close-icon
Habarlar
photo
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.03.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi.

Milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, ilkinji nobatda, Natalýa Germana Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly şahsy goşandy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen işjeň we netijeli gatnaşyklary, biziň halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl doldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we BMG bilen hyzmatdaşlygyň geçen döwrüniň dowamynda Türkmenistanyň onuň işjeň agzalarynyň birine, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde ygtybarly, strategik hyzmatdaşyna öwrülendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyp, häzirki wagtda bu däp bolan gatnaşyklaryň köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribesine daýanyp gerimini giňeldýändigini hem-de ählumumy ösüşiň täze ugurlaryny we wajyp meselelerini öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurt bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýär we köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary saklaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Bu gün Türkmenistanyň hem-de BMG-niň köp ugurlarda, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa meselelerini çözmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm ugurlarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Olaryň uzak möhletleýin häsiýete eýedigi, yzygiderli esasda amala aşyrylýandygy hem-de anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendigi nygtaldy.

BMG bilen netijeli hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň sebit we ählumumy häsiýetli möhüm başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, dürli iri taslamalary hem-de maksatnamalary bilelikde amala aşyrmakda öz beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça Kararnamalaryň 17-siniň kabul edilendigini nygtady we olaryň arasynda Türkmenistanyň teklibi esasynda 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini, 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýratyn belledi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Milletler Bileleşiginiň komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň birnäçesiniň ýolbaşçy düzümine girmegi, soňky ýyllaryň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň hem-de daşary syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyklykda, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de pugtalandyrmak, halkara giňişlikde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek işine saldamly goşant goşýandygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz öňüni alyş diplomatiýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň möhüm we aýrylmaz ugry bolup durýandygyny belläp, şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Bu merkez BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň goldamagynda 2007-nji ýylda Aşgabatda döredildi.

Sebit merkeziniň döredilmegine şu ýyl 15 ýyl dolýandygyny bellemegiň ýakymlydygyny aýdyp, milli Liderimiz geçen döwrüň dowamynda onuň özüni ýüze çykýan köp meseleleri çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezendigini belledi.

Ýurdumyz merkeziň işini we başlangyçlaryny, hususan-da, sebitiň döwletleriniňdir goňşy ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmekdäki başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Türkmenistan sebit howpsuzlygyny üpjün etmek işinde, şol sanda, BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny amala aşyrmakda guramanyň bu düzümi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Häzirki döwrüň howplaryny we wehimlerini, hususan-da, ählumumy pandemiýany, onuň durmuş-ykdysady netijelerini aradan aýyrmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň aprelinde “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň bu merkeziň kuwwatyny, halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm ähmiýetli waka bolandygyny belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň barşynda türkmen tarapy “Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy berkitmek” atly ýene-de bir Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda bu taslama sebitiň ýurtlary tarapyndan seredilýär.

Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, degişli resminamanyň kabul edilmeginiň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ygtyýarlyklaryny pugtalandyrmaga hem-de geçen ýylyň 6-njy awgustynda Awazada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň Jemleýji resminamasynda beýan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bu gün sebit merkeziniň binýadynda BMG-niň Terrorçylyga garşy müdiriýetiniň topary işleýär, Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatlaýyn iş topary ýaly köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallary döredildi we üstünlikli hereket edýär diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.

Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen goňşy zolaklarda howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek ýaly ugurlarda merkeziň mümkinçilikleriniň zerur bolup durýandygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji martynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda şol saýlawlaryň halkara kadalar esasynda örän erkin, aýdyň hem-de demokratik ýagdaýda geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdan daşary saýlawlara daşary ýurt döwletlerinden we halkara guramalaryň birnäçesinden, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den hem-de Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylaryň çagyrylandygyny aýtdy. Olara saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşyna hem-de ses berlişine syn etmek mümkinçiligi dörediler.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we Prezidentiň wezipesine dalaşgärler tarapyndan hödürlenen köp sanly milli synçylar saýlawlaryň barşyna syn ederler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň ugurdaş bilermenlerini saýlaw bilen bagly işlere dogry baha bermek maksady bilen, Türkmenistanda Prezident saýlawlaryny geçirmekde ýardam etmäge çagyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa Germana we onuň üsti bilen sebit merkeziniň ähli işgärlerine netijeli işi hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşandy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we BMG hem-de onuň edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň dünýäde durnuklylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, bagt hem-de jogapkärli işinde üstünlik arzuw edip, BMG-niň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişe mähirli salamyny we saglyk hem-de rowaçlyk baradaky iş gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Soňra BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germana söz berildi.

