close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
26.03.2022

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide, Bangladeş Halk Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Şeýh Hasina hem-de ýurduň halkyna Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Mohammad Abdul Hamide, Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Bangladeşiň halkyna bolsa parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlygy arzuw etdi.

https://tdh.gov.tm/tk/post/30815/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-42