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe şu mejlisi gurandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik hem-de işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklar, obýektiw umumydünýä ýagdaýlaryna we çylşyrymlylyklara garamazdan, meniň pikirimçe, durnuklylygyny hem-de ösüşini saklap galýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň özara gatnaşyklarymyzyň şeýle häsiýeti olary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurlygyna we geljegine umumy düşünmegimiz, oňyn, ylalaşykly jogaby talap edýän dünýä hem-de sebit gün tertibiniň täze ýagdaýlaryna oňat düşünmek bilen şertlendirilendir diýip hasaplaýaryn. GDA-nyň çäklerindäki gatnaşyklaryň bize hyzmatdaşlygyň anyk we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, onuň güýçli taraplaryndan: hyzmatdaşlygyň tejribesinden, deňhukukly häsiýetinden, ýolbaşçylaryň jogapkärçiliginden, umumy taryhy tejribeden, çuňňur ynsanperwer gatnaşyklardan peýdalanmaga mümkinçilik berýändigine ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Bellenilişi ýaly, bu ýagdaýlar diňe bir Arkalaşygyň döwletleri üçin däl, eýsem, goňşy ýurtlar we sebitler babatda-da özüne çekiji hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, geljekde möhüm, netijeli döwletara gural hökmünde GDA-nyň işjeňliginde oňyn orny eýeläp biler we eýelemelidir. Gürrüň, ilkinji nobatda, ykdysady, söwda, maýa goýum gatnaşyklary barada barýar. Entek biziň bilelikdäki mümkinçiliklerimiziň bu babatda doly derejede ulanylmaýandygyny hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan GDA agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama gol çekildi. Bu resminama biraz soň kabul edilen 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiň Strategiýasynyň esasyny düzüp, biziň hyzmatdaşlygymyza we işewür gatnaşyklarymyza täze itergi berdi.

Ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk, kommunikasiýalar, senagat taýdan ýakynlaşmak, söwda, innowasiýalar, tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna girendigini kanagatlanma bilen belleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we GDA-nyň şu günki kuwwatynyň geljegi uly bolan bu pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçiriljekdigine, biziň ýurtlarymyzyň çäkleriniň bolsa yklymda Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ýollaryna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady ugurlaryny we bähbitlerini Arkalaşygyň çäginden daşarda ilerletmegiň, biziň taslamalarymyza, ilkinji nobatda, üstaşyr ulag düzümini döretmäge, energiýa serişdeleriniň iberilmegini giňeltmäge, täze kommunikasiýalary çekmäge degişli taslamalara goňşy sebitleriň goşulmagyny üpjün etmegiň wajypdygy nygtaldy.

Hususan-da, bu ugurda Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk hem-de bu ýerde dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda utgaşykly döwrebap logistikany döretmegiň uly mümkinçiliklerini görýäris. Biziň ýurtlarymyzyň köpüsi hut şu topara degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzinde port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi.

Bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda, golaýda Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynda, şeýle-de BMG-niň howandarlygynda şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatda Hazarda köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň düýpli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşmaga köp döwletler, ilkinji nobatda, Arkalaşyga goňşy ýurtlar gyzyklanma bildirýärler. Hazar ugry GDA-nyň geljekki meýilnamalarynda möhüm orun eýelemelidir, ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan zolagy hökmünde garalmalydyr diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistan Arkalaşygyň günorta ugrunda ýerleşýän ýurtlara — Owganystana, Eýrana we Pakistana gönükdirilen energetika, ulag, kommunikasiýa taslamalarynyň başyny başlady hem-de olary amala aşyrýar. Hindi ummanyna, Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Ýakyn Gündogara çykmak arkaly olary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça meýilnamalar bar. Şeýle taslamalara Arkalaşygyň döwletleri hem işjeň gatnaşyp bilerdi diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Munuň özi geljegi örän uly we bähbitli işdir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz geljekki hyzmatdaşlara bu taslamalar boýunça gatnaşyklaryň köptaraplaýyn guralyny işe girizmek baradaky başlangyjy beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle teklibiň olarda oňyn gyzyklanma we seslenme döretjekdigine ynam bildirildi. Şeýle-de GDA-nyň ugurdaş komitetlerine degişli tabşyryklary, ygtyýarlyklary bermegiň zerurdygy nygtaldy.