Ol sebit merkeziniň ýola goýlan ysnyşykly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini we ugurlaryny ikiçäk söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen nobatdaky gezek duşuşmagyň hem-de Türkmenistanyň BMG-de agzalygynyň 30 ýylynyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň jemlerine bilelikde baha bermegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Nygtalyşy ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda taryhy waka bolup geçdi, çünki Türkmenistan BMG-niň agzasy bolup, özüniň döwletliligini, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny yglan etdi.

Hemişelik Bitaraplyk derejesi Türkmenistany gapma-garşylyklaryň öňüni almak, çylşyrymly ýagdaýlary kadalaşdyrmagyň parahatçylykly usullar boýunça çözgütleriniň öz ýoluny öňe sürýän has işjeň gatnaşyjylarynyň birine öwürdi diýip, Natalýa German aýtdy hem-de geçen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň gepleşikleriň netijeli meýdançasyna öwrülendigini we şeýle bolmagynda galýandygyny, guramanyň ähli ugurlar boýunça netijeli işleýändigini belledi. Munuň özi bu ýoluň taryh, anyk işler, gazanylan üstünlikler bilen tassyklanan dogry ugurdygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, sebit merkeziniň ýolbaşçysy aýtdy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek hakynda degişli Kararnamasy kabul edildi. Bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz energetika howpsuzlygyny, sebit hem-de ählumumy derejede ulag babatda özara baglanyşygy üpjün etmek babatda möhüm halkara başlangyçlaryň we Kararnamalaryň öňbaşçysy bolup durýar.

Şeýle hem Natalýa German howa howpsuzlygy boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna aýratyn ünsi çekdi, sebäbi Merkezi Aziýa sebiti häzirki wagtda howanyň üýtgemegine degişli geografik zolakda ýerleşýär. Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde öňe sürlen birnäçe Kararnamalar hut Aral deňziniň guramagynyň ekologik ýagdaýy, daşky gurşawa ýetiren oňaýsyz täsirleri zerarly dörän ýagdaý bilen baglanyşyklydyr.

Biz bu başlangyçlara, şol sanda energetika, suw we ulag diplomatiýasy babatdaky tekliplere örän ýokary baha berýäris, elbetde, Türkmenistan bu meselelerde sebit we halkara derejede öňdäki orunlary eýeleýär diýip, diplomat belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy ýakynda howanyň üýtgemegi boýunça Glazgo şäherinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň işjeň gatnaşandygyny aýratyn nygtady. Şol ýerde bu ýurt tarapyndan tassyklanylan Pariž ylalaşygyny durmuşa ornaşdyrmak bilen baglylykda örän düýpli borçnamalar kabul edildi. Bularyň ählisi, elbetde, üns merkezinden düşürilmeýär hem-de şoňa görä-de, döwletiň abraýyny halkara giňişlikde barha belende galdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlaryna ünsi çekdi. Bu, ilkinji nobatda, degişli Kararnama laýyklykda, 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegidir.

Natalýa Germanyň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş halkara gatnaşyklar ulgamynda ynanyşmagyň ýeterlik däldigine yzygiderli üns çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu başlangyçlary guramanyň maksatlarynda we wezipelerinde doly beýanyny tapdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Siziň başlyklygyňyzda ýurduňyzda geçirilen many-mazmunly halkara çäreler uly ähmiýete eýe boldy diýip, diplomat nygtady.

