close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady
03.07.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň nurana geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

https://tdh.gov.tm/tk/post/32112/turkmenistanyn-prezidenti-belarus-respublikasynyn-prezidentini-gutlady-2