Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli meselelere garaldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny bermek hakyndaky Buýrugyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn ösüşine, giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenilmegine, häzirki döwürde asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň saklanylmagyna hem-de wagyz edilmegine mynasyp goşant goşýan aýal-gyzlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda zerur şertleriň döredilmeginiň durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady.
Milli Liderimiz degişli resminama gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet düzümlerinde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maliýe-ykdysady meseleleri boýunça orunbasarlarynyň, degişli müdirlikleriň başlyklarynyň we baş hasapçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen hünär synagynyň netijeleri hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli döwlet düzümleriniň işiniň ýokary sowatlylyk derejesinde guralmagynyň wezipeli adamlaryň dolandyryş işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyna baglydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesine baha bermek düzümleriň ýolbaşçylary üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şunda ähli hünärmenleriň işine yzygiderli esasda gözegçilik etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäräni şu ýylyň 29-30-njy martynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly gyzyklanmalaryny nazara alyp, bu forumy şol bir wagtyň özünde teleköpri arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölüminde hem guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň bäsdeşlige ukyply pudaklaýyn önümleriň önümçiligini we onuň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek syýasatyny üstünlikli alyp barýandygyny belledi. Ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde bu forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek, piläniň öndürilişini artdyrmak hem-de ýokary hilli ýüpek önümçiliginiň çig mal binýadyny pugtalandyrmak we öndürilýän mukdaryny köpeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpekçiligiň binýady bolan tut nahallarynyň ekilýän meýdanyny giňeltmek üçin zerur çäreler görülýär. “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýetinde önüm öndürijileri ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmek babatda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak hem-de ýurdumyzyň pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Şu ýyl ýurdumyz boýunça jemi 2300 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 300 tonna, Balkan welaýatynda 50 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna hem-de Mary welaýatynda 440 tonna pile öndürmek meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpekçilige möhüm ornuň degişlidigini belläp, pudagy sazlaşykly ösdürmek, ony häzirki zamanyň ýokary derejesine çykarmak, ýüpek önümçiliginde milli ýörelgeleri we öňdebaryjy tehnologiýalary utgaşdyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylda Türkmenistanda pile öndürmek hakyndaky resminama gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we ýüpekçi kärendeçileriň dokma senagaty üçin wajyp bolan çig maly öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Energetika ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini hem-de ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň möçberleriniň artýandygyny nazara almak bilen, energetika ulgamynda täze kuwwatlyklaryň işe girizilmeginiň talap edilýändigi bellenildi.
Häzirki wagtda ýönekeý dolanyşykda işleýän Ahal we Daşoguz döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksady bilen, Energetika ministrligi bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga berlen, kuwwaty 432 megawat bolan Lebap döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň mümkinçilikleri hem öwrenilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer seljerme işlerini geçirmegiň netijesinde taýýarlanylan teklipleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, elektrik energetikasy ulgamynda hem iri taslamalar amala aşyrylanda daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň, serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň möhüm şert bolup durýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz bu işde dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmäge we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, möhüm taslamalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini azaltmak hem-de milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin tassyklanan maksatnama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly haryt öndürijiler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. “Garabogazkarbamid” zawodynyň ammiak önümçiliginiň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynyň önümçilik tehnologiýalarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ýurtly önüm öndüriji kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu meselä mundan beýläk-de aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň enjamlary we himiýa serişdelerini satyn almagy hakyndaky» hem-de «Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalara gol çekip, olary wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we Kararlaryň ýerine ýetirilmegi boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer şu günler Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Ahal — Mary böleginde degişli işleriň batly depginde alnyp barylýandygy, ýol gurluşygynda ýörite tehnikalaryň, ýük ulaglarynyň, ýüküni özi düşürýän demir ýol wagonlarynyň köp sanlysynyň ulanylýandygyny habar berdi.
Desganyň gurluşygyny öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmek maksady bilen, “Türkmen awtoban” paýdarlar jemgyýetiniň hasabyna goşmaça “KamAZ” kysymly ýük ulaglaryny satyn almak hakyndaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallasy bilen, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň häzirki zaman we netijeli ulag düzümini kemala getirmekde ägirt uly ähmiýetli çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň gurluşyklarynyň alnyp barylýandygyny belledi.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň halkara ölçeglere gabat gelmegi, Türkmenistanyň möhüm üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornunyň pugtalandyrylmagy üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýokary ekologiýa we howpsuzlyk talaplaryna laýyk derejede döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridigini belläp, bu desganyň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasy bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Milli Liderimiz bu babatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň işine möhüm orun degişlidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň iri kärhanalary bilen uzak möhletleýin, özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belläp, “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda ýerine ýetirýän işlerini mysal getirdi. Bu gün milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda özüni gowy tarapdan görkezen bu ýük ulaglary netijeli peýdalanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy alnyp barylýan düzümleýin desgalaryň üpjünçilik ýagdaýyna döwletimiziň hemmetaraplaýyn üns berjekdigini aýdyp, ulaglaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmelidigine hem-de ýük göterijiliginiň ýokary bolmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere alnyp barylýan işleriň hil derejesine we bu ugur boýunça degişli meýilnamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.