Arkalaşygyň içindäki söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek barada aýdylanda bolsa, pandemiýa döwründe biziň işewür gatnaşyklarymyzyň depginini peselden kynçylyklary çalt ýeňip geçmek üçin döredijilikli işler talap edilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. Biziň mümkinçiliklerimize anyk göz ýetirmek hem-de geljegi kesgitlemek üçin garaýyşlarymyza täzeden seretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz munuň üçin geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, söwdany işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda goşulyşmak bilen bagly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin meýdança hökmünde GDA ýurtlarynyň köpugurly ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramak barada oýlanmagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary syýasy gün tertibi baradaky meselä degip geçip, ýakynda Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň howpsuzlyk ulgamynda birnäçe başlangyçlary öňe sürendigini ýatlatdy. Bu başlangyçlar tutuş Arkalaşyk üçin hem wajyp diýip hasaplaýaryn. Gürrüň dürli ýagdaýlarda we görnüşlerde ýüze çykýan açyk, gizlin wehimler barada barýar. GDA-nyň çäklerine ekstremistik we radikal elementleriň aralaşmagy, terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, bikanun hereketleriň beýleki görnüşleri, GDA-nyň käbir sebitleriniň içinde gapma-garşylykly ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligi, maglumat tehnologiýalarynyň ýaramaz maksatlar bilen ulanylmagy, halklarymyzyň taryhy däplerine, binýatlyk gymmatlyklaryna garşy gelýän taglymlaryň daşyndan ornaşdyrylmagy şol howplaryň hataryndadyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Sanalyp geçilen wehimler bizden Arkalaşygyň gapma-garşylyklaryň meýdançasyna öwrülmezligini kepillendirýän netijeli goranyş gurallarynyň döredilmegini, berk, uzak möhletleýin, bölünmez howpsuzlyk ulgamyny döretmek boýunça çäreleriň görülmegini talap edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamlarda GDA-nyň halkara hukuk we guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň Daşary işler ministrliklerine degişli teklipleri taýýarlamaga girişmegi tabşyrmagy, şeýle-de ýörite gulluklaryň ugry boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmegi teklip etdi. Biz bilelikde GDA-nyň giňişliginiň parahatçylyk we ösüş üçin töwekgelçiliklerden azat, durnuklylyk zolagy bolmagynda galmagyny gazanmalydyrys.

Pandemiýa döwrüniň kynçylyklaryna garamazdan, biz medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda gatnaşyklary dowam etdirdik diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ozalkysy ýaly, GDA-ny jebisleşdiriji şert bolmagynda galýar, ol döwletara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, sport hyzmatdaşlygy möhüm ugurlaryň biridir. Türkmenistan iri halkara sport çärelerini guramak bilen, bu ugra uly üns berýär. Häzir GDA-da sport hyzmatdaşlygyna, hakykatdan-da, giň we yzygiderli häsiýet bermegiň wagty ýetdi diýip hasaplaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport oýunlaryny geçirmek boýunça Utgaşdyryjy komiteti döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Has takygy, diňe bir GDA-dan däl, eýsem, gyzyklanma bildiren beýleki ýurtlaryň türgenleri üçin açyk bolan, yzygiderli esasdaky “Dostluk oýunlaryny” guramak boýunça işe başlamagy teklip edýäris. “Dostluk oýunlary” möwsümleýin, ýagny tomusky we gyşky oýunlar bolup, ýaşlaryň, ýetginjekleriň arasynda sportuň aýry görnüşleri boýunça geçirilip bilner.

Utgaşdyryjy komitetiň maksatlary, düzümi, guramaçylyk ugurlary jikme-jik beýan edilen Tertipnamanyň taslamasyny işläp taýýarladyk diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we türkmen tarapynyň bu başlangyjyň goldanylmagyna bil baglaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan tejribäni, degişli düzümleri nazara almak bilen, ilkinji “Dostluk oýunlaryny” Türkmenistanda geçirmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyga pugta ygrarlydygyny tassyklady, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda netijeli başlyklyk edendigi üçin Gazagystan Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi hem-de şu gezekki mejlisiň üstünlikli geçirilmegine goşan goşandy, işi netijeli utgaşdyrandygy üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Mejlisiň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Liderleri köptaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji sekretary wezipesini GDA-nyň Baş sekretary wezipesi diýip atlandyrmak ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Sammite gatnaşyjylar tarapyndan kabul edilen çözgüde laýyklykda, öňümizdäki ýylda GDA-da Gyrgyz Respublikasy başlyklyk eder.

