close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
17.04.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Başar Al-Asada berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Siriýa Arap Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

https://tdh.gov.tm/tk/post/31043/turkmenistanyn-prezidenti-siriya-arap-respublikasynyn-prezidentini-gutlady-2