2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Halkara zenanlar gününiň, Milli bahar baýramynyň hormatyna dürli medeni çäreleri guramak meýilleşdirilýär.
Milli bahar baýramy mynasybetli esasy çäreleri Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” hem-de welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de türkmenistanlylary, aýratyn hem ýaşlary ruhy we estetiki taýdan terbiýelemekde ajaýyp bahar baýramlarynyň ähmiýetini belläp, bu baýramçylyklara bagyşlanyp geçiriljek çärelerde mähriban halkymyzyň ajaýyp däpleriniň, agzybirliginiň we döredijilik güýç-kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wise-premýer “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahaty we sergini geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu çärelere şekillendiriş sungatynyň wekilleri gatnaşarlar.
Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynda halkara gatnaşyklary giňeltmegiň, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara peýdaly gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň, zehinli ýaşlaryň halkara festiwallara we bäsleşiklere gatnaşmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleriň milli medeni gymmatlyklary hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini mundan beýläk-de giňden wagyz etmäge, medeniýet ulgamynyň wekilleriniň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini nygtap, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew şu ýylyň aprel-maý aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, bilim ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenildi. Bu ulgama halkara tejribe giňden ornaşdyrylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alyp hem-de Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň ikinji açyk halkara matematika olimpiadasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehanika dersi boýunça birinji açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Öňümizdäki Halkara olimpiadalara türkmen talyplary bilen bir hatarda beýleki onlarça döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň talyplarynyň geçirilýän halkara olimpiadalara işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Şol olimpiadalar ýurdumyzyň ýaşlarynyň ugurdaş dersler boýunça giň gözýetimini, oňat taýýarlygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ýakyndaky we alysdaky döwletleriň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde meýilleşdirilen aň-paýhas bäsleşikleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça taýýarlanylan Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlendi. Olar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Türkmenistanda “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky” Kanunyň kabul edilmeginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça köpugurly maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde häzir Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitinde şu ugur boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär.
Täze maksatnama temmäkiden azat ýurt hukuk derejesini kesgitlemek boýunça milli standarty döretmäge, bu babatda syýasatyň alnyp barlyşyna we kanunlaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns bermek bilen temmäkä garşy göreşmek ulgamyny berkitmäge, ilatyň arasynda temmäki önümlerine bolan islegi azaltmaga hem-de temmäkini ulanmagyň ýaramaz täsirleri barada ilatyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň habardarlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany makullap, bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagynyň halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmaga, abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini nygtady.
Milli Liderimiz gadymdan bäri sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolan ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, häzirki türkmen jemgyýetinde saglyk üçin zyýanly endikleri aradan aýyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek boýunça maksadalaýyk işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-de alnyp barylýan işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşylandygy we oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýollan hatynyň gowşurylandygy barada hasabat berdi.
Gutlag hatynda HHR-iň ýolbaşçysyna Pekine ýakynda bolan iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hut özüniň üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirilýär. Döwlet Baştutanymyz hatynda HHR-iň Başlygyny we Hytaýyň ähli halkyny XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Pekin öz taryhynda tomusky we gyşky Olimpiadany kabul eden ilkinji şäher hökmünde ýatdan çykmajak pursatlara beslenen görnüşleri dünýä sowgat etdi.
Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, olaryň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmekdäki ähmiýeti barada hasabat berdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň bar bolan mümkinçilikleri nazara alyp, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlary boýunça duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň netijeleri barada hem hasabat berdi.
Moskwa şäherinde Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen bolan gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýe bolan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginiň ähmiýetine üns berildi.
Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara işleri boýunça komitetiniň başlygy G.Karasin bilen bolan duşuşygyň dowamynda netijeli parlamentara gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş saparynyň çäklerinde russiýaly hyzmatdaşlar bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmek, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl ýurdumyzda geçiriljek VI Hazar sammitine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda boljak saýlawlaryna GDA tarapyndan synçylar toparynyň işini degişli derejede guramaga taýýarlyk meselelerine möhüm üns berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa şäherine saparynyň we geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi, şeýle hem birnäçe resminamalara, şol sanda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyna gol çekildi.
Şeýle hem milli Liderimiziň amerikaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 24-nji fewralynda “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada gürrüň edildi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Departamentiniň syýasy meseleler we dünýä gurluşyk meseleleri boýunça saýlawlary geçirmäge kömek bermek baradaky bölüminiň direktory Kreýg Jenness bilen onlaýn görnüşde bolan duşuşygyň netijeleri barada hasabat berdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen strategik gatnaşyklaryna ýokary baha berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine we BMG-niň ýokarda agzalan düzüminiň ägirt uly tejribesini, şol sanda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça mümkinçilikleri nazara alyp, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde bilelikdäki işiň geljekki ugurlaryna aýratyn üns berildi. Şeýle hem bu ugurda beýleki halkara guramalar bilen, hususan-da, Türkmenistan — BMG — ÝHHG görnüşinde köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.
Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri ýokary derejede, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza geçen ýylyň oktýabr aýynda bolan döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça hasabat berdi. Şunda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir.