Soňra Kongres merkeziniň “Astana” zalynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi giňişleýin düzümde dowam etdi. Onuň barşynda geljekki bilelikdäki hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyldy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Arkalaşygy ösdürmekde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň orny baradaky mesele hem içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Işlän döwründe Arkalaşyk parlamentleriň derejesinde özara gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde özüni görkezmegi başardy. Bellenilişi ýaly, geçen döwürde Assambleýanyň işi anyk many-mazmun, täze taslamalar, işjeň tejribe alyşmak bilen baýlaşdyryldy.

Ynsanperwer meseleleriň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda mowzuklaýyn ýyllary yglan etmek baradaky çözgütlere, şeýle-de Russiýa Federasiýasynda 2024-nji ýylda “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly döwletara maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky meselä garaldy.

Sammitde guramaçylyk meselelerine-de seredildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine sammitde beýan edilen, Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary seljermek hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamak teklip edildi. Şeýle-de duşuşykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.

Günüň ikinji ýarymynda Kongres merkeziniň maslahatlar otagynda “Merkezi Aziýa — Russiýa” sammiti geçirildi.

Şunda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň şu günki duşuşygynyň esasynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynda goýlandygyny bellemek möhümdir.

Duşuşygyň öňüsyrasynda dostlukly ýurtlaryň altysynyň Liderleriniň resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammiti açyp, belent mertebeli myhmanlara söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda, ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ysnyşykly, köpugurly hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şolaryň hatarynda döwletlerimiziň üstünlikli ösmeginiň, ykdysady, söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň hem-de çuňlaşdyrylmagynyň, durmuş, ynsanperwer wezipeleri çözmegiň esasy şerti hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Soňky wagtlarda dünýä geosyýasatyndaky ýagdaýlaryň tamalary ödemeýändigini gynanmak bilen aýtmaly bolýarys. Munuň özi BMG-niň we beýleki esasy institutlaryň netijeliligine täsirini ýetirýär. Döwletara gatnaşyklaryň many-mazmuny üýtgeýär. Gapma-garşylyklaryň, terrorçylygyň, ekstremizmiň we radikalizmiň howplarynyň çäkleri giňeýär.

Nygtalyşy ýaly, şeýle şertlerde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýanyň ysnyşykly, netijeli gatnaşyklary aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda takyk, utgaşykly syýasy-diplomatik iş, ýörite gulluklaryň ugry boýunça sazlaşykly hyzmatdaşlyk, biziň ýurtlarymyza we raýatlarymyza parahatçylygy, asudalygy, döwlet esaslarynyň berkligine ynamy üpjün etmäge ukyply ygtybarly, uzak möhletleýin gorag gurallaryny döretmek üçin maglumat serişdelerini, jemgyýetçilik institutlaryny herekete getirmek talap edilýär. Şol bir wagtyň özünde bu ugurda halkara guramalarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna hormat goýmak, olary netijeli durmuşa geçirmek işinde jebisligi we bitewüligi gazanmak zerur bolup durýar.

Sebit babatda öňüni alyş çärelerini, bolup biläýjek gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň gurallaryny, munuň üçin bar bolan serişdeleri we tejribäni doly derejede ulanmagy zerur hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de anyk ugurlara ünsi gönükdirmegi teklip etdi:

Birinjiden, biziň döwletlerimizde ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synaglara garşy durmak; ikinjiden, terrorçylyk, ekstremizm wehimlerinden, kiber we biologik howplardan goranmagyň kepilliklerini üpjün etmek; üçünjiden, jemgyýetçilik aňyna ýalan düşünjeleriň we ahlak ýörelgeleriň emeli ornaşdyrylmagyna garşy göreşmek; dördünjiden, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň bolup biläýjek ýaramaz täsirleriniň öňüni almak.

