close-icon
Habarlar
photo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
27.04.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda paýtagtymyzyň günorta böleginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda bu ýerde — Aşgabadyň günortasyndaky Köpetdagyň ajaýyp tebigatynyň eteklerinde täsin şäher gurşawy döredilip, ol özboluşly taslamalar boýunça gurulýan belent gatly binalary, häzirki zaman ýol-ulag düzümlerini hem-de giň gerimli tokaý-seýilgäh zolaklaryny özünde jemleýär. Güneşli Diýarymyzyň baş şäheriniň ösdürilmeginde uzak möhletleýin geljek nazara alnyp durmuşa geçirilýän iri möçberli şähergurluşyk syýasatyna aýratyn orun berilýär.

«Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen türkmen paýtagtynyň barha täzelenýän keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň yzygiderli depgini, onuň köptaraply mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri aýdyň beýanyny tapýar.

Ak mermerli Aşgabatda täze binagärlik toplumlarynyň hatary barha artýar, adamlaryň abadan durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Watanymyzyň baş şäheri öz çäklerini ýyl-ýyldan giňeltmek bilen, gaýtalanmajak gözelligi bilen haýran galdyrýar. Şoňa görä-de, ol köp sanly halkara güwänamalara mynasyp boldy. Şäheriň binalarynyň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi gurulýan desgalaryň ýokary hiliniň ykrarnamasyna öwrüldi.

Ýer ýüzüniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýan paýtagtymyzyň köp sanly gözel ýerleriniň hataryna Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem goşular.

...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň ajaýyp söz ussadyna ägirt uly söýgüsiniň nyşany bolan, belentlikden howalanyp görünýän ýadygärligiň ýanyna geldi. Döwlet Baştutanymyz toplumyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi paýtagtymyzyň ekologik abadançylygyny, ýaşamak üçin oňaýly şertleri üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýar. Şoňa görä-de, bu täsin künjegi abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek üns merkezinde saklanýar.

Wise-premýer Ç.Purçekow gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler, onuň çäklerini abadanlaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimize Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň ýerleşýän ýeriniň we umumy görnüşiniň çyzgysy görkezildi. Bu desgany gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi.

Soňra türkmen edebiýatynda öçmejek yz goýan nusgawy şahyrymyzyň heýkeli barada düşünje berýän taslamalar görkezildi. Tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.

Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän diwar ýazgysynyň görnüşleri hem-de yşyklandyryş ulgamlary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow medeni-seýilgäh toplumda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, häzirki zaman yşyklandyryş enjamlaryny ulanmak arkaly Pyragynyň tutuş adamzat jemgyýetine belli bolan şygyrlarynyň ganatly setirlerini baýyrlaryň ýüzünde ýagtylandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň daşky girelgesiniň, suw çüwdürimleriniň, dynç alyş zolaklarynyň, bassyrmalaryň we awtoduralgalaryň hödürlenen çyzgylary bilen hem ünsli tanyşdy. Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän çüwdürimli we heýkelli toplumyň durkunyň täzelenilmeginiň teklip edilýän görnüşi görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň umumy görnüşi, hödürlenen çyzgylar bilen tanşyp, ony abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meselelere degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi hem-de toplumyň giň çäkleriniň ýanaşyk ýerleriniň arassaçylygyny saklamaga degişli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz gök baglaryň — tuýa, akasiýa, serwi we beýleki saýaly nahallaryň görnüşlerini synlap, bu ýerde bina edilýän desgalaryň ählisiniň Köpetdagyň täsin tebigaty bilen bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini nygtady. Bu ýerlerde tokaý zolaklary döredilende, howa hem-de tebigy şertleri göz öňünde tutmagyň zerurdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we çyzgylar bilen tanyşlygyny tamamlap, belentlikde dikilen ýadygärlige tarap ýokarlygyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýokary çykyp barşyna, basgançaklaryň oňaýly we amatly bolmalydygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, gurluşykda häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesiniň we täzeçil usullaryň işjeň ulanylmagyna, diňe ýokary hilli, ýerli tebigy hem-de howa şertleriniň täsirine durnukly, berk serişdeleriň ulanylmagyna mundan beýläk-de ýokary derejede üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ç.Purçekowa ýüzlenip, bina edilýän desgalaryň bezeginde halkymyzyň milliligine mahsus özboluşly reňk öwüşginlerini giňden ulanmagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýäde dostluga, edermenlige, watansöýüjilige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen belli bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň iň täze binagärlik çözgütlerini özünde jemlemelidigini belläp, wise-premýere desganyň gurluşygynyň ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlanmagyny üpjün etmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, täze medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak we onuň çäklerini bagy-bossanlyga büremek baradaky meselelere ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde bag nahallarynyň şu ýeriniň howasyna uýgunlaşdyrylan dürli görnüşleri ekilip, olar paýtagtymyzyň ajaýyp tebigy künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, bagy-bossanlyga degişli işleriň alnyp barlyşyna gözegçiligi amala aşyrmak tabşyrylyp, bu babatda anyk görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň gerimi boýunça ägirt uly ýadygärliginiň iň ýakynyndaky meýdança galyp, şol ýerden ak mermerli paýtagtymyzyň eliň aýasyndaky ýaly açylýan ajaýyp görnüşini synlady hem-de soňky ýyllarda ýerine ýetirilen giň gerimli işleri kanagatlanma bilen belledi. Baş şäherimiziň tanalmaz derejede özgeren keşbi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Köpetdagyň eteginde bina edilen belentlikde howalanyp görünýän bu toplum döredijiligine ýüzlerçe ýyllar geçse-de, häzirki wagtda-da tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň ajaýyp zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanyna öwrülip, bagy-bossanlyga beslenmelidir.

