Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň forumynyň açylyşy boldy. «Özara baglanyşyk: SPEKA-nyň kiçi sebitinde söwda we ulag işlerini ýönekeýleşdirmek hem-de durnukly ösüş» mowzugy forumyň esasy meselesine öwrüldi.
Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasy hem-de ESKATO bilen bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga abraýly guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň bölümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, SPEKA agza döwletleriň wekiliýetleri, halkara sebitleýin we kiçi sebitleýin düzümleriň, iri maliýe institutlarynyň bilermenleri, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle ähmiýetli çäräniň Aşgabatda nobatdaky gezek geçirilmegi dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň belende galýandygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy Gün tertibiniň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Forumda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň, ESKATO-nyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň,
BMG ÖM-niň ýurdumyzda işleýän ýokary wezipeli wekilleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistany ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde ykrar edýändigini we onuň sebitara we halkara gatnaşyklary netijeli ösdürmek meselesinde möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar.
Myhmanlar SPEKA-nyň Maksatnamasyna goldaw berýändigi, şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigi üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirip, şu günler türkmen paýtagtynda geçirilýän çäreleriň baş maksadynyň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça sebitiň döwletlerini baglanyşdyrýan netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýan düzümleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdygyny aýtdylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleýin goşulyşma hem-de Maksatnama agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygy ykdysady, durmuş we syýasy ugurlaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär, halkara gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegi ählumumy ykdysadyýetiň çalt özgerýän şertlerinde sebitiň döwletleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär diýip belleýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki forumyň mowzugy durnukly ösüşe bolan gyzyklanmalaryň esasynda ýurtlaryň özara baglanyşygyny üpjün etmekde SPEKA gatnaşyjy ýurtlaryň talaplaryna gabat gelýär. Duşuşygyň özi bolsa BMG-niň hukuk kadalaryny, ülňülerini we tekliplerini peýdalanmak arkaly bu ugurlardaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak boýunça möhüm wezipelerden gelip çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de şolar boýunça pikir alyşmalary geçirmäge gönükdirilendir.
Wekiliýetleriň agzalarynyň pikirine görä, bu çäre sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda pikir alyşmak hem-de onuň çözgüdini bilelikde işläp taýýarlamak üçin zerur mümkinçilikleri döredýär. Bu gezekki duşuşyk we onda kabul edilen çözgütler hyzmatdaşlygyň oňyn görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyna hem-de SPEKA-nyň çäklerinde, umuman, Merkezi Aziýa sebitinde netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.
Türkmen tarapynyň wekili, ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçysy öz çykyşynda şu gezekki forumyň esasy ugrunyň SPEKA sebitinde birek-birege hormat goýmak, deňhukukly we özara bähbitli esasda durnukly ulag ulgamy hem-de söwda işlerini ýönekeýleşdirmek arkaly netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döredijilikli döwlet syýasatyny alyp barýan Türkmenistan daşary syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegini we halklaryň arasyndaky goşulyşmak işlerine gatnaşylmagyny ykdysadyýetiň ösüşi üçin has bähbitli hasaplaýar. SPEKA-da ýurdumyzyň eýeleýän möhüm orny munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde Merkezi Aziýada oňyn we sazlaşykly ykdysady ösüş ugurlary çaklanylýar. Munuň özi sebitiň köp sanly döwletleriniň açyklygyny, şeýle hem köp sanly ýurtlaryň Bütindünýä söwda guramasyna girmegini ýa-da olaryň bu gurama girmek üçin yzygiderli tagalla edýändiklerini nazara alyp, hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikleri giňeltmekde, söwdany artdyrmakda we ösüşi ýokarlandyrmakda öz beýanyny tapýar.
Çykyş edenler SPEKA, Merkezi Aziýa sebiti, GDA hem-de beýleki dürli sebit guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň sebitiň köp sanly döwletleri üçin wajypdygy barada aýdyp, bu düzümlerde ýola goýulýan özara gatnaşyklarda söwda we ulag ugrunyň möhüm hasaplanylýandygyna ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyny we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hem-de söwdanyň arasynda bar bolan ýygjam gatnaşyklaryň Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmegiň möhüm guraly bolup durýandygy bellenildi.
Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsi eksport ugurly pudaklary hem-de önümçilikleri döretmek mümkinçiliklerine laýyklykda, şeýle hem döwrüň wehimlerine garşy göreşi güýçlendirmek hem-de syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny, şol sanda bazara elýeterliligi giňeltmegiň, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hem-de sebitde haryt dolanyşygy üçin düzümleri pugtalandyrmagyň hasabyna söwda ýardam bermek boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatyny nazara alyp, degişli ulgamlary işjeň kämilleşdirýärler.
Söwda we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň üsti bilen ykdysady ösüşi çaltlandyrmak, garyplygyň derejesini peseltmek hem-de möhüm ulag geçelgelerini kämilleşdirmek, sebitiň döwletleriniň arasynda kadalary we düzgünnamalary ýönekeýleşdirmek hem-de utgaşdyrmak arkaly harytlaryň we adamlaryň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýerli, serhetýaka we üstaşyr gatnawlaryň hem-de söwdanyň ýol wagtyny azaltmaga, bökdençlikleri aradan aýyrmaga oňyn mümkinçilik döreder.
