Şu gün Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine geldi. Baýram günlerinde bu topluma gelip-gidýänleriň sany has köp bolýar.
Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşyk meýillerini özünde jemleýän bu merkeziň geçen ýyl şanly senäniň öň ýanynda — ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, şol sanda söwda we hyzmatlar ulgamy boýunça ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy bilen, asylly däbe öwrülen Oraza baýramynyň hormatyna yglan edilen baýramçylyk gününde agtyklary bilen söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlaryna aýlanyp, bu ýerde söwda etmek, şeýle-de çagalar bilen wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, dabaraly çäreleri guramak üçin döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Soňky ýyllarda ak mermerli paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ýokary hilli dynç alyş şertlerini üpjün etmek meseleleriniň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini aňladýar. Bu gün Aşgabat sazlaşykly ösýän şäherleriň biri hökmünde giňden tanalyp, dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Munuň özi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň, türkmenistanlylaryň amatly ýaşamaklary, zähmet çekmekleri we göwnejaý dynç almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanmaklary, döwrebap bilim almaklary, söwda, saglygy goraýyş ulgamlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaklary üçin iň gowy şertleri döretmegiň ajaýyp nusgasydyr.
Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, estakada köprüsini, çüwdürimleri, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, emeli akabany hem-de ugurdaş gök zolaklary özünde jemleýän merkez şäheriň Tähran köçesiniň ugrunda bina edilen desgalar bilen sazlaşykly gurlan binagärlik toplumydyr. Dükanlaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdylanda, onda milli äheňlere möhüm ähmiýet berilýär, olaryň bezegi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Gahryman Arkadagymyz toplumyň çagalar üçin niýetlenen söwda bölümlerine aýlanyp, agtyklaryna sowgatlary satyn aldy. Bu ýerde alyjylar we işgärler üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek gerek. Tölegler nagt hem-de nagt däl görnüşde, bank kartlary arkaly amala aşyrylýar. Dükanlarda dürli, şol sanda gündelik isleg bildirilýän harytlaryň, sowgatlyk önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Bu bolsa ilatyň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda aýratyn möhümdir.
Toplumyň dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary we ulgamlary bilen üpjün edilmegi onuň ýokary tehnologik derejesini görkezýär.
Merkeziň ikinji gatynda özboluşly görnüşde gurnalan aýdym-sazly, yşykly içki suw çüwdürimleriniň sazlaşygy toplumyň bezeg aýratynlyklary bilen utgaşýar. Häzirki zaman bezeginiň täze ugry bolan bu usul adamlara ýakymly täsir edýär. Ol ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
Bu ýerde uly dynç alyş we güýmenje bölümi hem ýerleşýär. Onuň düzümine körpeler we uly ýaşly çagalar üçin niýetlenen oýun zolaklary girýär. Attraksionlaryň we oýun awtomatlarynyň örän köpdürlüligi haýran galdyrýar. Çagalar olarda uly höwes, şatlyk bilen oýnaýarlar. Toplumyň oýunlar ulgamynda örän gyzykly hem-de özüne çekiji täze enjamlar bar. Şolaryň häzirki zamanyň täzeçil usullary, sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy çagalaryň hem, uly ýaşlylaryň hem ünsüni özüne çekýär.
Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bu ýerde döredilen güýmenje merkeziniň dürli bölümlerinde uly şatlyk bilen oýnadylar. Häzirki zaman ylmynyň we durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, döwrüň ösen tejribesi esasynda hereket edýän güýmenje merkeziniň her bir enjamy çagalaryň ukyplaryny, aň-düşünjelerini ösdürmekde ähmiýetlidir. Munuň özi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, sazlaşykly ösmegi hem-de şadyýan dynç almagy üçin döwlet derejesinde alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Merkezde filmlere tomaşa etmek üçin kinoteatr, billiard we bouling meýdançalary bar. Umuman, bu ýerde çagalaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar. Bu görnüşler Diýarymyzda körpe nesilleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek, onuň hil derejesini ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz agtyklary bilen bilelikde toplumyň çaýhanasyna geldi. Bu ýerde özboluşly usulda taýýarlanan milli tagamlar hem hödürlenilýär. Süýji tagamlary halaýanlar çaý başynyň bezegi bolan dürli süýjülikleri satyn alyp bilýärler.
Hormatly Arkadagymyz agtyklary bilen söhbetdeşlikde olaryň okuwlary, öwrenýän dersleri bilen gyzyklandy. Süýji nygmatlar bilen çaý içýän çagalar okuwlary, aýratyn höwes edýän ugurlary barada atasyna gürrüň berdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtyklarynyň jogaplaryndan hoşal bolup, olaryň gyzyklanmalaryna, höweslerine guwandy.
Bu gün halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden myhmansöýerlik däpleri täze öwüşgine eýe bolup, hyzmat hem-de söwda ulgamyndaky innowasiýalary özünde jemleýär. Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezinde işewürligi, söwdany, dynç alşy utgaşdyrmaga ýardam berýän amatly mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz merkezde hödürlenilýän hyzmatlar üçin minnetdarlyk bildirip, agtyklary bilen bu ýerden ugrady.
https://tdh.gov.tm/tk/post/31255/halkymyzyn-yasaysy-we-dync-alsy-ucin-gowy-sertleri-doretmek-dowlet-syyasatynyn-ileri-tutulyan-ugry