Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletara derejede hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň uly ähmiýetli wakasy hem aýdyňlygy bilen görkezdi.
15-16-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat utgaşykly görnüşde geçirildi.
Hazar sebitine şeýle uly gyzyklanma birnäçe möhüm ýagdaýlar bilen şertlendirilendir. Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak şolaryň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Hazar deňziniň geosyýasy hem-de geoykdysady gatnaşyklaryň esasy merkezleriniň birine öwrülýändigi nazara alnanda, onuň ähmiýeti geografik çäklerden has alyslara uzaýar. Bu ýerde deňiz, guryýer we howa ýollaryny özünde jemleýän dünýä derejesindäki iri üstaşyr ulag halkasy kemala gelýär. Forumyň öňüsyrasynda türkmen deňiz kenar ýakasynda ulag toplumynda we logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlaryň giň gerimli görnüşlerini görkezýän sergileriň birnäçesi guraldy.
Ugurdaş sergiler Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýaýbaňlandyryldy. Şolarda ata Watanymyzyň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýeten sepgitleri görkezildi. Bulardan başga-da, daşary ýurtly myhmanlara türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda saklanyp gelýän baý medeni mirasy, döredijilik däpleri barada gürrüň berýän sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Foruma gatnaşyjylar üçin sungat ussatlarynyň konserti guraldy.
Ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň geçirilmegi ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.
Foruma 40-a golaý döwletiň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Bu çäre BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalaryň hem-de maliýe düzümleriniň ýolbaşçylaryny, hususy ulgamyň, hökümete dahylsyz birleşikleriň, ylmy toparlaryň wekillerini birleşdirdi. Türkmen tarapyndan forumyň işine Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, bu forumy biziň ýurdumyzda geçirmek başlangyjy Türkmenistan tarapyndan öňe sürüldi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylda kabul edilen Kararnamada berkidildi. Bu teklibiň wajypdygy döwrüň talaplary bilen tassyklanyldy. Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Forumyň ähli mejlisleri Birleşen Milletler Guramasynyň web platformasynda onuň resmi dilleriniň dördüsinde — iňlis, fransuz, ispan hem-de rus dillerinde göni ýaýlymda görkezildi.
Utgaşykly görnüşde geçen forumyň esasy maksady deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň (DÇBÖBD) durnukly ulag we onuň bilen bagly Durnukly ösüş maksatlary ulgamynda gazanan ösüşini seljermekden, şunuň bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasynyň hem-de beýleki wehimleriň täsirini kesgitlemekden ybarat boldy. Şeýle hem COVID-19-dan soňky dikeldişde ulagyň esasy orny, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak we oňa uýgunlaşmak bilen bagly meselelere garaldy.
Pandemiýa döwründen soň düzümi maliýeleşdirmek, onuň durnuklylygyny üpjün etmek üçin bilimleri, tejribäni hem-de innowasion çemeleşmeleri — çözgütleri alyşmak, DÇBÖBD-de ulag düzüminiň ösüşini we tehniki taýdan hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin maslahatlary hem-de mümkinçilikleri ýüze çykarmak, DÇBÖBD-niň bähbitleri üçin ulag ulgamynda halkara goldawy giňeltmek, bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak forumyň esasy wezipeleri boldy.
Maslahatyň işiniň öňüsyrasynda “Awaza” kongresler merkeziniň eýwanynda elektron görnüşli sergi guraldy. Onda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň gazanan üstünlikleri görkezildi. Sergide ilaty 533 million adama barabar bolan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-si barada gürrüň berildi. Bu ýurtlaryň çäk taýdan ýerleşişi olaryň beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsirini ýetirýär. Şonuň netijesinde, olar ykdysadyýetiň düzümleýin kämilleşdirilmegi üçin zerur maýa goýum hem-de maliýeleşdirmek, tehnologiýalar we hyzmatlar ýaly ugurlarda ählumumy söwdanyň artykmaçlyklaryndan doly derejede peýdalanyp bilmeýärler. Şunuň bilen birlikde, monitorlarda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk üçin giň ýollary açýan, geljegi uly taslamalar barada maglumatlar berildi.
Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden täze başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylaryň öňünde wideoýüzlenme bilen çykyş edip, Türkmenistanyň ählumumy ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge hem-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şol başlangyçlaryň hatarynda BMG-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini goramaga gönükdirilen hem-de BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek, Baş Assambleýanyň “Ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ornuny ýokarlandyrmak hakynda” Kararnamasyny işläp taýýarlamaga girişmek baradaky teklipler bar.
“Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşygydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara hem-de sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna, howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy hem-de hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynda nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şu forumyň kabul eden çözgütleriniň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzjekdigine ynam bildirdi hem-de Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde öňde goýlan bu maksatlara ýetmek üçin aýgytly hereket etjekdigini aýtdy.
Foruma gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň iberen ýüzlenmesi hem okaldy. Onda ulag ulgamyndaky arabaglanyşygyň ähli ýurtlaryň geljegi, aýratyn-da, söwdada nyrhlary peseltmek we ählumumy bazarlara elýeterliligi gowulandyrmak babatda DÇBÖBD üçin möhüm ähmiýete eýedigi bellenilýär. Şunda ykdysadyýetleriň we adamlaryň ýakynlaşmagyna ýardam bermek, oba hem-de şäher etraplarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnuklylygy ýokarlandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň örän wajypdygyna üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, geljekde bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň hem-de çözgütleriň ähmiýetini artdyrmagyň, düzümi maliýeleşdirmekde ýetmeýän serişdeleriň öwezini dolmak, şol sanda durnukly ulag ulgamyna maýa goýumlary goýmak üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.
Çykyş edenler deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ygtybarly ulag düzümine, sebit hem-de dünýä söwdasyna işjeň gatnaşmak üçin netijeli üstaşyr gurallarynyň döredilmegine garaşlydygyny bellediler.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag babatda sebitara hem-de halkara gatnaşyklary gowulandyrmak, üstaşyr ugurlary giňeltmek üçin onuň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny we düzümleýin gurallaryny kämilleşdirmek, sanly ulgamy işjeňleşdirmek, geçelgeleriň işine goldaw bermek üçin oýlanyşykly syýasaty işläp taýýarlamak hem-de mümkin bolan ähli çeşmelerden maliýe serişdelerini çekmegiň hasabyna ekologik taýdan arassa we netijeli ulag ýollaryny ösdürmek, ulag düzümindäki päsgelçilikleri aradan aýyrmak çözgüdi kabul etmegiň esasy bäş ugry hökmünde görkezildi. Munuň özi ilkinji dört maksada ýetmek üçin aýratyn ähmiýetli hasaplanýar.
Forumyň ikinji gününiň maksatnamasy ugurdaş çäreleri — Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça utgaşdyryjy geňeşiň mejlisini (Aşgabat ylalaşygy esasynda) hem-de “Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar — Afrika: ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly ministrler derejesindäki duşuşygy öz içine aldy.
Maslahatyň dowamynda birnäçe köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Forumyň işiniň netijeleri Jemleýji Beýannamada berkidildi. Şonda COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durnukly dikeldilişi üçin ulag arabaglanyşygynyň güýçlendirilmeginiň hem-de Hereketleriň Wena maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyny tizleşdirmegiň wajypdygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara we sebit bazarlaryny deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar bilen birleşdirmekde üstaşyr daşamalaryň eýeleýän ähmiýetli orny nygtalýar.
Resminamada bellenilişi ýaly, maslahat halkara bileleşigi deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady taýdan okgunly hem-de durnukly ösüşi üçin zerur şert bolup durýan netijeli ulag düzümini döretmekde ulag aragatnaşygyny ösdürmek ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek we utgaşdyrmak boýunça işleri goldamaga çagyrýar. Şunuň bilen bir hatarda, kämil üstaşyr daşamalary we söwdany ýeňilleşdirmek, COVID-19 pandemiýasyndan soňky durnukly dikeldiş üçin sanly ulgamlary pugtalandyrmak tagallalary birleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Şeýle-de ulag ulgamynda howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak hem-de oňa uýgunlaşmak, adatdan daşary howa ýagdaýlary emele gelen halatynda olara taýýar bolmak babatda zerur serişdeleriň we hyzmatlaryň jemlenilmegi üçin deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň örän möhümdigi nygtalýar.