Halkara pul gaznasynyň maglumatlary boýunça edilen çykyşda soňky 15 ýylyň dowamynda harytlaryň söwdasynyň we hyzmatlaryň möçberiniň dünýä ykdysadyýetine garanyňda, iki esseden gowrak ösendigi bellenildi. Bu meýiller Merkezi Aziýada saklanýar. Hut şonuň üçin hem SPEKA sebitinde haryt dolanyşygyna goldaw bermek, dürli sanly ulgamy ulanmak we söwda işlerini ýönekeýleşdirýän guraly peýdalanmak sebit bazarynyň pugtalandyrylmagyny üpjün eder.
Şunda, Maksatnama agza ýurtlaryň öňünde durýan esasy wezipäniň SPEKA sebitini ygtybarly ulag geçelgesine we ulag ulgamynyň ösüşine goldaw berýän merkeze öwürmekden ybaratdygy nygtaldy. Munuň üçin 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň degişli maksatlary amala aşyrylmalydyr.
SPEKA agza ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan sebit goşulyşmak işlerine hem-de hyzmatdaşlyga, şol sanda ulag we söwda ugurlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine ähmiýet berýär. Bu ugurdaky halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Häzirki zaman utgaşykly, deňeçer we ýokary tehnologiýaly ulag düzüminiň döredilmegi — döwrüň möhüm şerti, Durnukly ösüş maksatlarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi tutuş halkara bileleşigiň strategik bähbitlerine gabat gelýär hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini, maýa goýum işjeňliginiň höweslendirilmegini, milli we sebit derejedäki ykdysady hem-de durmuş görkezijileriniň ösüşini üpjün etmäge ukyplydyr.
Çykyş edenler ulag gatnawlarynyň we üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginiň, şol sanda SPEKA sebitinde bu ugurlaryň ösüşiniň ýurtlaryň her biri üçin gyzyklanma döredýändigini hem-de geljegi uly ugurlaryň biridigini we forumyň çäklerinde bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň wajypdygyny nygtadylar.
Ýurdumyzyň wekili ulag babatda ýola goýulýan hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň eýeleýän orny barada aýdyp, oňa BMG-niň gatnaşmagynda ulgamlaýyn we maksada okgunly häsiýet berilmeginiň zerurdygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň bu ugurda kabul edilen Kararnamalarynyň ähmiýeti barada aýdyldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-2015-nji we 2017-nji ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça kabul eden Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny öňe süren döwletleriň biridigine üns berildi. Türkmenistan BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde bu mesele boýunça köptaraply gepleşikleriň geçirilmeginiň zerurdygyny teklip etdi.
Bu ýere ýygnananlar forumyň gün tertibine girizilen meseleler boýunça guralan pikir alyşmalaryň çäklerinde has netijeli ulag geçelgelerini üpjün etmek, içerki, üstaşyr, eksport-import gatnaşyklarynda ahyrky netijäniň bahasynyň ulaga degişli bölegini peseltmek boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, intermodal gatnawlaryň ulag-logistik merkezini döretmegiň bu strategiýany durmuşa geçirmegiň anyk netijesidigi bellenildi.
Bu babatda işjeň marketing syýasatyny geçirmegiň, halkara ulag geçelgelerine we tölegleriň çeýe ulgamyna gatnaşyjy ýurtlar bilen tarifleri amatly ýagdaýa getirmegiň wajypdygy nygtaldy.
Maksatnamanyň işine goldaw bermek üçin SPEKA-nyň Gaznasyny döretmek meselesi esasy ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň birine öwrüldi. Bu başlangyç birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi we giň goldawa eýe boldy.
Şeýlelikde, bu ýere ýygnananlar Gaznanyň esaslandyrylmagynyň SPEKA görnüşinde sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, ykdysadyýet, daşky gurşaw, durmuş ösüşi we beýleki birnäçe ugurlar babatda serhetüsti şertlerde hem-de taslama esasynda maliýe goldawyny bermek arkaly
SPEKA ýurtlarynyň arasynda mundan beýläk-de tejribe alşylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Umuman, bu düzüm Ýörite maksatnamanyň milli dolandyryş edaralary üçin utgaşdyryjy merkez bolup hyzmat eder.
Günüň ikinji ýarymynda ulag we üstaşyr ugurlaryna, SPEKA-nyň sebitinde söwda işleriniň ýönekeýleşdirilmegine bagyşlanan umumy mejlis geçirildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda bu ýere ýygnananlar bilelikdäki işiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin oňyn şerti döretjekdigine ynam bildirdiler. Adamlaryň, kärhanalaryň, önümçilik ulgamlarynyň, kadalaşdyryjy guramalaryň, maglumat ulgamlarynyň, logistikanyň, söwda-ulag düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary üpjün etmek üçin netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň wajypdygy baradaky pikire geldiler.
Ertir forum öz işini tamamlar. Onuň jemleri boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň syýasy, hukuk we ulgamlaýyn esaslaryny pugtalandyrmakda mundan beýläk-de ýola goýuljak hereketleriň gatnaşygy babatda teklipler taýýarlanyldy.