Döwlet Baştutanymyz şular barada aýdyp, “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän şu ýyl beýik Magtymgulynyň edebi mirasyny wagyz etmek, halkara gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreleri geçirmegiň zerurdygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ünsüni çekdi.

Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň garaşsyz döwlet, erkinlik, ynsanperwerlik hakyndaky arzuw-islegleri bu gün ajaýyp döwrümizde hasyl boldy. Dana Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, kämil many-mazmunly şygyrlary raýatlary halal zähmete, belent maksatlara ruhlandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Magtymgulynyň umman ýaly giň şygryýet dünýäsi ýazyjy-şahyrlarymyzyň, bagşy-sazandalarymyzyň nusgalyk döredijilik mekdebine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde akyldar şahyryň baý edebi mirasyny içgin öwrenmäge, giňden wagyz etmäge, hormat-sarpasyny belende götermäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dana Pyragyny sarpalamak türkmen edebiýatyny arşa götermekdir, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdyr. Magtymgulynyň çuňňur pelsepä, ylahy garaýyşlara, dünýewi ýörelgelere ýugrulan çeper döredijiligi özboluşly mekdepdir. Beýik zehinleri dünýä beren türkmen halky öz akyldarlaryna, şahyrlaryna buýsanmaga doly haklydyr.

Magtymguly Pyragy nusgawy edebiýatyň, milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzydyr, müňýyllyklardan bäri hoşniýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy, kalbynyň giňligi we jomartlygy bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň synmaz edebi sütünleriniň biridir. Magtymgulynyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri häzirki syýasatymyzyň esaslaryny düzýär.

Belentlige uzaýan binalar şäheriň bu tebigy künjeginiň aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşyp, ajaýyp gözelligi babatda özüne çekiji görnüşleri döredýär.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, geljek nesiller üçin onuň gözelligini hem-de baýlyklaryny gorap saklamak, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini we tehnologiýalary ornaşdyrmak Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Köp ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda 145 milliondan gowrak bag nahaly ekildi. Ol ýurdumyzda aýratyn howa zolaklarynyň emele gelmegine ýardam edip, sebitde oňyn ekologiýa we howa ýagdaýynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde Aşgabatda we onuň töwereklerinde çäkleri ýyl-ýyldan barha artýan tebigat bilen sazlaşykly ýaşyl tokaý zolaklary döredildi.

Baglarynyň we bezeg ösümlikleriniň dürli görnüşleri, gök zolaklary hem-de owadan bezeg gülleri bilen begendirýän ajaýyp seýilgähler we seýilbaglar “Seýilgähler şäheri” diýlip mynasyp ykrar edilen ak mermerli paýtagtymyzyň hakyky bezegi bolup durýar. Şeýle işler, hususan-da, Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, giň gerimli çäklerde eýýäm el bilen döredilen tokaýlyklar we tokaý zolaklary ýaýylyp gidýär. Olar ata Watanymyzyň tebigy gözelligini has-da artdyryp, ýerli ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň goralmagyna, baýlaşmagyna ýardam berýär. Mundan başga-da, ýaşyl guşaklyklar ilatly ýerleri tomsuň jöwzasyndan, tozandan we güýçli şemallardan ygtybarly gorap, ýerleriň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär, şeýle-de adamlaryň saglygy üçin oňaýly howa ýagdaýyny döredýär.

Soňra bu ýerde wise-premýer M.Mämmedowa Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guraljak toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de filosofynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna guraljak ägirt uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, wise-premýere ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilen ähli çärelere taýýarlyk görlüşine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Heýkel Magtymguly Pyragynyň özüniň nusgalyk şygryýeti ýaly ajaýyp we gözel bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de bu ýere ýygnananlara alnyp barylýan işlerde hut şu ýörelgelerden ugur almagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

https://tdh.gov.tm/tk/post/31188/hormatly-prezidentimiz-serdar-berdimuhamedow-paytagtymyz-boyunca-saparyny-amala-asyrdy