Resminamada Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň netijeleri boýunça esas edilip alnan durnukly ulag boýunça Aşgabat prosesini dowam etmegiň, ýokary derejeli yzygiderli halkara duşuşyklary, köptaraplaýyn maslahatlaşmalary geçirmegiň, bu işleriň çäklerinde bilim beriş çäreleriniň mümkinçiligini we guralyşyny pugtalandyrmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.
Häzir BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 13-nji sentýabrynda açyljak 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Awazada kabul edilen Jemleýji Beýannamany taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
“Hereketleriň Wena maksatnamasynyň ulag aragatnaşygynyň anyk wezipelerine hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylan tejribeler we meseleler”, “Pandemiýadan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ulag aragatnaşygyny maliýeleşdirmek — esasy meseleler we çözgütler” ady bilen geçirilen mejlislerde Türkmenistan tarapyndan ulag ulgamynda sebit, dünýä derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, onuň has amatly görnüşlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilip öňe sürlen netijeli başlangyçlaryň wajypdygy we olara bolan islegiň uludygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda oňyn halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, döwletlere hem-de sebitlere uly ykdysady mümkinçiligi üpjün edip bilýän, olaryň strategik bähbitlerini utgaşdyrmaga ukyply kuwwatly birleşdiriji serişde, geosyýasatyň möhüm ýagdaýy bolup durýan, ýaýbaňlandyrylan, howpsuz, döwrebap üstaşyr ulag düzümleriniň kemala getirilmegine ýurdumyzyň goşandyna ýokary baha berildi.
Üstaşyr ulag ulgamynda netijeli ugurlaryň döredilmegi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň toparynyň dünýä ykdysadyýetine ýakynlaşmagy üçin örän wajypdyr.
Pikir alyşmalaryň çäklerinde forumyň wekilleri şu maslahatyň awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny özüne birleşdirýän ulag ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegine, bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin intermodal logistik merkezleri döretmäge ýardam etmelidigi barada umumy pikiri aýtdylar. Maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de olaryň hyzmatdaşlary üçin ygtybarly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, bar bolan meselelere ünsi çekmek babatda oňat mümkinçilik bolup durýandygy nygtaldy.
Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar, şol sanda Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary bilen birnäçe daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň wekiliýetleriniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklarda sebitiň we dünýäniň halkara ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine kuwwatly itergi berjek täze ulag geçelgelerini döretmek hem-de ozal hereket edýänlerini giňeltmek boýunça geljegi uly taslamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi.
Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri hem-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.
Halkara üstaşyr ýük daşamalaryny has ýeňilleşdirmäge gönükdirilen ýeke-täk multimodal resminamany işläp taýýarlamak maksady bilen, ozal iş topary döredilipdi. Şonuň düzümine TRACECA agza ýurtlaryň döwlet we gümrük edaralarynyň, synçylaryň — TRACECA maksatnamasyny ulanyjy hökmünde Türkmenistanyň hem-de TRACECA-nyň hyzmatdaşy bolan BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň wekilleri girdiler. 2020-nji ýyldan bäri Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň konsepsiýasynyň üstünde gaýtadan işlemek we onuň jemleýji görnüşini taýýarlamak boýunça işler depginli alnyp baryldy. 2022-nji ýyldan bolsa synag ýük daşamalaryny taýýarlamagyň üstünde bilelikde işlemäge başlanyldy.
Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary A.Asawbaýew çärä gatnaşyjylaryň öňünde sanly ulgam arkaly çykyş edip, Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ornaşdyrmagyň Aşgabat prosesiniň çäklerinde ýükleri ibermegiň dünýä derejesindäki halkasyny sanlylaşdyrmaga wajyp goşant boljakdygyny belledi. Halkara ulag geçelgesiniň sanly maksatnamasyny durmuşa geçirmek ulaglaryň dürli görnüşlerini birleşdirýän sebitleýin sanly ulgamy döretmäge mümkinçilik berer. Munuň özi TRACECA agza ýurtlaryň köpüsiniň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň deňze çykalgasy bolmandygy göz öňünde tutulanda aýratyn wajypdyr.
Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasyna Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy B.Karimow hem-de sebitiň ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda XXI asyryň üçünji onýyllygynyň sepgidinde dünýä ykdysadyýetiniň ykdysady we ösüş ýagdaýlarynyň dürli sebitleriň hem-de yklymlaryň döwletlerini baglanyşdyrýan multimodal geçelgeleriň ugrunda ulag işlerini dolandyrmagy amatly ýagdaýa getirmek maksady bilen, bir nusga getirilen Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany işläp taýýarlamaga we ornaşdyrmaga aýratyn zerurlygy döredendigi nygtaldy.
Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň ornaşdyrylmagy multimodal daşamalary amala aşyrmak, halkara söwdany hem-de işewürligi alyp barmak üçin şertleri gowulandyrmak bilen birlikde, milli býujetlere salgytlaryň gelmeginiň artmagyny üpjün edip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi üçin durmuş-ykdysady we täjirçilik artykmaçlyklarynyň döremegine ýardam berer.
Taslama gatnaşyjylar ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň sebitiň ýurtlaryna uly ykdysady we syýasy bähbidi üpjün edip bilýän, olaryň strategik bähbitlerini birleşdirýän kuwwatly özara ýakynlaşdyryjy serişde bolup durýandygyny nygtap, bir aýyň dowamynda 2022 — 2024-nji ýyllarda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyny durmuşa geçirmek babatda anyk çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny biragyzdan beýan etdiler.
Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna resmi badalga bermek dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Şonda taraplaryň dürli derejelerde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy sanly ulgamy döretmek baradaky teklibi öňe ilerletmek boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taraplaryň taýýardygy tassyklanyldy.
17-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň “Berkarar” myhmanhanasynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň hem-de oňa gabatlanyp guralan çäreleriň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan brifinge Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary birleşdirmekde işjeň orny eýeleýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamyna wajyp orun berilýär. Bu ugurda ýurdumyz sebit hem-de transkontinental derejede ýaýbaňlandyrylan multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri taslamalaryň başyny başlaýar, olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu meseläniň ileri tutulýan ugurlary, olar babatda pandemiýadan soňky döwürde täzeden dikeltmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmek we oňa uýgunlaşmak, geljegi nazarda tutup, özara hereket etmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen birlikde, häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan, wehimlerinden ugur alyp, sazlaşykly çemeleşmeleri we teklipleri işläp taýýarlamak boýunça ara alyp maslahatlaşmalar hem-de pikir alyşmak üçin gepleşikleriň açyk meýdançasy hökmünde forumyň anyk ähmiýeti nygtaldy.
Foruma gatnaşyjylaryň iri wekilçilikli düzümi hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmegi onuň örän wajypdygyna we möhüm isleg bildirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri maslahaty dessin hem-de giňişleýin beýan etdiler, metbugatda neşir etmegi, internet portallarynda ýerleşdirmegi hem-de oňa bagyşlanan gepleşikleri we habarlary ýaýlymlara bermegi dowam etdirýärler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň goldamagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de giňeldilmegine uly goşant boldy.
19-njy awgustda Daşary işler ministrliginde geçirilen brifing BMG-niň howandarlygynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan forumyň netijelerine bagyşlandy. Duşuşyga Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Brifingiň barşynda maslahatyň işine işjeň gatnaşan ähli döwletlere we halkara guramalara hoşallyk bildirildi. Onuň münberinden beýan edilen oňyn teklipler, pikirler we maslahatlar durnukly ulag ulgamynda hem-de ygtybarly sebitara ulag düzümini ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmekde ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça geljekki bilelikdäki iş üçin esas döreder.
Forumy guramakda BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti esasy hyzmatdaş bolup çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasyndan kärdeşlere, şol sanda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasyna bu möhüm çäräni taýýarlamak we geçirmek boýunça sazlaşykly, netijeli işi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Brifingiň barşynda maslahata gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen forumyň ähmiýeti örän uludyr. Milli, sebit we ählumumy derejedäki okgunly durmuş-ykdysady ösüş ulag hem-de logistik düzümiň kämilleşdirilmegini we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini talap edýär.
20-nji awgustda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Bu waka ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, şol sanda Döwlet serhet gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň degişli gulluk, ýokary derejeli ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ähli ulgamlaryň okgunly ösüşini, Diýarymyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ynamly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň yzygiderli hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.
https://tdh.gov.tm/ru/post/32563/konstruktivnoe-sotrudnichestvo-vo-imya-vseobshchego-blagopoluchiya