Awazada Siziň başlangyjyňyz boýunça Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ýokary derejede guraldy we onuň barşynda sebit hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlarynda gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjek köp sanly çözgütler kabul edildi diýip, Natalýa German kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem sebit merkeziniň ýolbaşçysy şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda ýakyn 30 ýyl üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Diplomat ählumumy derejede parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini ýerine ýetirmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly möhüm meselelerden başga-da, bu maksatnamanyň örän wajyp ugry — türkmen Lideriniň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofik taglymatynyň esasynda halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegini öz içine alýandygyny nygtady. Bularyň ählisi BMG-niň Tertipnamasynda hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ygtyýarlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, Natalýa German geçen 15 ýylyň dowamynda sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldaw berendigi üçin türkmen Liderine, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetine we ähli halkyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

2011-nji ýylda hut Aşgabatda ilkinji gezek Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň bilelikdäki Hereketleriniň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy hem-de kabul edilendigi aýratyn nygtaldy. Şol meýilnama arkaly döwletleriň ählisi degişli tagallalar bilen BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasynyň düzgünlerini ýerine ýetirýärler.

Şol bir wagtyň özünde biz Merkezi Aziýa döwletleriniň başlangyçlaryny goldamaga taýýardyrys. Men Siziň ähli teklipleriňizi we pikirleriňizi uly üns bilen diňledim. Biz olary hemmetaraplaýyn goldaýarys. Men olaryň sebit derejesinde goldanyljakdygyna-da ynanýaryn. Häzirki wagtda munuň üçin ähli şertler bar diýip, sebit merkeziniň ýolbaşçysy belledi we Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň Baştutanlarynyň syýasy erk-islegi netijesinde, sebitiň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we özara düşünişmegiň hakyky nusgasy hasaplanyp bilinjekdigini aýtdy.

Natalýa German hormatly Prezidentimize möhüm ähmiýete eýe bolan Bitaraplyk syýasaty üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň halkara işlerinde sebit boýunça goňşy ýurtlaryna hem-de Merkezi Aziýanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän döwletlere ýardam berýändigini nygtady. Munuň aýdyň mysallary köpdür. Türkmenistanyň goňşy Owganystana, bu ýurduň halkyna beren we berýän kömegini aýratyn belläsim gelýär. Bularyň ählisi Bitaraplyk syýasatynyň oňyn we aýdyň beýanydyr.

Şu ýylyň 12-nji marty Türkmenistan, onuň ähli hyzmatdaşlary üçin örän wajyp gün bolar. Şol gün ýurduň halkynyň Konstitusiýada beýan edilen demokratik hukuklaryny doly amala aşyrmaga mümkinçilik aljakdygy bellenildi. Bu örän wajyp, taryhy pursatdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň hakyky hyzmatdaşy hökmünde Birleşen Milletler Guramasy öz baý tejribesini paýlaşmaga taýýardyr. Biz bu tejribeleri Türkmenistanyň şol işe gönüden-göni gatnaşýan saýlawly döwlet düzümlerine uly höwes bilen hödürläris.

Biz birnäçe çäreleri meýilleşdirdik. Biz eýýäm bu işe başladyk we hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys. Türkmenistanyň doly ygtyýarly agzasy bolup durýan düzümlerinden köp sanly synçylaryň çagyrylmagyna uly hormat bilen garaýaryn. Türkmenistanyň saýlaw işini guramaga çemeleşmeginiň açyklygyna saýlawçylar, Türkmenistanyň halky we elbetde, halkara hyzmatdaşlar tarapyndan ýokary baha berilýändigine ynanýaryn. Men bu habary uly kanagatlanma bilen kabul edýärin we BMG-niň bu ugurda ysnyşykly hyzmat etmäge taýýardygyna ynandyrýaryn diýip, sebit merkeziniň ýolbaşçysy belledi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene — ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, rowaçlyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw edip, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyna gutlag hatyny iberendigini aýtdy.

Sözüniň ahyrynda Natalýa German Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraplaýyn we netijeli hyzmatdaşlyk üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.


https://tdh.gov.tm/tk/post/30514/turkmenistanyn-prezidenti-bmg-nin-onuni-alys-diplomatiyasy-boyunca-sebit-merkezinin-yolbascysyny-kabul-etdi-2