close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
05.12.2019

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibine girizilen meselelere garamaga geçip, häzirki wagtda ýurdumyzda durnukly ösüşiň, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda durmuş ulgamynda ýokary ösüş depgininiň saklanylýandygyny, dürli ugurlarda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Makroykdysady görkezijiler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny, aýratyn hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe düzümleriniň işine geçirilen seljermeler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan senagatlaşdyrmak işleriniň türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyna, daşary söwda amallarynyň ösdürilmegine, şeýle hem eksportuň görkezijilerini geçen ýyllaryň derejesinde saklamaga oňyn täsir edýändigini belledi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi uglewodorod serişdeleri bilen bagly bolmadyk pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ýardam edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Beýleki möhüm ýagdaýlaryň hatarynda karz bermek we maksadalaýyk bolmadyk çykdajylary azaltmak syýasaty bar.

Hormatly Prezidentimiz göni maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen ykdysady strategiýanyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi içerki bazarda goşmaça önümçilik isleglerini döretmäge we maliýe-ykdysady ýagdaýyň durnuklaşmagyna ýardam edýär.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň uzak möhletli durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, sanly ykdysadyýete geçmek işini işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky täze maksatnamalary işläp taýýarlamagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, döwrebap elektron senagaty kemala getirmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz maýa goýumlaryny çekmegi, has bähbitli ugurlar boýunça eksport kuwwatyny artdyrmagy we importyň düzümini amatly ýagdaýa getirmegi geljekki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Milli Liderimiz bu ugurda Ýokary gözegçilik edarasynyň öňünde durýan wezipäniň edaranyň degişli guramalar bilen sazlaşykly işini üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.

Bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini goramaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň işgärleriniň öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge jogapkärli çemeleşmelidiklerini belledi.

Häzirki zaman şertlerinde pul-karz ulgamynyň ösdürilmegi, awtomatlaşdyrmak işi iň täze tehniki serişdeler hem-de bank hyzmatlaryny bazarlarda ornaşdyrmagy çaltlandyrmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň karz edaralarynyň hyzmatlarynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, netijeli gurallary gözlemäge uly ähmiýet berilýär.

Iş maslahatynyň barşynda «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişi, bu ugurda döwlet gözegçiligini guramak boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň maksady raýatlaryň zähmet, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga bolan konstitusion hukuklaryny ýerine ýetirmek üçin zerur kepillikleri döretmekden, zähmet gatnaşyklarynyň taraplarynyň arasyndaky durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu meseläniň ileri tutulýandygyna ünsi çekip, Ýokary gözegçilik edarasynyň alyp barýan işleriniň netijesinde işlenip taýýarlanylýan seljerme geçirilen maglumatlaryň örän möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu edaranyň ýolbaşçysy G.Müşşikowa degişli işleri dowam etmegi hem-de onuň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde hasabat bermek barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellenen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň diňe bir maliýe-ykdysady toplumynyň edaralarynyň däl, eýsem, tutuş halk hojalyk toplumynyň hem işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.