Geçen hepdäniň wakalary Türkmenistany senagatlaşdyrmaga, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryny ösdürmäge, önümçilige innowasiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary görkezijileri gazanmak we halk hojalygy toplumynyň ähli ulgamyny täze sepgitlere çykarmak boýunça öňde goýýan wezipeleri ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy nazarlaýar.
21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň başynda Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Şu ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy belleniler.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Russiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitjekdigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginde we beýleki döwlet düzümlerinde gepleşikleri geçirmek üçin ýurdumyzyň wekiliýetini şu ýylyň 21-22-nji fewralynda Moskwa şäherine iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi.
Iş maslahatynda döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň sebitlerinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň gurluşygyna girişmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.
Habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň öňünde durýan wezipelere laýyklykda, alnyp barylýan gurluşyklary, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň önümçilik zerurlyklaryny hem-de ilatymyzy ýokary hilli senagat önümleri we edara-kärhanalaryň önümçiligine gerek bolan çig mal serişdeleri bilen üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, Täjigistan Respublikasy bilen ýokary derejede gazanylan ylalaşygyň çäklerinde, degişli ministrligiň garamagyndaky “Nebitmaş” döwlet kärhanasynda öndürilýän önümleriň çig maly hökmünde ulanylýan sozulan we guýma alýumin taýýarlamalaryny satyn almak üçin Täjigistan Respublikasyndan 10 müň tonna alýumin satyn almak boýunça işler alnyp barylýar.
Iş maslahatynda ýurdumyzyň obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 19-njy martda geçiriljek köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek meselesine hem aýratyn üns berildi.
Milli Liderimiz obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ünsi çekip, meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar birnäçe iri taslamalary amala aşyrmagyň çäklerinde bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesi bilen berkidilen hem-de uly mümkinçiliklere eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary — “KamAZ”, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýetleri, “KER-Holding”, Kazan dikuçar zawody we beýlekiler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.
Söhbetdeşler taraplaryň ençeme ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, ozal gazanylan ylalaşyklary ilerletmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şol ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bolsa dürli ulgamlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşmaça itergi berer.
23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýmagyň, çeper döredijilikde ýetilen sepgitlere, geçilen manyly menzillere zerur ähmiýet bermegiň aýdyň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň etekleriniň ajaýyp künjeginde ýerleşýän toplumda bolan wagtynda bu ýerde, ilki bilen, şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine barýan pursadynda täze dünýä inen we atşynaslaryň haýyşy boýunça at dakan taýçanagy bilen didarlaşdy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz şol wagt bu taýçanaga, ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen baglylykda, Zaman diýip at dakypdy.
Zaman atly taýçanak bilen bir günde bu ýerde bir alabaý hem dünýä indi. Döwlet Baştutanymyz ýakynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip at goýdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň dabaralandyrylýan pursatlarynda halkymyz tarapyndan sowgat berlen Garaşsyz atly ajaýyp gyr aty bilen didarlaşdy hem-de onuň bilen birsellem gezim etdi. Gezelenç wagtynda adam bilen wepaly dostunyň arasynda sazlaşykly ruhy baglanyşyk duýulýardy.
Köpetdagyň etegindäki tebigy aýratynlyklar, ýazyň ilkinji gününiň hoştap howasy, nurana taýçanagyň hem-de alabaýjygyň özboluşly hereketleri her bir ynsanyň ruhuny göterip, ylhamyny joşdurýar. Hormatly Prezidentimiz bedewler bilen didarlaşyp, milli mirasymyza, alabaýlara guwanyp, togsan dolup, ýere ýyly giden ilkinji günde özüniň durmuş ýoly baradaky ýatlamalaryny, pikir-garaýyşlaryny jemläp, täze eseri döretmäge girişdi.
Ýatlamalary we durmuş tejribesi baradaky pikirlenmeleri özünde jemlejek täze eseriň ilkinji sahypalary bu ýerde ýerleşen iş otagynda döredi. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň neşir edilen eserleriniň üstüni ýetirmek bilen, halkymyza güýç-kuwwat we ylham berer hem-de täze taryhy eýýamyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşynyň belent maksatlaryna ýetmekde ruhy gollanma bolar.
24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, ileri tutulýan ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan amerikan kompaniýalarynyň indi köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işleýändikleri bellenildi. Häzirki wagtda “John Deere” we “Сase” halkara kompaniýalaryň ýokary hilli oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda, “General Electric” kompaniýasynyň enjamlary elektroenergetika pudagynda, “Boeing” kompaniýasynyň öndürýän uçarlary bolsa raýat awiasiýasynda giňden ulanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa hem azyk senagaty, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
25-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Döwlet düzümlerinde ýolbaşçylaryň we maliýe-ykdysady meseleler boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen hünär synagynyň netijeleri, ýurdumyzda ýüpekçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan sanly hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi mejlisde garalan meseleleriň hatarynda boldy.
Mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreler, durmuş-medeni maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmegi baş maksat edinýän halkara forumy guramak, şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmek işleri barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyza milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini hem-de ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň möçberleriniň artýandygyny nazara almak bilen, energetika ulgamynda täze kuwwatlyklary işe girizmek boýunça Energetika ministrligi hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Häzirki wagtda ýönekeý dolanyşykda işleýän Ahal we Daşoguz döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Ýaponiýanyň ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, kuwwaty 432 megawat bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen seljerme işleriniň netijesinde taýýarlanylan tekliplere seredip, milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, elektrik energetikasy ulgamynda hem iri taslamalar amala aşyrylanda, daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň, serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm şert bolup durýandygyny nygtady.
Şeýle hem hormatly Prezidentimize Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridigini belläp, ulaglaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigine hem-de ýük göterijiliginiň ýokary bolmalydygyna ünsi çekdi.
Hökümetiň mejlisinde milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşylandygy we oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýollan hatynyň gowşurylandygy barada hasabat berildi.
Gutlag hatynda HHR-iň Başlygyna Pekine ýakynda bolan iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hut özüniň üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirilýär. Döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny we Hytaýyň ähli halkyny XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Pekin öz taryhynda tomusky we gyşky Olimpiadany kabul eden ilkinji şäher hökmünde ýatdan çykmajak pursatlara beslenen görnüşleri dünýä sowgat etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, olaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmekdäki ähmiýeti barada hasabat berildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň bar bolan mümkinçilikleri nazara alyp, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hem aýdyldy.
Moskwa şäherinde Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýe bolan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara işler boýunça komitetiniň başlygy G.Karasin bilen bolan duşuşygyň dowamynda netijeli parlamentara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş saparynyň çäklerinde russiýaly hyzmatdaşlar bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek VI Hazar sammitine hem-de 12-nji martda boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna GDA tarapyndan synçylar toparynyň işini degişli derejede guramaga taýýarlyk meselelerine möhüm üns berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa şäherine saparynyň we geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi, şeýle hem birnäçe resminamalara, şol sanda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi.
Milli Liderimiziň amerikaly hyzmatdaşlar bilen netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada-da hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 24-nji fewralynda “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň edildi.
Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Departamentiniň syýasy meseleler we dünýä gurluşyk meseleleri boýunça saýlawlary geçirmäge kömek bermek baradaky bölüminiň direktory Kreýg Jenness bilen onlaýn görnüşde bolan duşuşygyň netijeleri barada hasabat berildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen strategik gatnaşyklaryna ýokary baha berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine we BMG-niň ýokarda agzalan düzüminiň ägirt uly tejribesini, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça mümkinçilikleri nazara alyp, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde bilelikdäki işiň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem bu ugurda beýleki halkara guramalar, hususan-da, «Türkmenistan — BMG — ÝHHG» görnüşinde köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyza bolan ýokary derejeli döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça hasabat berildi.
Bar bolan köpugurly kuwwaty we geljegi nazara almak bilen, netijeli türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalary nazara alyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň işini işjeňleşdirmegi, BMG we beýleki halkara guramalar bilen yzygiderli gatnaşyklaryň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan enjamlary we himiýa serişdelerini satyn almak hakynda”, “Türkmenistanda 2022-nji ýylda 2300 tonna çig pile öndürmek hakynda” Kararlara gol çekdi hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hakyndaky Düzgünnamany, demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmeginiň we peýdalanylmagynyň Tertibini tassyklady.
Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 60 manat möçberinde pul sowgatlary gowşurylar.
26-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, Türkiýäniň doganlyk halkynyň bähbidine we gülläp ösmegi ugrundaky ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşler giňeldilmegi üçin örän oňaýly şertler döredilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda iki ýurduň eýerýän ýörelgesiniň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-biregi şanly sene — Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutladylar.
