Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinden hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Bir sagatdan gowrak wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen, haly düşelen ýodajyk bilen döwlet Baştutanymyz resmi wekiliýetler zalyna bardy.
Kabul edýän tarapyň wekili bilen bu ýerde gysga söhbetdeşligiň dowamynda soňky wagtda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we netijeliligi, şeýle-de iki dostlukly halkyň has-da ýakynlaşmagyna hem-de özara düşünişmegine ýardam berýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ysnyşykly häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň awtomobil kerweni howa menzilinden “Saadabad” köşkler toplumynyň “Serwestan” binasyndaky sapar wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady. Dag eteginde, Tähranyň demirgazygyndaky ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän bu toplum Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynyň iň gözel ýerleriniň biridir.
Ertir Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi duşuşygy geçiriler. Ýokary derejedäki bu gepleşikleriň dowamynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmek boýunça taraplaryň çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmaklaryna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde ilkinji resmi saparlarynyň birini Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrmagy ýakyn goňşy döwletler bilen giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny hem-de döwletimiziň ählumumy bähbitlere kybap gelýän halkara hyzmatdaşlyk ýoly bilen üstünlikli öňe barýandygyny subut edýär.
Häzirki wagtda döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda Türkmenistan we Eýran däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary iki tarapyň hem durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, milli bähbitlere kybap gelýän hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini görkezýärler. Gol çekmäge taýýarlanylan hem-de ileri tutulýan ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy düzgünleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Tähranda geçiriljek iň ýokary derejedäki duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Eýranyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirendiklerini bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň Eýrana şu gezekki saparynyň çäklerinde gazanyljak ylalaşyklar iki goňşy döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine alnyp barylýan deňhukukly, özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.
https://tdh.gov.tm/tk/post/31861/turkmenistanyn-prezidentinin-eyran-yslam-respublikasyna-resmi-sapary-baslandy