Soňra bar bolan köpugurly kuwwaty we geljegi nazara almak bilen, netijeli türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň, hususan-da, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar möhüm orun eýelemelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-hytaý gatnaşyklary barada aýtdy we onuň strategik, işjeň häsiýete eýedigini hem-de özara peýdaly gatnaşyklary giň ugurlar boýunça ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.
Milli Liderimiz Hytaýa ýakynda bolan saparyny we onuň dowamynda XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyny aýratyn ýakymlylyk bilen ýatlaýandygyny aýdyp, şonda HHR-iň Başlygy bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belledi. Ol taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge bolan taýýarlygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bu meseleleri gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däp bolan türkmen-rus dostluk gatnaşyklary barada aýdyp, onuň strategik häsiýete eýedigini belledi. Aýratyn-da, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparyň işi, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, parlamentara gatnaşyklar, ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk bu ugruň ösdürilmegini şertlendirýär. Russiýanyň iri sebitleri bilen dürli pudaklaryň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şeýle hem Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy köpugurly görnüşde, abraýly sebitara we halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa ozal gazanylan ylalaşyklary we bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde, özara bähbitli türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýurdumyzyň ozaldan gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, taryhy taýdan hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, anyk işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Onuň işi netijeli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we köpugurly esasda ösdürilmegine hem-de täze, geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy işewür düzümleri, şol sanda dünýä belli amerikan kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işine hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýän dostlukly döwletara türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň berkidilýändigine kanagatlanma bildirdi. ABŞ-nyň işewürlik geňeşiniň agzalary bolup durýan iri kompaniýalary indi birnäçe ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda işleýärler.
Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan hem-de ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegine, önümçilige täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary nazara alyp, amerikan hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Dürli ugurlarda amala aşyrylan we häzirki döwürde durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň beýanydyr.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli demokratik özgertmeleriň çäklerinde, hukuk ulgamynda, şol sanda saýlawlary guramakda we geçirmekde toplanan öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekde BMG bilen netijeli gatnaşyklaryň berkidilmeginiň ähmiýetli bolup durýandygyny belledi hem-de bu ugurda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak boýunça tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Gazagystan Respublikasy bilen taryhy taýdan emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar barada aýdyp, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bar bolan mümkinçilikleri amala aşyrmakda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu toparyň işini işjeňleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Ol anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir.
Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasy bilen iki doganlyk halklaryň köpasyrlyk medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, häzirki döwürde taraplaryň üýtgewsiz gyzyklanmalary netijesinde döwletara gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy. Iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hökümetara türkmen-türk toparynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň kuwwatyny durmuşa geçirmek meseleleriniň üstünde içgin işlemek boýunça tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan edilýän sanly hyzmatlar baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
Döwlet Baştutanymyzyň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda tassyklan “Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlaryny döretmek, şeýle hem olary herekete girizmek hakynda” Kararyna laýyklykda, bu düzümiň resmi saýty açyldy. Onuň üsti bilen ýurdumyzyň ilatyna degişli hyzmatlar onlaýn tertipde amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda daşary ýurt biometrik pasportlaryny almak, gullugyň ygtyýaryna degişli meseleler boýunça elektron nobaty bellige almak bar. Bu hyzmatlar ulgamy türkmen-rus we iňlis dillerinde hereket edýär. Bu bolsa halkymyza wagty tygşytlamaga we resminamalary özleri üçin amatly wagtda tabşyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň häzirki döwürde parahatçylyk söýüji merkeze öwrülendigini nygtady. Parahatçylyk söýüjilik ýurdumyzyň daşary syýasatynda we Watanymyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiz Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde, şeýle hem dünýä bileleşiginde ýurdumyzyň abraýyny belende götermekde Döwlet migrasiýa gullugynyň möhüm goşandynyň bardygyna ünsi çekdi.
Ýurdumyzyň raýatlaryny we daşary ýurtly myhmanlary degişli hyzmatlar bilen üpjün etmek bu düzümiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň guramaçylyk derejesiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini we onda öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmalydygyny aýdyp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna migrasiýa gullugynyň öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de demir ýollaryň sowma zolaklarynyň bellenilmegi we peýdalanylmagy babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, bu babatda degişli resminamanyň taslamasyna täzeden seredilendigi, oňa laýyklykda, sowma zolaklar üçin ýerleriň hemişelik peýdalanmaga berilýändigi aýdyldy. Sowma zolaklaryň Türkmenistanyň ýer, şähergurluşyk işi, ekologiýa howpsuzlygy, arassaçylyk, ýangyn howpsuzlygy hakynda we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda peýdalanylmalydygy bellenildi. Şeýle hem sowma zolaklaryň möçberleriniň Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna salgylanmagy barada kadalar girizildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we häzirki wagtda ýurdumyzda demir ýol düzümini toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýändigini nygtap, onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip we ony agentligiň ýolbaşçysyna sanly ulgam arkaly iberip, düzümleýin desgalaryň, şol sanda demir ýollaryň sowma zolaklarynyň kadaly hereket etmegine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://tdh.gov.tm/tk/post/30407/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-40