Ýokarda agzalan ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda altytaraplaýyn geňeşmeleriň iş tertibini kadalaşdyrmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we munuň ýörite gulluklaryň, beýleki düzümleriň işine-de degişlidigini nygtap, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýokarda sanalyp geçilen wezipelerden ugur alyp, geňeşmeleriň algoritmini we mowzugyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi.

Bellenilişi ýaly, Owganystandaky ýagdaý halkara gün tertibiniň aýratyn meselesidir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Owganystandaky ýagdaýlaryň durnuklylygyna deň derejede gyzyklanma bildirýändiklerine ynam bildirildi. Parahatçylykly, durnukly, sazlaşykly ösýän Owganystan biziň serhetlerimiziň, raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň edaralarynyň owgan ugrundaky tagallalaryny goldaýandygy nygtaldy.

Owganystanyň halkara we sebit ykdysady gatnaşyklaryna goşulyşmagy möhüm meseledir. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystanyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlady. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, Türkmenistandan owgan ugry boýunça çekilen demir ýollar bar.

Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly Owganystan ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň strategik mümkinçiliklerine eýe bolýar, yklymda baglanyşdyryjy merkez hökmünde özüniň geografik artykmaçlyklaryndan peýdalanyp biler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysadyýet ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Biz bu babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika, senagat kooperasiýasy, dokma önümçiligi, obasenagat toplumy, logistika, täze tehnologiýalar, sebit söwdasy ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle-de ýurtlarymyzyň işewürlerini has ysnyşykly hyzmatdaşlyga höweslendirmegiň zerurdygy, hemişelik hereket edýän «Merkezi Aziýa — Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmeginiň başyny başlamak mümkinçiligi bu ulgamlarda esasy teklipleriň hatarynda görkezildi. Onuň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine garalyp bilnerdi.

Ýurtlarymyzyň çäklerinde ulag gatnawlarynyň we üstaşyr geçirmegiň köpşahaly düzümini gurmak arkaly döwrebap, üstaşyr ulag, kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şol ulgamlar dünýä ummanyna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna, şol ýerden Hindistana gysga ýoly üpjün edýän ýurt hökmünde bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk ugurly gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda Merkezi Aziýanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýet we sungat festiwalyny guramak barada oýlanmak teklip edildi.

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gün geçirilen mejlisinde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işi baradaky maglumat diňlenildi. Onda bu möhüm guramanyň işi bilen baglanyşykly esasy ýagdaýlar bellenildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Baştutanlarynyň sammiti bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýokary derejede birinji “Merkezi Aziýa — Russiýa” Parlamentara forumynyň hem-de biziň ýurtlarymyzyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilendigini nygtady.

Parlamentara forum şu duşuşygy guramak üçin esas boldy diýip, döwlet Baştutanymyz ýöne, gynansak-da, şu gün bu wakalar barada aýdylmandygyny belledi. Şunda şeýle forumlaryň geçirilmeginiň, ilkinji nobatda, bilelikdäki hyzmatdaşlygy hem-de özara gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan örän wajyp bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.

Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine pugta ygrarlydygyny, mundan beýläk-de döredijilikli gatnaşyklara taýýardygyny tassyklady we şu duşuşyga gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň her birine bu işe uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme hem-de syn berildi, geljekki bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny işläp taýýarlamagyň, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň, energetikada, senagatda, ulag-logistika ulgamynda, obasenagat toplumynda we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň zerurdygy bellenildi. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, strategik hyzmatdaşlygy saklamak we hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin bilelikdäki tagallalaryň wajypdygy aýdyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, hyzmatdaşlygyň täze görnüşi Merkezi Aziýada gatnaşyklara itergi berer, gazanylan ylalaşyklar bolsa sebit döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň binýadyny berkider.

Sammitiň jemleri boýunça döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi. Ol Ýewraziýa giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini öz içine aldy. Bu möhüm resminamada syýasat, howpsuzlyk, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda mundan beýläkki gatnaşyklaryň geljegi hem beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.

https://tdh.gov.tm/tk/post/33249/hormatly-prezidentimiz-gda-dowletlerinin-we-merkezi-aziya-russiya-sammitlerine-gatnasdy