Geçen hepde milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Hökümetiň birnäçe agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça telefon arkaly, şeýle hem onlaýn görnüşde gepleşikleri geçirdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary R.Sklýar söwda-ykdysady ulgamda, oba hojalygynda, senagatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we Ösüş boýunça ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýanyň, BMG-niň we Arkalaşygyň işleri boýunça ministri Lord Tarik Ahmadyň onlaýn görnüşde duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky «Gurluşlaýyn dialogyň» çäklerinde abraýly halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de ÝB-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Taraplar sebitde durnuklylyk we howpsuzlyk meseleleriniň üstünde durup, owgan topragynda abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine hem-de Owganystanyň sebit ähmiýetli giň gerimli ykdysady, energetika we ulag-kommunikasiýa taslamalaryna goşulyşmagynyň mümkinçiliklerine gönükdirilen tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Ynsanperwerlik, saglygy goraýyş, bilim hem-de ylym, ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek babatda ylalaşyk gazanyldy.
«Gurluşlaýyn dialogyň» ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Mehmet Muşuň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar söwda we dokma senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmegiň, ulag ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň söwda gatnaşyklaryny gowulandyrmak üçin üstaşyr ulag geçelgelerini hem-de howa ugurlaryny netijeli ulanmakda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini bellediler.
26-njy fewralda paýtagtymyzyň köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň” we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň wekilleri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň agentlikleriniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy komitetiň agzalary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň BSGG-niň Ýewropa sebitinde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýändigini we bu wajyp ugurda giň gerimli işleri alyp barmagyň dowam etdirilýändigini belläp, ýurdumyzy Milli maksatnamanyň we ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi bilen gutladylar.
Geçen hepdede Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgärleri bellige almagy tamamlady. Häzir saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.
Dalaşgärler ýurdumyzyň her welaýatyna baryp, Saýlaw kodeksine laýyklykda, özlerine berlen deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanýarlar hem-de saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler, saýlawçylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrýarlar.
Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşi Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyny biragyzdan makullady hem-de BSG-niň döredilmegi hakynda Marrakeş ylalaşygynyň XII maddasyna laýyklykda, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesini bermek baradaky çözgüdi kabul etdi. Guramanyň tertip-kadalaryna laýyklykda, bu derejäniň alynmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy baradaky Iş topary döredildi. Bu waka Bitarap Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we düzümler bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny we abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan “Saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärleriň halkara ýyly” diýlip yglan edilen geçen 2021-nji ýyl dünýäniň ähli ilaty üçin ýeňil bolmady. Adamzada uly wehim salýan, häzirki döwrüň täze howpy — täze görnüşli koronawirus pandemiýasy dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli döwletler üçin BSGG-niň çäklerinde öz hereketlerini utgaşdyrmagy örän wajypdyr.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa boýunça sebit edarasynyň ýörite nyşanynyň we hatynyň gowşurylmagy ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan ägirt uly hem-de yzygiderli işleriň ykrar edilmeginiň ýene-de bir subutnamasydyr.
Paýtagtymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna hem-de Türkmenistanyň ösüşi bilen baglanyşyklylykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanan onlaýn görnüşdäki halkara mediaforum geçirildi. Oňa milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistler, alymlar we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar.
Hyzmatdaşlygy, şol sanda dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky söhbetdeşlige sanly ulgam arkaly Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşigi (ABU), “TRT AVAZ”, TASS, “CGTN-Russian” Hytaý Mediakorporasiýasy, “Jaheen,s & Click Media” kompaniýasy, “Mir 24” habarlar teleýaýlymy, “Setanta Sports” halkara telekompaniýasy we beýlekiler goşuldylar.
Foruma gatnaşyjylar media giňişliginde hyzmatdaşlygyň ýola goýlan derejesine ýokary baha berip, dünýäniň halklary bilen dostlukly we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça täzelikleri, synlary we seljeriş makalalaryny yzygiderli alyşmagy ýola goýandygyny bellediler.
Ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygarynyň türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we mirasynyň häzirki döwrüň täzeçillik meýilleri bilen sazlaşýandygy hem-de Türkmenistanyň okgunly ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.
Şeýle duşuşyklaryň bu ulgamda toplanylan tejribäni we ýetilen sepgitleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigi, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna, umumy maksatlar esasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýändigi baradaky pikirler aýdyldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu usul Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Bereketli” söwda merkezine teklip edildi. Häzirki wagtda bu ýerde täze önüm öndürilýär we ýerlenilýär. Şeýle hem hünärmenler bu serişdäni “Berzeňňi” mineral suwuna goşmagy göz öňünde tutýarlar.
Bu iş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döwletimiziň durmuş ugurly strategiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu strategiýa ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygyna, türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga, saglygy goraýyş ulgamyny halkara ölçeglere laýyk getirmäge, epidemiologiýa gözegçiligini güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmenistanlylaryň ähli babatda abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan gadamlaryny şöhlelendirdi.
https://tdh.gov.tm/tk/post/30453/yurdumyzyn-osusin-taze-belentliklerine-tarap-ynamly-gadamlary